Ï Täze kesgitleýji kitap taýýarlanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze kesgitleýji kitap taýýarlanylýar

view-icon 1625
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň gözleg işleriniň esasy ugurlary boýunça yglan edýän her ýylky bäsleşiginiň çäklerinde W.W.Nikitiniň we A.M.Geldimämmedowyň awtorlyk etmeklerinde Türkmenistanyň ösümliklerini kesgitleýji kitabynyň täze neşiri taýýarlanylýar.

Şol awtorlaryň 1988-nji ýylda taýýarlan öňki kitabyň neşiri ösümlikleriň 2800 görnüşini öz içine alýardy. Giňeldilen, üsti ýetirilen we häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, gaýtadan seredilen häzirki neşir öňki neşire garanyňda onda ösümlikleriň 141 görnüşi köpdür. Bu täze görnüşleri klassifikasiýa etmekligi özgertmek we ösümlikleriň täze görnüşlerini açmak bilen baglanyşyklydyr. Täze neşiri taýýarlamak bilen, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň botanika fakultetiniň müdiri Amangylyç Geldihanow mazmuny takyklamak, täze maglumatlary gözlemek we topalmak boýunça uly göwrümli işleri geçirdi.

Täze kesgitleýji kitap türkmen dilinde neşir ediler. Şunlukda ösümlikleriň atlary rus we latyn dillerine geçiriler. Täze kesgitleýji kitap neşir edilenden soňra ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, döwlet goraghanalarynyň, Gerbariý gaznasy, oba hojalygynyň hünärmenleri, ekologlar üçin uly gollanma bolar.