Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda giriş synaglary tamamlandy. Abiturentleriň 90-sy, ýagny talyplyk şahadatnamasynyň dörtden biri giriş synaglaryny üstünlikli tabşyrdy.
Abiturentler örän ümsümlik ýagdaýda suratlary, portretleri, skulpturalary, natýumortlary we kompozisiýalary dňretmekde yhlasly zähmet çekdiler. Olaryň iň gowylary TDÇA kafedralarynyň ýedisiniň – žiwopis we kompozisiýa, grafika, skulptura, arhitektura, dizaýn, bezeg-amaly sungaty, sungaty öwreniş boýunça birinji ýylyň talyplary boldylar. Olarda okuwlar umumylykda oniki ugur boýunça hünär taýýarlygybgeçiler. Bo ýokary okuw mekdebiniň hünär sanawynda – keramika we haly sungaty, zergärçilik sungaty, arhitektura gurşawynyň bezegi, arhitektura ýadigärliklerini rejelemek, şekillendiriş sungatynyň taryhy we teoriýasy, stanok we teatr-dekorasiýa žiwopisi, stanok we kitap grafikasy, skulptura, bezeg bardyr.
Döredijilik ýokary okuw mekdepleri däp boýunça talyplyk hataryna kabul edilenleri ilkinji bolup yglan edýärler. Mälim bolşy ýaly, medeniýet ulgamy üçin ýokary hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary köp babatda döredijilik häsiýetine eýedir. Çeperçilik Akademiýasynyň täze talyplary bolanlar babatda aýtsaň, onda olar synag toparynyň agzalaryna saýlap alan hünärleri boýunça başarnyklaryny görkezdiler, mukaddes Ruhnama we Türkmenistanyň taryhy (sungaty öwreniş ugry boýunça) boýunça synaglary tabşyrdylar.
Ýurduň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglaryny tabşyrmagyň dartgynly bäsleşigi ýylsaýyn artýar. Talyplyk şahadatnamasy üçin ortaça 4-5 dalaşgär bäsleşýär. Talyplyk şahadatnamasyna eýe bolmak üçin bäsleşik beýleki ýokary mekdeplerinde 24-nji awgusta çenli dowam eder.