Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň botanika instituty tokaý giňişliklerini döretmek üçin ulanylýan ekinleri saýlamakda goşandyny goşýarlar. Hususan-da, botanika institutynyň oba hojalyk ösümlikleri barlaghanasynda alnyp barylýan sitofiziologiki barlaglaryň netijesinde ýurdumyzyň dürli toprak-howa zolaklarynda ösýän hoz miweli ösümlikleriň ýokary gyzgynlyga we suwa çydamlylygy kesgitlendi.
Barlaglar Köpetdagyň eteklerinde we Badhyzda ösýän pisse agaçlarynyň uýgunlaşma mümikinçilikleriniň ýokary derejesini görkezdi. Ylmy synaglaryň netijesinde Merkezi Garagumda ösmäge uýgunlaşan ösümlikler, sanalgyja ýyllaryň içinde sitologiki derejede çölüň gazaply howasyna uýgunlaşýanlygy kesgitlendi. Geçirilen synaglar pissäni ýurdumyzyň sebitleride iň rehimsiz howa şertlerinde hem bagçylyk işlerinde ulanmaklyga giň mümkinçilikleri açýar.
Şeýle-de hoz we pekanyň ylmy-derňew işleri geçirildi. Ilkinji test we tejribe geçirilýän görnüşleriň soňky barlaghana synaglary hozuň yssy howa bolan ýokary durnuklylygyny ýüze çykardy. Pekan ösümligi aram we çyg howanyň ösümligi bolany üçin netijeleri gowy bolmady, bu bolsa döredilýän gök zolaklarda bolup biljek ýaýrawynda bu ösümligiň ulanmak mümkinçiligi peseldýär.
Agaç ekmekligi, tokaý önümçiligi ösdürmeklik, fitomeliorasiýany (süýşýän çägelikleri berkitmek, eroziýa garşy ösümlikleri döretmek) geçirmek, oba hojalykda meýdanlary goraýan tokaýçylygy we ýaşyl tokaý zolaklary köpeltmeklik tebigaty sagdynlaşdyrmakda we dikeltmekde, çölleşmäniň öňüni almakda we biodürliligi saklamakda üçin netijeli usul bolup durýar.
Köp ýyllaryň dowamynda ýurduň toprak-howa şertlerine gowy uýgunlaşan agaçlaryň pürli we ýaprakly görnüşlerinden, gymmatly ýerli ösümliklerinden tokaýlyklary ösdürip ýetişdirmek ugrunda Türkmenistanda çäreler geçirilýär.