2. Ykdysady üstünligiň özeni
Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyňky ýaly, Hytaýyň ägirt uly döwlet dolanyşygynyň hem baş maksady halkyň ýokary durmuş derejesini maksada laýyk, yzygiderli üpjün etmekden ybaratdyr. Bu asylly, ileri tutulýan döwlet ugurlarymyzyň meňzeşligi hem şundan ybaratdyr. Ýöne, bu ileri tutulýan ugurlaryň many-mazmuny meýillerde däl-de, anyk ädimlerde, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde jemlenendir. Hökümetiň halk baradaky aladasy diňe bir sözde däl-de, anyk işlerde ýüze çykmagy üçin ýeterlik derejede ösen, durmuş ugurly ykdysadyýetiň bolmagy zerurdyr. Biziň iki dostlukly döwletimizde adamlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak, uly mümkinçilikler jemgyýetini ösdürmek üçin şeýle binýat bar.
Hytaýyň hökümetiniň senagaty ýokary tehnologiýaly önümçilige geçirmek strategiýasyny kabul etmegi dünýä ykdysadyýetinde öňdebaryjy ýurt hökmünde Hytaýyň eýeleýän ornunyň artmagynda uly ähmiýete eýe boldy. Şunda beýlekileriň tejribesini özleşdirmek ykdysadyýetinden öz täze we özboluşly pikirleriňi we täze tehnologiýalary döretmek ulgamyna geçildi. Ykdysadyýeti ösdürmegiň innowasion nusgasyna geçilmegi köp babatda oýlanyşykly tapgyrlaýyn we şol bir wagtyň özünde önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmagyň çalt durmuşa geçirilýän strategiýasy netijesinde mümkin boldy. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýda hut köp şahaly tehnoparklaryň ulgamynyň işiniň netijesinde senagat önümçiliginiň düzümleýin özgertmeleriniň okgunly bolup geçendigni bellemelidiris. Şol tehnoparklaryň ilkinjileri eýýäm geçen asyryň 80-nji ýyllarynda döredildi.
Bu işe Hytaýyň häkimiýetleri tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” ykdysady syýasaty saldamly goşant goşdy. Ýöne, şunda ýerli kärhanalarda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribesi giňden ulanylyp, olaryň işi milli aýratynlyklary göz öňünde tutýan öz ýoluny tapmaga gönükdirildi. Munuň özi olaryň innowasion işläp taýýarlamalaryna içerki bazarda uly gyzyklanma bildirilmegine oňaýly täsir etdi. Şondan biraz wagt geçenden soň, hytaýly innowasiýaçylar öz teklipleri bilen daşary bazaralara hem çykdylar. Şol ýerde olar özleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen mynasyp bäsleşmegi başardylar. Şunda HHR-de öndürilen innowasion önümleriň esasy bölegi hususy ulgamyň, şol sanda uly bolmadyk kärhanalaryň paýyna düşýär.
Tehnologiki park ylmy-barlag institutlaryny, önümçilik kärhanalaryny, okuw mekdeplerini, işewürler düzümlerini we beýlekileri birleşdirýän innowasion önümleri öndürmek baradaky iri toplumlaýyn merkez bolup durýar. Bize gürrüň berişleri ýaly, Hytaýda ýörite ykdysady zolaklaryň çäklerinde tehnoparklar döredilende, olar okgunly ösüşe eýe boldy. Hytaýyň tehnologiki merkezleri bu ýurduň häzirki zaman ylmynyň we senagatynyň ösüşiniň nyşanyna, täze we ýokary tehnologiýalary ösdürmegiň zolaklaryna öwrüldi. Düzüminde türkmen žurnalistleri bolan biziň toparymyz I Çžuan diýlip atlandyrylýan şeýle ykdysady ösüş zolaklarynyň birine baryp gördi. Biziň şeýle düzümlere bolan gyzyklanmamyz kanunalaýyk ýagdaýdyr. Milli tehnoparklary döretmäge girişmek bilen, biziň ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribesine uly üns berýär: häzirki wagtda tehnoparkyň haýsy nusgasy üstünlikli hereket edýär? Tehnoparklaryň milli aýratynlyklary nämeden ybarat we olar işiň netijeliligine nähili täsir edýär?
...Bu sowallara jogaplary gözlemek, şeýle hem tehnoparklaryň işiniň usullaryna düşünmek üçin olary döretmegiň umumy şertlerini seljermek zerur bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, ykdysady özgertmelere degişlidir. Şol özgertmeler bolsa ylmyň ähmiýetini öň hatara çykardy. Hytaý Halk Respublikasynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem milli ylmy ösdürmäge möhüm döwlet derejesi berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleriniň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen biz hem bu ugurda belli bir üstünliklere eýe bolduk. 2007-nji ýylyň wakalaryna gaýdyp geleliň. Şonda milli Liderimiz ýokary döwlet wezipesini ýerine ýetirmäge girişip, bilim ulgamyny özgertmek we ýurdumyzyň ylmyny dikeltmek boýunça ägirt uly işleri amala aşyrdy. Şol döwürden bäri hem bu meseleler döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde bolup, hökümetiň mejlisleriniň gün tertibinden aýrylmaýar.
Şunuň netijesinde örän gysga wagtyň içinde biziň ýurdumyzda giň möçberli, ägirt uly işler amala aşyryldy—ýurdumyzyň ylmynyň ygtybarly hukuk binýady döredildi, ylym we ýokary tehnologiýalar ulgamynda esasy halkara guramalary hem-de daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri we beýlekiler bilen gatnaşyklar ýola goýuldy. Milli Liderimiz gaýtadan dikeldilen Ylymlar akademiýasynyň öňünde anyk maksatlary we wezipeleri goýdy. Ylymlar akademiýasynyň howandarlygynda türkmen döwletiniň ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirilýär.
Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň ýanynda, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy edaralarynda aspiranturalar hem-de doktoranturalar işläp başlady. Türkmenistanda dünýä ylmynyň wajyp meselelerine bagyşlanan iri halkara maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan alada etmegi, döwlet tarapyndan yzygiderli maliýe we guramaçylyk goldawynyň berilmegi netijesinde ylmy edaralaryň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýady döredildi we ol yzygiderli berkidilýär. Ylmy edaralaryň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylmyny ösdürmäge aýratyn üns berip, Aşgabat şäheriniň Bekrewe şäherçesinde Tehnoparky – ylmy-barlag edaralaryny we okuw mekdeplerini, senagat kärhanalaryny we işewür merkezleri, sergi meýdançalaryny hem-de beýleki desgalary birleşdirýän ýörite toplumy döretmek hakyndaky Karara gol çekdi. Bu topluma girýän desgalar ylmyň ösmegini höweslendirmäge, innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga hem-de olary halk hojalygynyň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrmaga ýardam etmelidir.
Esasy maksady alymlaryň senagat – innowasion we maglumat – tehnologiki häsiýetli anyk ugurlarda netijeli işlemek üçin amatly şertleri üpjün etmekden ybarat bolan bu tehnoparkda ylmy we inžerençilik pikirleriniň iň öňdebaryjy gazananlary jemlener. Şeýle hem tehnoparkyň esasy wezipeleriniň biri alymlaryň we hünärmenleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Şeýlelikde, Türkmenistanda innowasion önümi öndürmek ulgamynyň okgunly ösüşini we işiň täze geljegi uly ugurlarynyň açylmagyny çaklamak bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdebaryjy dünýä tejribesini, tehnoparklary döretmek boýunça hytaý synagyny öwrenmek we iş ýüzünde ulanmak baradaky görkezmesini nazara almak bilen, bu meselä aýratyn üns bermek zerur bolup durýar. Ýeri gelende aýtsak, Hytaýda tehnoparklar merkezden alysdaky etraplarda hem giňden ýaýradyldy. Bu ýurduň şol ýerde erkin ykdysady zolaklarda innowasion taslamalar anyk sebitiň aýratynlyklaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylýar. Hut şu ýagdaý hem türkmen žurnalistleriniň toparyny Pekindäki Çžunguansun Tehnologiki parkyna getirdi.
Häzirki günler ylmyň we ýokary tehnologiýalaryň öňdebaryjy merkezine öwrülen bu Tehnopark uly bolmadyk ümsüm we abadanlaşdyrylan şäherçäni ýadyňa salýar. Bu ýerde uly bolmadyk çäklerde ýokary hünärli hünärmenleriň köp sanlysy, onlarça uniwersitetler, ýüzlerçe barlag institutlary, ýörite ugurly Ylymlar akademiýalary we ş.m. jemlenendir.
Çžunguansun tehnologik merkezi döretmek üçin hytaýlylar Sinçžu taýwan tehnoparkynyň meşhur Silikon jülgesiniň we şuňa meňzeş beýleki merkezleriň guramaçylyk tejribesini oňat öwrenip, ozal hem nygtalyşy ýaly, ýerli aýratynlyklary nazara almak arkaly üstünlikli ulandylar. Çžunguansundaky tehnoparky döretmekde daşary ýurtly alymlar bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berildi. Olar alymlary diňe bir maslahat beriji hökmünde däl-de, eýsem, taslama gatnaşyjylar hökmünde hem çagyrdylar.
Bu tehnomerkez öz ösüşinde müňlerçe ýokary tehnologik guramalara borçludyr. Olaryň arasynda dünýä derejesindäki meşhur kompaniýalar we uly bolmadyk hytaý kompaniýalary, esasan hem hususy kärhanalar bar. Mundan başga-da, diňe bir meşhur alymlar däl, eýsem, ýaş hünärmenler, hatda ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary hem öz taslamalarynyň bilermenler tarapyndan berlen tehnologik ähmiýetli oňyn seslenmelerini alyp, innowasion önümleri öndürmekde maliýe goldawyny almak mümkinçiligine umyt edip bilerler.
Diňe bu hem däl. Tehnoparkyň dolandyryjylary ýaş hünärmenlere hususy kärhanalaryny açmakda örän ýeňillikli şertlerde onuň çäklerinde jaýlary we taslamanyň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan enjamlary hödürleýär. Bularyň hemmesi hünärmenlere öz işlerini innowasion önümleriň önümçiligine dolulygyna gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa turuwbaşdan artykmaç aladalardan dyndaryp, köplenç hususy işiňi açmaga synanyşyga ýardam edýär. Bazar şertleri üýtgän ýagdaýynda-da dessine özgerdip bolýan uly bolmadyk, emma ykjam kärhanalary döretmegiň şeýle tejribesi öz netijelerini görkezdi.
Pekinde amala aşyrylan şeýle görnüşdäki okgunly taslama öwrülip, Çžunguansundaky Tehnopark bütin Hytaý boýunça tehnoparklar ulgamynyň ösüşini höweslendirdi. Häzirki wagtda ýurtda 130-dan gowrak tehnoparklar bar.
Biziň tehnoparkymyz nähili bolar?
Ýakyn geljekde dabaraly açyljak tehnoparkda Türkmenistanyňm halk hojalyk toplumynyň zerurlyklary bilen gönüden-göni bagşlanyşykly bolan ylmyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag bölümleri we barlaghanalar göz öňünde tutulandyr. Olar gazylyp alynýan minerallary, nebiti, gazy öwrenmek, ýerli çig maldan biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda isleg bildirilýän önümleri öndürmek, oba hojalyk ekinleriniň, haýwanlaryň, ýokary hasylly tohumlaryň, dermanlyk ösümlikleriň seçgileri we daş-töweregi goramak, energiýa tehnologiýalary, geohabar beriş ulgamlary, şeýle hem nanotehnologiýalar, biotehnologiýalar, habar beriş-aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça bölümlerdir.
Mundan başga-da, tehnoparkda taslama-konstruktorçylyk merkezini, täze tehnologiýalara esaslanan önümleri öndürmek üçin bölüm ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Ylmyň möhüm meseleleri boýunça maglumatlary neşir etmek üçin hususy çaphana, elektron ylmy kitaphana göz öňünde tutulandyr.
Ylmy işleriň yzygiderliligini gazanmak maksady bilen, tehnoparkda geljekki alymlar—mekdep okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen duşuşyklary geçirmek üçin şertler dörediler. Şu ýerde hem ylym ulgamynda eýýäm işläp ýören hünärmenler öz hünärlerini ýokarlandyrarlar.
Tehnoparkda ilki başda 11 bölümiň hereket etmegi meýilleşdirilýär.
Tehnoparkyň esasy gurluş düzümleriniň biri bolan köpçülikleýin peýdalanyş merkezi çylşyrymly fizika-himiýa we biologiýa işleriniňň seljermesi üçin niýetlenendir. Merkez ýokary takyk ylmy-barlaglary geçirmek üçin niýetlenen iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylar.
Nanotehnologiýa bölümi täze kompozit, polimer, elastomer materiallaryny, ýarym geçirijileri, nanotrubkalary almaga, şeýle hem nano derejesinde barlaglary geçirmäge niýetlenendir. Tehnoparkyň beýleki bir bölüminiň – biotehnologiýa bölüminiň wezipesine gen inženeriýasynyň usullarynyň binýadynda has kämil janly organizmleri /hususan-da, ösümlikleri, haýwanlary we mikroorganizmleri/ almak işleri girýär. Onuň maksady bolsa olary halk hojalygynda peýdalanmakdan ybaratdyr. Täze maddalaryň Sintezi bölüminde işleýän hünärmenler ýerli çig malyň binýadynda bäsleşige ukyply täze materiallary dörederler, şeýle hem nebiti we gazy seljermek boýunça işleri geçirerler.
Agzalanlardan başga-da, biziň ata Watanymyzyň tehnoparkynda Tejribeler, Energiýany almak we tygşytlamak, Geohabar beriş ulgamy, Dermanlyk serişdeleri, Daş-töweregi goramak, Azyk tehnologiýalary we beýleki bölümleri döretmek meýilleşdirilýär.
Türkmen hünärmenleriniň milli tehnomerkezi döretmeklige şeýle bir gujurly ýapyşmaklary biziň ýurdumyzda ýakyn wagtda ýokary tehnologik önümçiligiň hil taýdan täze ösüşini we täze innowasion pikirleriň emele gelşini synlap boljagyna ynanmaga hemme esaslary berýär. Bu işlere tehnoparkyň döwlet bilen ysnyşykly özara hereketi, şeýle hem biziň hytaýly dostlarymyzyň innowasion önümleri döretmek işinde toplan baý tejribesiniň öwrenilmegi itergi berer. Bu tejribe, hususan-da, bize diňe bir daşary ýurtlaryň oňat işläp düzmelerini däl-de, eýsem-de, milli aýratynlyklaryň hemme taraplaryny hasaba alýan öz täsin strategiýaňy anyk kesgitläp, ylmy binýady ösdürmekligi salgy berýär. Hut şu hem Hytaýyňam, Türkmenistanyňam ykdysady üstünlikleriniň esasy syry bolup durýar. Olaryň deňeşdirmeleri barada indiki makalamyzda beýan ederis.