Ï Bilimler baýramynda gelejegi nazarlap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilimler baýramynda gelejegi nazarlap

view-icon 1339
Şu gün, 2-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde 2013-2014-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan jaňlar ýaňlanar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa düýn bu baýram – Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli egindeşleri tarapyndan gowşurylan simwoliki mekdep jaňyndan beýleki ýaňlanjak ähli jaňlaryň yzygiderli häsiýetde özboluşly uçgun aljakdygy bu waka aýratyn dabara berýär. Milli Liderimiz jaň kakmak bilen, hut özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine bilimler dünýäsine we uly açyşlara, röwşen ýola ak pata berdi. Watanymyz özüniň ýaş raýatlarynyň sazlaşykly terbiýe almagy we hemmetaraplaýyn bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwlet derejesinde alada edýär.

Şu baýramçylyk güni hemme ýerlerde – paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, alysda ýerleşýän oba ýerlerinde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçiriler. Watanymyzyň ähli künjeklerinde her ýylda iň häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň onlarçasynyň açylmagy bilen şunuň ýaly dabaralar ýylyň-ýylyna has köpelýär. Şu ýyl hem täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanylyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bilim ulgamynyň köp sanly häzirki zaman binalary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilýär.

Şu okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň okatmagyň 12 ýyllyk görnüşine geçilýändigini bellemek gerek. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli we öňdengörüjilikli, milli ruhy gymmatlyklary, ýurdumyzda toplanylan tejribäni, şeýle hem bu ugurda gazanylan dünýä tejribesini özünde jemleýän özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça nobatdaky we şol bir wagtyň özünde täzeçillik başlangyjydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu gün ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän mekdeplerinde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk hatarlarynda iň ýaşajyk okuwçylara – alty ýaşly birinji synp okuwçylaryna hem sylag-sarpa goýlar. Olar okatmak işlerine dünýä standartlarynyň ornaşdyrylmagynyň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň hatarlaryna utgaşykly girişerler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýola goýlan asylly däbe görä, birinji synp okuwçylarynyň ählisine döwlet Baştutanynyň adyndan netbuklar sowgat berler. Olar okuwyň ilkinji günlerinden körpe okuwçylaryň täze bilimleri ele almagynda ygtybarly kömekçi bolar.

Şeýle hem täze okuw ýylynda ýurdumyzyň mekdeplerinde ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelleşdirme we grafika, muglumat-kommunikasiýa we innowasiýa tehnologiýalary ýaly täze dersler giriziler. Orta we ýokary hünär bilim ulgamynda ýöriteleşmegiň ugurlarynyň sanawy täze okuw mekdepleriniň açylmagynyň hasabyna baýlaşdyrylar.

Däp bolşy ýaly, täze okuw ýylynyň başlanmagynyň öň ýanynda tutuş ýurdumyz boýunça bilim işgärleriniň awgust maslahatlary geçirildi. Bu çäre ähli ýerlerde dürli okuw dersleri we ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemegiň köp taraply ugurlaryny öz içine alýan usulyýet we tejribe maslahatlarynyň guralmagy bilen badalga aldy. Şol maslahatlaryň barşynda tejribe alşyldy, geçen okuw ýylynyň jemleri jemlendi, bu ulgamyň ähli düzümleriniň işini ýakyn geljekde mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Güýz paslynyň ilkinji güni ýurdumyzyň ähli ýerlerinde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly şygar bilen ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň biraýlygyny geçirmek meselesine aýratyn üns berildi. Bu çärä taýýarlygyň barşynda hem-de awgust maslahatlarynyň çäklerinde “Çagalara ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmegiň usullary” ady bilen seminarlar guraldy. Şeýle hem orta mekdeplerde ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge bagyşlanan mekdep burçlaryny we diwarlyklaryny, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we orta mekdepleriň binýadynda maksatlaýyn okuw- türgenleşik meýdançalaryny gurnamak boýunça işler geçirildi.

Okuw ýylynyň ilkinji hepdesiniň dowamynda ýurdumyzyň ähli mekdep okuwçylary “Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edeliň!” atly diktant ýazar, 1-7-nji synp okuwçylary bolsa “Ýol yşygy - biziň dostumyz!” ady bilen geçiriljek suratlaryň we diwar gazetleriniň bäsleşiklerine gatnaşar. Biraýlygyň dowamynda şeýle hem beýleki bäsleşikler guralar, hereketli we interaktiw oýunlar, synp sagatlary, ýol gözegçiligi gullugynyň hünärmenleri bilen ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak meseleleri boýunça duşuşyklar geçiriler. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri Bilim ministrligi beýleki ministrlikler we pudaklaýyn edaralar, şeýle hem iri jemgyýetçilik guramalary, BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýaly halkara düzümleri bilen bilelikde gurar.

Ýakynda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda paýtagtymyzyň we welaýatlaryň bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen bilim işgärleriniň maslahatynda hem biziň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bu biraýlygy ýokary guramaçylyk derejesinde guramagyň meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bu ulgamda dünýäniň iň oňat tejribelerinden ugur almaga gönükdirilen bilim özgertmelerini ýokary hil derejesinde amala aşyrmak wezipeleri hem pedagogiki maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Milli Liderimiziň mekdep okuwy ulgamyny 12 ýyllyk görnüşe geçirmek baradaky taryhy ähmiýetli karary bu ýoldaky möhüm ädim boldy. Munuň özi mekdep okuwçylaryny maksatlaýyn hünäre ugrukdyrmak işini hem öz içine alýar.

Maslahatda şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda we umumybilim berýän orta mekdeplerde daşary ýurt dillerini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmaga, bu maksatlar bilen dil boýunça bäsleşikleri geçirmek işlerine aýratyn üns berildi. Mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň ussatlygyny, hünär derejesini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň işini gowulandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Bu institutyň hünärmenleriniň üstüne okuw maksatnamalaryny, usulyýet gollanmalaryny, şol sanda iň ýaşajyk mekdep okuwçylary – birinji synplylar üçin okuw kitaplaryny taýýarlamak ýaly möhüm wezipeler ýüklenendir. Körpe okuwçylar üçin bolsa, täze okuw ýylynyň başlanýan güni aýratyn ýatda galyjy, tolgundyryjy pursatdyr.

Awgust aýynda geçirilen maslahatlarda bellenilişi ýaly, umumybilim orta mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň bilim derejesini olaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna yzygiderli artdyrmak, täze netijeli usulyýetleri işläp taýýarlamak, täze okuw kitaplaryny we gollanmalary neşir etmek ýaly uly möçberli işler bilen bir hatarda, ösüp gelýän ýaş nesliň ruhy we beden taýdan kämilleşmegine hem aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralan iri möçberli sport çäresi – ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň çäklerinde 1-nji sentýabrda geçirilen ähilhalk welosiped ýörişi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlar biziň ýurdumyzyň geljegidir. Şonuň üçin hem şu gün başlanan täze okuw ýyly biziň saýlap alan ösüş we abadanlyk ýolumyz bilen mundan beýläk-de üstünlikli öňe gitmegimiz üçin Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni dörediji täze nesliň kemala gelmeginde möhüm sepgit bolmalydyr.