Zehinli çagalaryň “Awaza - dostlugyň mekany” atly IV festiwalyna gatnaşyjylaryň münen otlusyny kenarýaka şäheri ir bilen baýramçylyk ruhunda, parlaýan baýdaklar we aýdym-saz bilen garşy aldy. Döredijilik forumyna ýurduň çagalary bilen bilen bilelikde umumylykda 260 çagalar geldi. Wekilýetleriň milli baýdaklary, Germaniýadan, Latwiýadan, Türkiýeden, Hytaýdan, Keniýadan, Russiýadan we GDA döwletlerinden gelen owadan milli eşikli çagalar demirýol menziline geldiler. Däp boýunça myhmanlar duz-çörek bilen garşy alyndy, olaryň hormatyna tüýs ýürekden çykýan sözler aýdyldy we konsert berildi.
Sahnada Türkmenbaşy şäheriniň we adybir etrabyň sungat mekdebiniň okuwçylary, çeper howesjeňler çykyş etdiler. Sungatyň dili terjimäni talap etmeýär. Muny festiwala gatnaşmak üçin dünýäniň köp ýurtlaryndan gelen çgalar kenerýaka şäherinde şatlykly tanslary edip, subut etdiler.
Dürli ýurtlardan gelen zehinli we talantly çagalar türkmen ýaşytdaşlary bilen türkmen topragynda dördünji sapar duşuşýarlar. Açyk duýgy, tolgunduryjy duşuşykdan çen tutsaň festiwala gatnaşyjylar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň bäsleşik meýdançalarynda özleriniň başarnyklaryny doly açyp görkezmäge doly taýýar. Çagalat forumyny gurnaýjylar bolan Bilim we Medeniýet ministrlikleri öz taraplaryndan goja Hazaryň kenarynda geçiriljek günleriň çagalar festiwalyna gatnaşyjylaryň dürmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülmegi üçin zerur blan çäreleriň ählisini gördüler.
Türkmen çagalary keýpi çag ýagdaýda öz ýaşytdaşlary bolan daşary ýurtly çagalar bilen demir ýol menzilinden ugradylar. Demir ýol menziliniň ýanyndaky meýdançada olara köp orunlyk syýahatçylyk awtobuslary garaşýardy. Festiwal korteži elkortanyň ugratmagynda Awazanyň kenaryna geldi. Awaza gelen çagalary iň gowy sagaldyş deňiz dynç alyş öýlerinde ýerleşdirdiler. Olar üçin doly bahaly dynç almak we öňde duran medeni çärelere önjeýli taýýarlyk görmek üçin ähli şertler döredildi.