Ï Türkmen jigitleri täjik sirkiniň sahnasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen jigitleri täjik sirkiniň sahnasynda

view-icon 676
Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşi giň gerimlere eýe bolýar. Şunda täze taryhy döwrümizde öz ösüşinde täze badalga alan ýurdumyzyň milli sirk sungatyna hem uly ähmiýet berilýär. Sungatyň bu görnüşi bilen meşgullanmak isleýänler hem-de sirk sungatymyzyň has-da ösdürilmegi üçin Döwlet Baştutanymyzyň aladasy netijesinde ýurdumyzda hemme mümkinçilikler döredildi.

Türkmenistanyň döwlet sirkiniň özboluşly milli aýratynlygy bar. Ol aýratynlyk bolsa onuň düzüminde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” at üstündäki jigitler toparynyň bolmagydyr. Türkmen halkynyň buýsanjy bolan bedewler we olara ussatlyk bilen erk etmegi başarýan türkmen jigitleriniň at üstündäki täsin emelleri biziň gymmatly baý mirasymyzdyr. Olary dünýäde giňden wagyz etmek biziň milli Liderimiziň öňde goýýan wezipeleriniň biridir. Ýakynda Türkmenistanyň döwlet sirkiniň “Galkynyş” at üstündäki jigitler toparynyň Täjigistan Pespublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherine gidip, ol ýerde çykyş etmekleri hormatly Prezidentimiziň öňde goýan şol wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilen işleriň biri bolup durýar.

Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Döwlet sirkiniň tomaşaçylardan doly binasynda Türkmenistanyň atly sirkiniň çykyşlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Täjigistanyň öňdebaryjy ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, Duşenbe şäherinde işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem bu ýurtda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu dabaranyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona sowgat iberen “Diýar” diýen atynyň gowşurylyşy boldy.

Duşenbede bolmagynyň çäklerinde “Galkynyş” at üstündäki jigitler topary öz ähli başarnyklaryny görkezip, täjik halkynyň “Berekellasyna!” mynasyp boldular. Olaryň çykyşlary hyjuwly we saýlama ahal-teke atlarynyň kämillige ýetendikleriniň nyşanyna öwrüldi.

Täjik tomaşaçylary 10 günüň dowamynda türkmen jigitler toparynyň milli at üstündäki orän täsin galdyryjy çylşyrymly tilsimli oýunlaryna, sirk akrobatlarynyň, howadaky maşkçylaryň we şadyýan masgarabazlaryň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Dostlukly ýurduň raýatlary we olaryň myhmanlary esasan-da “Galkynyş” at üstündäki jigitler toparynyň çykyşlaryna, ondaky atlaryň gözelligine, syn-syratyna, bedewlerimiziň şaý-sepler bilen bezelişine we elbetde türkmen jigitlerimiziň geýen lybaslaryna haýran galmak bilen syn etdiler. Hut şu alamatlar täjik sirk sungatynyň ussatlary bilen bilelikde guralan çykyşlarda aýratyn tapawutlyga eýe bolandygyny nygtamak biz üçin örän buýsançlydyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň dünýäde uly şöhrat gazanan türkmen ahal-teke bedewlerine, olary ömrüniň ykbalyna öwüren türkmen atşynaslaryna döwlet derejesinde berýän ägirt uly ünsüniň netijeleridir. Şeýle guwançly ýagdaýlaryň şaýady bolan Täjigistanda ýaşaýan türkmenler bolsa özleriniň Arkadaglydygyna – türkmendiklerine buýsanýandyklaryny aýtdylar.

Duşenbede türkmenistanlylaryň görkezen bu çykyşlary olaryň öz kärdeşlerine Täjigistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygyna sowgatlarydyr. Şeýle çäreler iki doganlyk halkyň dostlukly gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda ähmiýetlidir.

Guralan şeýle çykyşlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahal-teke bedewleriniň bütin dünýä şöhratyny barha artdyrmak, türkmen jigitleriniň ussatlyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň çözülmeginde netijeli ugurlaryň birine öwrülmegine gönükdirilendir.

Çykyşlaryň tamamlaýjy gününde Türkmenistandan baran wekiliýete Duşenbede görkezen ýatdan çykmajak ajaýyp täsirli çykyşlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministri olara Hormat hatyny (gramota) gowşurdy.

Türkmen wekiliýeti Täjigistanda çykyşlaryny üstünlikli tamamlap, 21-nji sentýabrda Aşgabada dolanyp geldiler.