Ýylda üç ýüzden gowrak güneşli gün bolýar. Örän arassa deňiz suwy, ionlaşdyrylan arassa howa. Onlarça kilometr örän ajaýyp deňüiň çägeli kenary. Dürli bejeriş aýratynlyklary bolan mineral çeşmeler. Dermanlyk ösümlikleri. Dürli keselleri bejerýän kölüň palçyklary. Adamlaryň saglygyna hyzmat edýän Günbatar Türkmenistanyň, şol sanda biziň ildeşlerimiziň we daşary ýurtly syýahatçylaryň gelýän ýerine öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zaolagynyň adam saglygyny bejeriş aýratynlyklary şulardan ybaratdyr.
Bu ýere, 40 derejeli gyzgynlygy bolan geografiki giňişlige, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, innowasion taslamalaryň çäklerinde soňky bäş ýylyň dowamynda döredilen köp ugurly häzirki zaman ulag infrastrukturasy netijesinde bu günki gün uçar, otly ýa-da awtoulag bilen ýer şarynyň dürli künjeginden gelip bolýar. Bu bereketli sebit şu ýylyň iýun aýynda deňizde dynç alşyň täze desgalarynyň açylmagy we dynç alýanlara dünýä derejeli myhmanhana toplumlarynda goşmaça bäş müň oruny bermek bilen täze öwüşgine eýe boldy. Bu ýylky gyzgalaňly dynç alyş möwsümi dynç alyşyň ähli amatlyklary bolan zolakda goja Hazaryň jana şypa beriji suwunda güýç toplamaga we saglygyny berkitmäge isleg bildirenleriň köp sanlysyny ýygnady. Goja Hazar bir görseň-ä asuda kümüş suwy bilen şöhle saçýar, bir görseňem ak köpükli tolkunlary bilen tolkun atýar, ýa-da tolkunlarynyň gerşi bilen joşup ýaýnaýar. Bu üýtgäp durmalar deňiziň aýratyn häsiýetleridir: özüne çekiji owadanlyk, tebigatyň kuwwaty we täsinligidir. Ýöne islendik günde we islendik howada Awazanyň kenary boş bolmaýar. Adamlar ähli şertlerde özlerine güýmenje tapýarlar.
Asuda günlerde olary deňizden çykarmak kyn düşýär. Deňiz wannasyny halaýanlar ýekeleikde deňiz satlygyndan lezzet alyp ýa-da dürli görnüşli köpçülikleýin oýna goşulşyp sagatlap deňizden çykmaýarlar. Olar motorly suw gämisine atlanyp, kenardaky tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýärler. Uly bolmadyk ýelde deňzi ýelkenli gämiler bezeýär. Olar gözüňi aýyrmak kyn bolýar. Özünde fotoapparaty ýa-da kinokamerasy bolanlar ak gar ýaly gämileri fotosurata ýa-da wideokamera düşürmäge çayşýarlar. Ýöne deňziň uly gom turanda hem agaçda gomlarda ýüzýärlerler. Bu ekzotiki tomaşa Awazanyň kenaryndan we tomaşa edilýän meýdançalaryndan dynç alýanlaryň ýüzlerçesi tomaşa edýär.
Aýratyn hem bir aý mundan ozal beýleki sagaldyş-dynç alyş desgalary bilen bir hatarda ulanylmaga berlen “Hasyl”, ”Täjir”, ”Deňiz” ýaly iň häzirki zaman myhmanhanalarynyň giň kenar zolagy has şowhunly. ”Deňiz” myhmanhanasynyň zolagynda töwereginde kiçiräk kürsüleriň we ýatylýan ýerleriň giden hatarynyň bolmagyna garamazdan, çägede güne ýanýanlaryň sany has köp. Şeýle hem ajaýyp kenarda ýerleşýän Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň “Daýanç” dynç alyş öýünde dynç alýanlaryň sany kenar bilen dynç alyş merkeziniň içerki çäkleriniň arasynda deň ikä bölünendir. Baglar bu ýerde gyradeň ösýärler, gülleriň ysy bolsa bark urýar. Bu bolsa deňziň we tokaýyň kokteýlidir. Ruhubelentligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr.
Myhmanlaryň köpüsi asuda dynç alyşy keseliň öňüni alyş çäreleri bilen utgaşdyryp alyp barýarlar. Bu babatda “Daýanç” myhmanhanasynda ähli mümkinçilikler döedilendir. Mollagaranyň palçygy bilen bejeriş alyp bolýar, ýodlaşdyrylan we beýleki wannalary kabul edip bolýar. Saýaly baglaryň saýasynda öz söýgüli kitabyňy akmak bolýar. Her kimiň öz islegine görä dynça almak üçin bu ýerde ähli mümkinçiliker bardyr.
Awazada dynç alýanlaryň ählisinde – deňiz dünç alyş zolagy barada diňe örän gowy arzuwlar bar. Bu ýerde bolanlaryň her biri bu ýere hemişe gelmegi arzuw edýär.