Ï Ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerine kabul edişlik tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerine kabul edişlik tamamlandy

view-icon 8481
Türkmen talyplarynyň hataryna täze ýaş nesiller goşulýar. Olar, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ylym-bilim özgertmeleriniň– kämil bilim ulgamyny döretmäge we milletiň ösen aň-bilimli neslini --Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny dowam etmäge ukyply ýokary hünärli hünärmenleri terbiýelemäge gönükdirilen iri möçberli hem-de döwlet ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilmeginiň nobatdaky tapgyrlaryna gatnaşarlar.

Okuwlara kabul etmegiň döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzyň raýat ýokary okuw mekdepleriniň birinji synp talyplarynyň we Türkmenistanyň orta hünärment okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň möçberi görnetin artdy. Türkmenistanyň orta mekdeplerine birinji synpa gelýän müňlerçe okuwçylar, şol sanda mekdep durmuşyny alty ýaşyndan başlaýan çagalar üçin hem ilkinji jaňlar kakylar. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynyň bilim ulgamyndaky özgertmeleriň täze tapgyrynyň başlanýan senesine öwrüljekdigini ynamly aýdyp bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow men halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşyny ylym, bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýärin diýip, ýygy-ýygydan nygtamak bilen bilimi ýurduň ykbalyny, onuň sazlaşykly we yzygiderli ösüşini kesgitleýän ýagdaý hökmünde häsiýetlendirýär. Döwletiň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady, ruhy we medeni ösüşinde Watanymyzyň ylym we bilim ulgamynyň ösdürilmegini esasy ugurlar hökmünde kesgitläp, milli Liderimiz ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen syýasaty iş ýüzünde yzygiderli durmuşa geçirýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň martynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky” Permana we degişli Karara gol çekdi. Ol iň ýokary dünýä ülňülerine, döwrebap talaplara gabat gelýän netijeli hem-de çeýe milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Bu resminamalarda diňe döwletiň bilim syýasatyny mundan beýläk hem düzgünleşdirmegiň toplumlaýyn çäreleri beýan edilmän, eýsem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän hemme giň möçberli özgertmeleriň möhüm ileri tutulýan esasy ugurlary täze mazmuna eýe boldy.

Şu ýylyň 9-njy awgustynda geçirilen hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläni ýene-de bir gezek gozgamak bilen, özgertmeleriň mundan beýläkki ugurlaryny we ulgamyň işgärleriniň öňünde durýan anyk wezipeleri we ony ýerine ýetirmegiň ugurlaryny kesgitledi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda mazmuny boýunça doly bahaly we netijeli okuw-terbiýeçilik işleri üçin şertleriň täze ýokary ülňüsi döredilýär. Watanymyzyň bilim ulgamynyň mundan beýläk ösmegine kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen ilkinji nobatdaky çäreleriň hatarynda milli mekdebiň taslamasyny taýýarlamak wezipesi durýar. Onda birnäçe dersleriň öwredilişi daşary ýurt dilinde amala aşyrylar, şeýle hem okuw –görkezme esbaplaryny taýýarlamak boýunça, şol sanda şekil we ses materiallary arkaly okuwlaryň, elektron kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň ýörite merkeziniň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw we orta mekdepleriniň mugallymlarynyň hünärini ýokarlandyrmak, ylmy-tehniki ösüşi we innowasiýalary hasaba almak arkaly olaryň hünärini yzygiderli artdyrmak täze eýýamyň hünärmenlerini taýýarlamagyň möhüm şerti bolup durýar. Şeýle ugur özgertmeleri durmuşa geçirmegiň täze tapgyrynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we mekdepleriň başlangyç synplarynyň mugallymlarynyň möhüm ornuny göz öňünde tutup, döwrebap okuw işinde hem-de ösüp gelýän ýaş nesli hemmetaraplaýyn ösdürmekde milli Liderimiz orta hünär mugallymçylyk mekdeplerinde okuw möhletini 3 ýyla çenli uzaltmagyň zerurdygyny görkezdi. Mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça fakultetleriň işiniň oňyn tejribesini belläp, döwlet Baştutanymyz, şeýle hem bu ulgamy has-da kämilleşdirmek maksady blien, welaýatlaryň baş bilim müdirlikleriniň ýanynda orta mekdepleriň mugallymlarynyň hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryň açylmalydygyny tabşyrdy.

Bilimiň ylym we önümçilik bilen ýakynlaşdyrylmagy boýunça işleri mundan beýläk alyp barmak bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylym edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we orta mekdepleriň mundan beýläk ysnyşykly özara hereket etmeginiň we umumylykda bilim beriş işiniň yzygiderli guralmagynyň möhümdigini nygtady.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň binýadynda ulag toplumynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça fakultet; Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binýadynda—oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça fakultet; beýleki ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda – degişli hünärlere laýyklykda hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça fakultetler işläp başlar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekderleriniň we ylmy edaralarynyň özara hereketini guramak nukdaýnazarynda türkmen döwletiniň Baştutany ýokary okuw mekderleriniň işgärleriniň we talyplarynyň paýtagtymyzda gurluşygyna başlanan täze ylmy-barlag guramasy – Tehnologik merkezi bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamasyny işläp düzmegiň zerurdygyny aýtdy. Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin zerur bolan şertleri döretmek maksady bilen, bu işe ylmy-barlag institutlarynyň alymlaryny giňden çekmek, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary geçmek göz öňünde tutulýar.

Mekdebe we ýokary okuw mekdebine taýýarlamagyň wagtlaýyn we mazmunly çäkleri düýpgöter üýtgeýär, olar üçin, şeýle hem mekdebe çenli edaralar üçin täze okuw meýilnamalary taýýarlanyldy. Olar bir tarapdan halkara ülňülerine ýakynlaşdyrylan, beýleki tarapdan bolsa, okatmagyň milli däplerini we dessurlaryny hökman göz öňünde tutýar.

Täze okuw ýylynyň başyna ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerini on iki ýyllyk okuw möhletine geçirmek baradaky maksatnama laýyklykda esasy okuw meýilnamasy işlenip düzüldi we tassyklanyldy. Şunda mekdep meýilnamasyna täze dersler girizildi—ykdysadyýetiň esaslary, ekologiýa, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, özüňi alyp barmagyň medeniýeti, habar beriş-aragatnaşyk we innowasion tehnologiýalar, modelirleme we grafika. Okuwa 6 ýaşdan başlaýan birinji synplar üçin indi däbe öwrülişi ýaly, Bilimler gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan körpelere gowşuryljak sowgatlyk netbuklar, şeýle hem täze okuw kitaplary we iş depderleri taýýarlanyldy. Mekdebe çenli çagalar edaralary üçin hem täze okuw gollanmalary işlenip taýýarlandy. Mundan başga-da, mekdepleriň ýolbaşçylary we mugallymlary üçin täze okuw meýilnamalary we maksatnamalary boýunça okuw-usulyýet sapaklary we maslahatlary guraldy. Bular mugallymlaryň awgust maslahatlarynyň geçirilýän şu günlerinde hem esasy mowzuga öwrüldi.

Şu ýyl ýokary okuw mekdepler ulgamyna täze hünärleri okatmak boýunça işleri ornaşdyrmak dowam etdirildi. Mysal üçin, Türkmen döwlet we ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “jemgyýetçilik iýmitini guramak”, “täjirçilik”, “ykdysady howpsuzlyk” hünärleri açyldy.

Hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlarynyň maddy-tehniki binýadyň, okuw we ylmy işleriň pugtalandyrylmagy bilen birlikde sanawynyň giňeldilmegi ýokary okuw mekdeplerine öz işjeňliginiň ylmy we amaly çäklerini görnetin artdyrmaga mümkinçilik berýändigi ähmiýetlidir. Sebäbi döwrebap ýokary okuw mekdebi – bu isleg bildirilýän ugurlaryň onlarçasy boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin diňe bir binýat bolman, eýsem, talyplaryň we mugallymlaryň döredijilik ussahanasydyr we ylmy barlaghanasydyr. Olaryň özara sazlaşykly hereketi milletiň aň-bilim kuwwatynyň doly durmuşa geçirilmegine, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň gülläp ösmegine ýardam edýär.

Ýokary bilimiň milli ulgamy ýurdumyzyň çäkleri bilen çäklenmeýär. Häzirki wagtda Türkmenistan öz ösüşiniň modelini seçip alyp, ýokary halkara ülňülerine we tejribeden geçen usulyýete ugur almak bilen öňe hereket edýär.

Munuň özi ýurdumyzyň mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw ulgamyna geçmegi, daşary ýurt dilleriniň okadylmagy, beýleki ýurtlar bilen bilelikde okuw mekdepleriniň açylmagy we beýlekiler bilen tassyklanylýar. Türkmenistan dünýäniň ençeme ýurtlary bilen belli bir ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyklary gazanyp halkara okuw babatda goşulyşmagyň işjeň tarapdary bolup hem çykyş edýär.

Türkmenistanyň dünýä bileleşigine goşulyşmagynyň şertlerinde daşary ýurt dillerini erkin bilýän hünärmenleri taýýarlamak ägirt uly ähmiýete eýe bolýar. Gürrüňsiz suratda eýýäm häzirki wagtda dil boýunça taýýarlyk biziň mugallymlarymyza we talyplarymyza dünýäniň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen maglumatlary almaga we alyş-çalyş etmäge, barlag işleriniň köp görnüşlerini we usullaryny ulanmaga, bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Bilim özgertmeleriniň täze tapgyry bu wezipeleri çözmek üçin ýene-de has giň mümkinçilikleri göz öňünde tutýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, talyplaryň ýokary okuw mekdebini gutarmagy bilen daşary ýurt dilleriniň üçüsini bilmeklerini gazanmak gerek. Şunuň bilen birlikde, bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesini öwrenmegi nazara almak bilen döwlet Baştutanymyz tarapyndan dünýäniň umumy iş tejribesine laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagyň iki basgançakly ulgamyny (bakalawr we magistr) ornaşdyrmagyň zerurdygy nygtalyp geçildi.

Biziň ýurdumyz türkmen biliminiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, onuň dünýäniň bilim giňişligine goşulmagy üçin zerur bolan gymmatly tejribä yzygiderli we maksada gönükdirip eýe bolýar. Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna halkara uniwersitetiniň derejesiniň berilmegi munuň täze subutnamalarynyň biri bolup, ol Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasyna (IAU) kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň strategiýasy ony tölegli esasda ösdürmegi hem göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz tarapyndan ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamy üçin tölegli esasda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigi nygtalyp geçildi.

Gürrüňsiz suratda, bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi onuň ähli ugurlary boýunça milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň okgunly depginleri, ýurdumyzyň zähmet bazarynyň talaplary, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň durmuşyny gaýtadan guramak boýunça ägirt uly meýilnamalary hem-de jemgyýetimiziň öňünde goýlan wezipeler bilen şertlenendir, şol wezipeleri çözmek milli işgärleriň, ýagny diňe bir bilimleriň uly binýadyna däl, eýsem, giň gözýetime eýe bolan ýokary bilimli hünärmenleriň hataryny giňeltmegiň hasabyna onuň baýlaşýan kuwwatly önümçilik—ykdysady we intellektual mümkinçilikleri bilen biziň döwletimiiz hötde gelip biler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek milli ykdysady strategiýamyzyň möhüm maksadydyr. Bu babatda öňde duran wezipeleri çözmek üçin häzirki zaman senagat üpjünçiliginiň ulgamlary, şol sanda önümleri gaýtadan işleýän iri önümçilikler döredilýär. Bu babatda milli Liderimiz tarapyndan täze ýokary okuw mekdeplerini döretmegiň möhümdigi nygtalyp geçildi, şolarda dürli hünärler boýunça inženerler-tehnologlar, hususan-da, gök önümleri, et süýt we balyk önümlerini, süýji-kökäni, unaş önümlerini öndürmek babatda, jemgyýetçilik iýmiti we dokma senagaty ulgamynda, şeýle hem beýleki pudaklarda işlemek üçin inženerler-tehnologlar taýýarlanylar.

Özgertmeleriň nobatdaky tapgyrynda ylym-bilim beriş ulgamynyň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan uly möçberli wezipeleri durmuşa geçirmek soňky ýyllarda bu ugurda döredilen kuwwatly binýadyň we ozaly bilen häzirki zaman kadalaşdyryjy—hukuk binýadynyň esasynda amala aşyrylyp bilner. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl güýje giren “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň täze Kanuny jemgyýetimiziň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esaslary hökmünde bilimiň abraýyny berkidýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň raýatlarynyň täze ýokary bilimli neslini kemala getirmäge alnan gymmatly çelgiler bilimi ösdürmegiň milli doktrinasyna esas edilip alyndy. Ol milli ruhy gymmatlyklarymyzy, ýurdumyzyň tejribesini, bu ugurda bütin dünýäde gazanylanlary hem özünde jemleýär.

Soňky ýyllarda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän bilimleri almaga çalyşýan adamlaryň düşünjesinde hem uly özgerişlikler bolup geçdi. Ýaşlaryň üznüksiz bilim almaga, ylmy iş bilen meşgullanmaga gyzyklanmagy häzirki zaman jemgyýetinde intellektual işiň artýan abraýyna şaýatlyk edýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bilim ulgamy adamyň iň oňat ruhy hil sypatlaryny açmak, onuň biliminiň netijeli ösüşi, ukyplary, medeniýet derejesi we ahlaklylygy üçin şertleri üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilen ylym-bilim özgertmelerini ilerletmäge gönükdirilen ähli resminamalaryň tapawutly aýratynlygy olaryň bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek we işleri kämilleşdirmek üçin okuw we ylmy edaralara giň mümkinçilikleri berýändiginden ybaratdyr. Şonuň üçin hem bilim özgertmeleriniň täze sepgitleri bilim almak, hünär taýdan ösmek, mähriban Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze ýokary sepgitlerine tarap gadamlaryny çaltlandyrmaga öz goşandyny goşmaga ukyply täze işgärleri kemala getirmek üçin täze mümkinçiliklerdir.