Ï Ýurdumyzyň sebitlerinde täze jaý toýlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň sebitlerinde täze jaý toýlary

view-icon 668
Şu gün welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň “Gaýrat” geňeşliginiň Jemşit-oba obasynda täze Medeniýet öýüniň açylyş dabarasy boldy. Oňa welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, okuwçy ýaşlar, şeýle hem çeper höwesjeňler toparlarynyň agzalary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan we türkmen jemgyýetiniň döredijilik we ruhy mümkinçilikleriniň artmagyna, halkymyzyň medeni mirasynyň,onuň gadymy taryhynyň, däp-dessurlarynyň wagyz edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriniň nobatdaky subutnamasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurulýan ähli binalar ýaly, täze Medeniýet öýi häzirki zaman talaplaryny nazara almak arkaly guruldy. Onda çeper döredijiligiň ösdürilmegi we ilatyň medeniýete bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Teatrlaşdyrylan sahnalar we aýdym-sazly çykyşlar, şeýle hem dürli ugra degişli ýygnaklar, maslahatlar geçirilmäge niýetlenen 200 orunlyk uly zal täze binanyň esasy bölegi bolup durýar. Çäreleriň ýokary derejede guralmagy üçin bu zalda ähli zerur şertler üpjün edilipdir we ol häzirki zaman yşyklandyryş, wideo we beýleki serişdeler bilen enjamlaşdyrylypdyr. Mundan başga-da, Medeniýet öýünde çeper höwesjeňleriň taýýarlyk geçmekleri, dürli gurnaklaryň hereket etmegi üçin köp sanly otaglar, fotostudiýasy, ses ýazgy otagy we çeperçilik ussahanasy bar. Şeýle hem medeniýet ojagynda Internet-zaly üçin ýörite ýer bölünip berlipdir. Onuň ýyladyş we salkynladyş derejesini üpjün edýän özbaşdak ulgam hereket edýär.

Medeniýet öýüniň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, gök zolaklar döredilipdir. Bu ýerde gurlan çagalar we sport meýdançalary oba ýaşlarynyň wagtlaryny hoş geçirýän künjegine öwrüler.

Bu bina hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edildi. Dabaranyň barşynda has tapawutlanan gurluşykçylara sowgatlar gowşuryldy.

Häzirki döwürde etrabyň “Altyn ýol”, “Şatlyk” geňeşliklerinde we J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň täze döredilýän şäherçesiniň çäginde şunuň ýaly medeniýet öýleriniň gurluşygy alnyp barylýar.

***

Şu gün Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň merkezinde şu gün 160 orunlyk täze çagalar bagy ulanmaga berildi. Ol şäherçäniň binagärlik keşbine özboluşly bezeg berdi.

Körpeler üçin ähli amatly şertleri özünde jemleýän çagalar şäherçesinde çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä ýedi topar üçin niýetlenen otaglar bar. Olar oňaýly mebeller we ähli zerur serişdeler bilen üpjün edilip, çagalar bagynda lingafon we kompýuter otaglary, aýdym-saz zaly, çagalar üçin nietlenen serişdeler bilen üpjün edilen sport zaly hereket edýär. Bu ýerde çagalaryň saglygynyň goraglylygyna aýratyn üns berlipdir. Körpeleriň berk bedenli bolmaklary üçin, bagyň çäginde dynç alyş teläri we sport meýdançalary, suwa düşülýän otaglar bar. Şeýle hem bu bina ýylylyk, energiýa we suw üpjünçiligini ýola goýýan özbaşdak ulgamyň hyzmatyndan peýdalanýar.

Ýerli hususy gurluşyk kärhanasynyň bina eden mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Çagalaryň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary we tanslary dabara baýramçylyk öwüşgünini çaýdy.

Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bina edilýän bilim ojaklarynyň iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýändigini, oba ýerlerinde gurulýan mekdepleriň hem edil şäherdäkiler ýaly multimediýa, kompýuter tehnikalary bilen enjamlaşdyrylýandygyny, çagalaryň okatmagyň interaktiw usullaryna aralaşýandygyny aýdyp, munuň üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar. Munuň özi ýaşlaryň irki döwürlerden ylmyň häzirki zaman gazananlary bilen tanyşmagyna, dünýä derejesinde bilim almagyna, okuwçylara bilim - terbiýe bermek boýunça mekdeplerde hem-de mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna oňyn mümkinçilik berýär.