Ï Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän kuwwatlyklary artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän kuwwatlyklary artýar

view-icon 9083
Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly möçberde goşulyşmaga ugur alyp, depginli ösýän döwletleriň hatarynda mäkäm ornaşdy. Ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ilatyň maddy hal- ýagdaýyny ýokarlandyrmak “Türkmenistanyň durmuş - ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, beýleki uly möçberli maksatnamalar we olaryň çäklerinde durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary şony maksat edinýär.

Ministrler Kabinetiniň 12-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklary üçin ilkinji nobatdaky wezipeleriň birnäçesini belledi, olaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagy, ähli ugurlara öňdebarjy tehnologiýalary, innowasion ylmy -tehniki işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmagy, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň möçberlerini artdyrmagy üpjün eder.

Şol wezipeleriň hatarynda ýangyç öndürmegiň möçberlerini artdyrmak, täze ýataklary özleşdirmegi, türkmen energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy çaltlandyrmagyň hasabyna nebitgaz çykarýan senagatyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýangyç - energetika toplumynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, täze nebithimiýa önümçiliklerini gurmak, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli nebit önümleriniň görnüşlerini giňeltmek bar.

Bu ugurda bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak üçin türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýöredýän işjeň maýa goýum syýasaty, senagat ulgamyny ösdürmäge ileri tutulyp üns berilmegi netijesinde eýýäm mäkäm binýat döredildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy munuň aýdyň mysaly bolup durýar, şol ýerde Germaniýadan, Eýrandan, Ysraýyldan, ABŞ-dan, Türkiýeden, Fransiýadan, Ýaponiýadan bolan iri firmalaryň we kompaniýalaryň gatnaşmagy bilen iň häzirki zaman ýangyç we nebithimiýa enjamlary guruldy.

Häzir deňiz ýakasynda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň onlarça görnüşleri öndürilýär. Munuň özi ýokary oktanly, etilirlenmedik awtomobil benzinleridir, awiasion kerosindir, gidrousulda arassalanylan dizel ýangyjydyr, nebit koksy, polipropilendir, tehniki çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleridir.Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy suwuklandyrylan gazy eksport edýän sebitde iri kärhanadyr, ony saklamak we ýükläp ibermek üçin awtomobil, demirýol we deňiz terminallary guruldy.

Bu ugurda özara bagly tehnologiki enjamlary ulanmagyň ygtybarlygyny ýokarlandyrmak babatda hem, daşky gurşaw üçin howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýän täze ýokary tehnologiki önümçiligi döretmek boýunça hem işler dowam etdirilýär.

Hususan-da, häzirki wagtda nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän täze enjamyň ýene-de biriniň (ELOU AT-7) gurluşygy alnyp barylýar. Ony 2014-nji ýylyň tomsunda ulanmaga bermek bellenildi, şeýle hem haýal kokslanýan enjamy (UZK) we gudrony asfaltsyzlandyrýan toplumy (DAG) özünde jemleýän häzirki zaman toplumyň gurluşygy alnyp barylýar.

Olaryň işe girizilmegi kärhananyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, çig nebiti ýokary hilli nebit önümlerine gaýtadan işlemegiň netijeliligini, çuňlugyny ýokarlandyrmaga hem-de degişlilikde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýurdumyzyň içinde we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmegiň möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Mysal üçin, koks gara we reňkli metallurgiýada - polat eredilende, alýumini we onuň erginleri öndürilende, dürli maksatly elektrodlar taýýarlananda, ýangyç hem-de reagent hökmünde peýdalanylýar. Asfaltsyzlandyrýan serişde barada aýdylanda bolsa, munuň özi tehniki motor ýaglaryny we ýokary oktanly awtomobil benzinlerini almak üçin gymmatly çig maldyr. Mundan başga hem çöküp galýan asfalt we smolalar ýokary hilli ýol bitumlaryny taýýarlamak üçin ulanylar, munuň özi hem ýurdumyzda ýaýbaňlanan ýol gurluşygynyň möçberlerini nazara almak bilen möhüm ýagdaý bolup durýar. UZK-DAG dizel we peç ýangyjyny öndürmek üçin komponentleriň uly möçberini öndürmegi üpjün eder.

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň nebithimiýasynyň öňdebaryjy kärhanasyny döwrebaplaşdyrmagyň uly möçberli maksatnamasynyň çäklerinde ýene-de bir iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek başlandy. “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Co., Ltd” (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumi bilen bilelikde halkara hil ülňülerine laýyk gelýän awtomobil benziniň ýokary oktanly kysymynyň bir ýylda 2,3 million tonnasyna çenli öndürmek üçin niýetlenilen dört enjam gurlar. Munuň üçin zerur önümler mazudy wakuum usulynda we suwuklandyrylan gaz gaýtadan işlenilende alnar. Bu desgalary ulanmaga bermek 2015-nji ýylyň maýynda meýilleşdirilýär.

Bu ýerde ýerleşen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny we Hazaryň döwlet goraghanasyny nazara almak bilen, Hazaryň kenarýaka zolagynda ekologiýa abadançylygyny saklap galmak ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän senagatynyň ilkinji kärhanasyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň möhüm tarapy bolup durýar.

Tebigaty goraýyş çäreleriniň giňişleýin maksatnamasy deňiz aýlaglaryny arassalamagyň, olaryň tebigy we biologiki serişdelerini dikeltmegiň, nebit şlaklaryny we düzüminde nebit bolan topraklary gaýtadan ulanmagyň ýagdaýyna baha bermek we degişli çäreleri işläp taýýarlamak boýunça ylmy – barlag işlerini geçirmegi özünde jemleýär.

Mysal üçin, nebit önümlerini saklamak we ibermek boýunça Kenar kärhanasynda işleriň uly möçberi ýerine ýetirildi, şol ýerde öz wagtynda Hazaryň suw basan zolagynda köp kilometrlik nebit geçirijiler, nebit önümleri üçin uly gaplar, senagat suw üpjünçiligi we lagym ulgamlary başga ýere geçirildi.

Indi birnäçe ýyldan bäri, atlandyrylyşy ýaly, inžener ulgamlaryny we önümçilik düzüminiň beýleki desgalaryny täzelemek bilen baglanyşykly “kiçi möçberde durkuny täzelemegiň” çäklerinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze rezerwuar parkynyň gurluşygy alnyp barylýar. Her bir desga uglewodorodlaryň bugunyň atmosfera düşmeginiň öňüni alýan häzirki zaman ulgamlary bilen üpjün edilýär.

2015-nji ýylda häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda işleýän arassalaýjy desgalary, şeýle hem senagat lagymynyň we dolanyşyk suw üpjünçiliginiň täze ulgamlaryny gurmagyň taslamalary tamamlanar. Munuň özi nebit önümlerinden ybarat bolan senagat akymlarynyň topraga we ýerasty suwlara aralaşmak töwekgelçiligini ençeme gezek azaldar, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän önümçiligiň ekologiýa howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, suw serişdelerini has rejeli peýdalanmaga, tehnologik enjamlaryň işleýän möhletini uzaltmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda önümçiligiň ösüşiniň ýokary depgini hakynda söz açyp, milli ykdysadyýetimiziň bu ileri tutulýan pudaklarynda önümçilik görkezijilerini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekýär. Şunda döwlet Baştutany önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak we degişli pudaklara iň täze tehnologiýalary hem-de ýokary netijeli enjamlary depginli ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmegiň aýratyn ähmiýetini nygtaýar.

Bu babatda “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda” Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny tapgyrma-tapgyr döwrebaplaşdyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny hem belläp geçmeli. Hususan-da, ýakyndaky meýilnamalarda katalitik riforming enjamynyň durkuny täzelemek bar. Eger häzir zawod göni alynýan benzini öndürýän bolsa, bu taslama amala aşyrylandan soň bu ýerde A-93 kysymly benzin we ýokary hilli dizel ýangyjy öndüriler.

Häzirki wagtda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýol bitumyny öndürmek boýunça tehnologik enjamyň gurluşygy alnyp barylýar. Taslama ABŞ-niň “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Täze toplum bir ýarym gektar meýdanda ýerleşer we iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün ediler. Desgany awtomatlaşdyrmagyň, tehnologiki işlere gözegçilik etmegiň we ony dolandyrmagyň ýokary derejesini ýörite programmalary bolan kompýuterler üpjün eder. Bu önümçiligiň taslama kuwwaty mazutyň bir ýylda 118 müň tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenendir, şondan her ýylda ýokary hilli nebit ýol bitumynyň 37,2 müň tonnasy öndüriler.

Şunuň bilen baglylykda Amyderýa jülgesinde köp sanly durmuş we senagat desgalary bilen bir hatarda, häzirki wagtda işjeň ýol gurluşygynyň alnyp barylýandygyny belläp geçmeli. Bu täze gurluşyklaryň hatarynda uzynlygy 375 kilometr bolan Farap-Hojambaz-Köýtendag-Garlyk-Gaýnarbaba awtomobil ýoly bar. Birata –Gazojak ýolunyň we başgalaryň düýpli durkuny täzelemek başlandy. Şeýlelikde, 2014-nji ýylyň iýunynda täze enjamyň işe girizilmegi bilen welaýata bitumy getirmek zerurlygy aradan aýrylar. Zawodda öndürilýän mazudyň çuň gaýtadan işlenilmegi bu önümiň hilini düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berjekdigi örän möhümdir, ol esasan eksporta iberilýär.

Ýurdumyzyň nebithimiýa önümleriniň eksportynyň möçberiniň düýpli artmagy üstaşyr –ulag düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmegi hem talap edýär. Häzirki wagtda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zowadynyň öz iki terminaly, ýagny Atamyrat şäherinde nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ýerlemek boýunça terminaly hem-de Pelwertde nebit guýýan terminaly bar. Geçiriş ukuby 540 müň tonna bolan ýene bir terminal Ymamnazar gümrük nokadynda gurlar, ol Lebap welaýatynyň günorta-gündogarynda, Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedinde ýerleşýär. Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda ony “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni 2015-nji ýylyň fewralyna çenli gurar.

Türkmenistanda nebit önümlerinden işlenip taýýarlanylýan önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagy ýangyç çig malynyň köp sanly ýerasty ýataklaryndan nebiti çykarmagyň yzygiderli artmagy bilen üpjün edilýändigini belläp geçmek ýerlikli bolar, türkmen topragy bolsa şeýle ýataklara baýdyr.

Mysal üçin, diňe Goturdepe ýatagynda basym nebit çykarylyşynyň depginli artmagyna, şol sanda köne guýularyň “täzelenmeginiň”, ylmy - tehniki ösüşiň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagyň, nebit kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna artmagyna garaşylýar.

Bu ýerde eýýam ýarym asyrdan gowrak wagtdan bäri ýangyç çig maly çykarylýar. Diňe geçen ýylda bu ýerde beýleki ýataklarda gazanylan netijelere garanyňda “gara altyn” ep-esli köp öndürildi. Işläp gelýän nebit guýularynyň bir gije-gündizdäki önüm berişi şu ýyl bu ýerde önüm çykarmagyň möçberiniň diňe artjakdygyny tassyklaýar.

Bu ýerde birnäçe ýyl mundan öň işe girizilen ýokary tehnologiki “Goturdepe” gazkomrpessor stansiýasy guýularyň ýüzlerçesini önüm öndürmegiň häzirki zaman gaz lift usulyna geçirmäge, olaryň öndürilişini artdyrmaga, köne ýataklary täzeden işe girizmäge mümkinçilik berdi. Geçen ýylyň başyndan başlap täze Demirgazyk Goturdepe senagat zolagynda, hususan-da, Hazaryň deňiz ýalpaklygynda buraw we önüm öndürmek işlerini dikeltmegiň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň ikinji tapgyry başlandy.

Goturdepe- munuň özi özboluşly tebigy toplumdyr, Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda deňi - taýy bolmadyk nebit öndürilýän iri ýataklaryň biridir. Ol soňky wagtlarda ýurdumyzyň nebit pudagynda ulanylýan ylmyň we tehnikanyň täze gazananlarynyň özboluşly synag ýeri boldy.

Dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden alnan buraw enjamlary 7000 metr çuňluga ýetmäge mümkinçilik berýär. Şular ýaly işler köplenç Demirgazak Goturdepe uçastoklarynda alnyp barylýar, olary senagat taýdan özleşdirmek häzirki wagtda güýçli depginler bilen geçirilýär. Soňky ýyllarda bu ýatakda täze guýularyň köpüsi ulanylmaga berildi.

Goturdepe nebit ýataklarynda ulanylýan täze usullaryň hatarynda Germaniýadan, Finlýandiýadan we Kanadadan gelip gowuşýan häzirki zaman turbalarynyň dürli görnüşleri, inžektorly we hyrly nasoslar özleriniň oňat taraplaryny görkezdiler.

Mundan başga hem halkara bilelişigi tarapyndan tassyklanylan kadalara, şeýle hem ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň maksatlaryna we talaplaryna laýyk gelýän “Uglewodorod serişdeleri hakyndaky” Türkmenistanyň täze kabul edilen Kanuny daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Kanun milli we daşary ýurt maýadarlary hem-de kompaniýalary üçin amatly şertleri we kepillendirmeleri döredýär, olaryň işini düzgünleşdirýär we iň esasy nebitgaz ulgamynda köp ugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär.

Türkmenistan baý uglewodorod serişdelerine eýe bolmak bilen, olara milli ykdysadyýetimiziň depginli ösdürilmegi, türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň möhüm şerti hökmünde garaýar.

Bu babatda ýokarda agzalyp geçilen, ýurdumyzda nebithimiýa önümlerini öndürmegiň we eksport etmegiň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň mundan beýläk-de üstünliki durmuşa geçirilmegine ýardam eder.