Ï Ýaş türkmen himiýaçysynyň altyn medaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş türkmen himiýaçysynyň altyn medaly

view-icon 1134
Türkmen mekdep okuwçysy Gadam Myratgeldiýew Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde on günüň dowamynda geçirilen himiýa boýunça Halkara olimpiadasynyň netijeleri boýunça altyn medala mynasyp boldy.

Bu bilim bäsleşigine dünýäniň 77 döwletinden ýaş zehinleriň 300-e golaýy gatnaşdy. Biziň ýurdumyza düzüminde dört mekdep okuwçysy bolan topar wekilçilik etdi. Olardan Gadam Myratgeldiýew- Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň ýokary synp okuwçysy dürli ýurtlaryň iň güýçli garşydaşlary bilen mynasyp bäsleşikde okgunly öňe saýlanyp, altyn medal gazandy.

Ýakynda türkmen mekdep okuwçylarynyň toparynyň degişlilikde Daniýada we Kiprde geçirilen fizika we matematika boýunça halkara ders olimpiadalarynda ýeňiji bolup, milli bilimde gazanylanlaryň üstüni kümüş we bürünç medallarynyň bäşisi bilen ýetirendiklerini bellemek ýerlikli bolar. Ine, nobatdaky üstünlik—bu gezek abraýly halkara ders bäsleşiginde ýaş türkmen zehinine altyn medally ýeňiş nesip etdi.

Ýurdumyzyň Bilim ministrliginde belleýişleri ýaly, türkmen mekdep okuwçylary her ýylda dürli ugurlar boýunça halkara olimpiadalarynyň onlarçasyna gatnaşýarlar we adatça öňdäki orunlary eýeleýärler. Biziň ýaş olimpiadaçylarymyzyň hasabynda dürli medallaryň eýýäm ýüzlerçesi bar. Munuň özi olaryň mekdep taýýarlygynyň ýokary derejesini hem-de täze bilimleri ele almaga we bilim bäsleşiklerindn ýeňiş gazanmaga maksada okgunlylygyny ýüze çykarýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan türkmenistanlylaryň ýaş nesline bilim bermegiň ähli tapgyrlarynda öz innowasion mazmuny boýunça iri möçberli bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň gönüden-göni netijesidir.

Ýaş türkmen zehinleri ders olimpiadalarynda öz täsin galdyryjy ýeňişleri bilen dünýä jemgyýetçiliginde garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň derejesini barha belende göterýändiklerine buýsanýarlar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşi baradaky hemişelik aladasyna iş bilen jogap berýärler.