Halkara olimpiadalarynda türkmen okuwçylary takyk ylymlar boýunça bäş sany medala eýe boldular.
Daniýanyň paýtagty Kopengagende fizika boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda geçen 44-nji halkara olimpiadasynyň jemi boýunça dünýäniň 83 döwletinden bu ylmyň 380 sany muşdaklarynyň gatnaşmagynda türkmen okuwçylary dartgynly bäsleşikde Aşgabatdan Nazar Ilamanow we Döwran Amanow kümüş we bürünç medallaryny gazanmagy başardylar.
Bu bäsleşik bilen bir wagtda diýen ýaly iýul aýlarynda Kipriň Agros şäherinde dünýäniň 16 döwletden zehinji okuwçylary jemlän matematika boýunça ХХХ Halkara Balkan olimpiadasy geçirildi. Biziň ýurdumyzdan halkara bäsleşiginde üç sany aşgabatly okuwçylar wekilçilik etdiler. Umumy toparlaýyn bir sany kümüş iki sany bürünç medala Ilşat Weliýew, Merdan Soltanow, Nazar Razmanow dagylar mynasyp boldular.