Ï EKSPORTYŇ ORNUNA WE EKSPORT ÜÇIN
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

EKSPORTYŇ ORNUNA WE EKSPORT ÜÇIN

view-icon 7804
Ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüş depginleri senagatyň mundan beýläk hem ösdürilmegini şertlendirýär, onuň önümleriniň täze görnüşlerini öndürmäge nazarlaýar. Bu ýurtda öndürilýän senagat önümleriniň daşary bazarlara çykarylmagyny we daşary ýurt harytlarynyň ornuna haryt öndürmegi baş maksat edinýän ykdysadyýeti ösdürmek milli maksatnamalarynda göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ösdürmegiň esasy ugry däp boýunça gazylyp alynýan bölegi bolup durýar. Ol baý mineral-çig mal serişdelerine esaslanýar hem-de senagat önümçiliginiň ep-esli bölegini üpjün edýär.

Ýangyç-energetika pudaklarynda golaý ýyllarda uglewodorodlaryň önümçiliginiň we eksportynyň, şeýle hem olaryň gaýtadan işlenen önümleriniň möçberini ep-seli artdyrmak göz öňünde tutulandyr.

2013-2016-njy ýyllar döwründe elektroenergetikidada önüm öndürýän kuwwatlyklary artdyrmak boýunça maýa goýumlary dowam etdiriler. Gazturbinaly elektrik stansiýalaryň, podstansiýalaryň, ýokary woltly liniýalaryň birnäçesi gurlar, energobloklar döwrebaplaşdyrylar. Şunlukda elektroenergiýa önümçiliginiň ýyldaky ösüşi 5 % bolar diýlip çaklanylýar. Bu bolsa ýurduň ösýän ykdysadyýetini energiýa bilen doly drejede üpjün etmäge we bu pudagyň eksport mümkinçiliklerini amala aşyrmaga doly ýeterlikdir.

Türkmenistanyň himiýa senagaty esasan eksporta nazarlaýar we azot we fosfor, sulfat natrisini, ýodbrom önümleriniň kuwwatlyklaryna eýedir. Baý mineral-çig mal binýady möçberleri artdyrmaga we himiýa önümleriniň görnüşlerini giňeltmäge, jemi içerki önümiň jemi möçberinde senagatyň gaýtadan işleýän paýyny ýokarlandyrmaga şertleri döreder.

Tebigy gazy gaýtadan işlemegiň binýadynda içerki sarp ediş we daşary bazar üçin Mary welaýatynda, soňra bolsa Balkan welaýatynda karbamidiň önümçiligi boýunça täze kärhanalary ulanmaga bermek wezipesi öňde dur. Şeýle hem Balkan welaýatynda metalon we karbamidformaldegid şepbgini öndürmek boýunça toplumlary gurmak göz öňünde tutulýar.

Oba ýerleri we geljekde eksport etmek üçin zerur bolan kaliý dökünleriniň önümçiligini ýola goýmak örän wajypdyr. Şeýleleikde, Garlyk kaliý duz ýatagynyň binýadynda Merkezi Aziýada iň iri kuwwatlylygy ýylda 1,4 mln.tonna, soňra ýylda 4-4,5 mln. tonna kaliý dökünlerini öndürmek boýunça toplum gurulýar. Netijede mineral dökünleriniň öndürilişi 2016-njy ýylda 2012-nji ýyl bilen deňeşdireniňde üç esseden hem gowrak artar.

Daşary ýurt önümleriniň ornuna önümçiligiň beýleki bir ugry Balkan welaýatynda kaustiki sodasyny, hlor we hlor önümçiligini öndürmek boýunça kärhananyň gurluşygy bolup durýar.

Binýadynda ýodbrom önümçiligi bolan ýerasty suwlar gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Gelejekde täze ýataklary özleşdirmegiň hasabyna, şeýle hem bu suwlaryň gymmatly düzüminiň ählisini has netijeli peýdalanmagyň hasabyna bu pudakda harytlyk önümleriň önümçiligini artdyrmak göz öňünde tutulýar. 2016-njy ýylda ýoduň öndürilişini 2,5 esse artdyrmak meýilleşdirilýär. Onuň dünä bazarlaryndaky gymmatly bahasy býdžete gyzyl pullaryň gelemegini ep-esli artdyrar.

2016-njy ýyla çenli gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň birnäçesi işe giriziler, häzirki wagtda işleýän karhanalaryň durkunyň täzelenmegi dowam etdiriler. Bu bolsa daşary ýurt harytlaryň ýerine çykarylýan önümleriň öndürilişini üpjün eder. Ahal welaýatynda öňdebaryjy float-tehnologiýasyny ulanmak bilen, täze aýna kombinatynyň gurluşygy dowam edýär. Sement önümçiligini ösdürmek esasy ugurlaryň biridir. Ahal, Lebap we Balkan welaýatlarynda sement zawodlarynyň tapgyrlaýyn işe girizilmegi sementiň öndürilişini bäş ýylyň dowamynda 1.6 esse artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Tebigy bezeg materiallaryň, keramiki plitalaryň, gidroizolýasiýa top önüminiň, gury gurluşyk garyndylaryň, bazalt süýmünden teploizolýasiýa önümleriniň, sanitar-faýans önümleriň we beýlekileriň önümçiligini guramak üçin oňaýly şertleri döredýär.

Dökma önümleriniň önümçiligini mundan beýlek hem giňeltmek, içerki bazary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek, şeýle önümleri çuňňur derejeli gaýtadan işlemek bilen, olary eksport etmegi artdyrmak bellenildi. Türkmenistan dünýä bazarlaryna nah matanyň, trikotaž önümleriniň we tebigy süýmlerden taýýarlanan tikin önümleriniň görnüşlerini iberilişini artdyrar. 2016-njy ýyla çenli nah ýüplügiň önümçiligini 1,5, nah matanyň – 1,3, trikotaž polotnosyny – 3,7 esse, pamygy – 1,4 esse ardyrmak bellenilýär.

Azyk senagaty eýýäm tehnologiki taýdan öňdebaryjy pudaklaryň biri bolup durýar. Bu pudakda daşary ýurt önümleriniň ornuna öndürilýän önümler ep-esli artdy, eksport serişdeleri emele getirilýär. Bu pudagy 2016-njy ýyla çenli ösdürmek, et-süýt önümçiligi, ösümlik ýagy, gök-miwe konserwleriniň, süýji-köke önümleri boýunça häzirki işleýän we täze kärhanalaryň gurulmagyny döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna önümçiligiň möçberini artdyrmak bellenilýär. Balygy tutýan we balygy gaýtadan işleýän pudagyň önümçilik mümkinçiligi artdyrylar. Un üweýän ýarma pudagyny ösdürmegiň çäklerinde welaýatlaryň ählisinde elewatorlary we un kärhanalaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Şeýlelik bilen, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuna öndürilýän önümleriň önümçiligini guramak ýurda gerek bolan we goşmaça ýokary baha eýe bolan önümleri öndürmekden ybarat bolar.