Sentýabr aýynyň gelmegi bilen, paýtagtda täze teatr möwsümi açyldy. Öňde bolsa ýurduň garaşsyzlyk baýramçylygy mynasibetli paýtagtyň teatrlarynda spektakllar taýýarlanylar, täze oýunlar we tomaşaçylar bilen täze döredijilik duşuşyklary geçiriler.
Türkmenistanyň Baş drama teatry özüniň ilkinji tomaşaçylaryny režissýor Eziz Işangulyýewiň goýan “Sahawat derýasy” atly watansöýjülik oýny bilen garşy aldy.
A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry täze möwsümde öz tomaşaçylaryny režissýor-oýun goýyjy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Natalýa Laukertiň goýan “Gorkuly düýş” atly spektakly bilen garşy aldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatry nobatdaky möwsümi “Görogly” operasy bilen açdy. Onuň sazyny ýazan Hudaýnazar Amangeldiýew, Türkmenistanyň Halk ýaüyjysy Atamyrat Atabaýew librettosy esasynda bu operany teatryň režissýory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Aýnazar Batyrow goýdy.
Bu sazly-drama teatrynyň repertuarynda eýýäm halkyň göwnünden turan U.Gajybekowyň “Arşin – mal alan” şadyýan spektakly, şeýle hem Myrat Ömrüň pýesasy esaynda goýlan “Bir ojakda iki dünýä” ýaly spektakllar bardyr. Häzirki wagtda teatryň döredijilik topary Türkmenistanyň garaşlygynyň 22 ýyllygy mynasibetli sahnada görkeziljek täze oýnuň üstünde işleýär.
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynda Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasy esaynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň goýan oýnunda ene-atalar we çagalar meselesi gozgalýar. Mollanepas adyndaky Talyplar teatry öz täze teatr möwsümini “Kämillige barýan ýol” atly spektakly bilen başlady.
Täze teatr möwsümi açyldy. Ýurduň teatrlarynyň döredijilik toparlaryna ýerine ýetirjek keşplerinde täze ideýalary, ylham joşgunlaryny, joşgunly döredijiligi we zehini arzuw edýäris.