Ï Türkmenistan-Hytaý: dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň täze gözýetimleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Hytaý: dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň täze gözýetimleri

view-icon 694
Şu gün türkmen paýtagtynda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Iki döwletiň Baştutanlarynyň - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlangyçlaryndan gözbaş alan döredijilik forumy netijli medeni özara hereketleriň täze gözýetimlerini açyp, dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhynda ýene-de bir röwşen sahypa öwrülmäge hyzmat etmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, şu aýyň başynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Türkmenitana bolan ilkinji saparynyň çäklerinde türkmen döwletiniň Baştutany bilen HHR-iň Başlygynyň arasynda geçirilen taryhy ähmiýetli gepleşikleriň barşynda strategik türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýlandygy beýan edildi.

Köptaraply özara gatnaşyklary, şol sanda medeni-gumanitar ulgamda ösdürmäge özara gyzyklanma barada aýdylanda gadymy we baý taryhly ýurtlaryň -Türkmenistanyň we Hytaýyň, arasyndaky gatnaşyklaryň gözbaşyny asyrlaryň çuňlugyndan, Beýik Ýüpek ýoly döwürlerinden alyp gaýdandygy bellenildi. Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy we özara düşünüşilmegi pugtalandyrmak işinde medeni-gumanitar ulgamynda hyzmatdaşlyk edilmeginiň esasy ýagdaýlaryň biri bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Muňa bu ulgamda däp bolan özara hereketleriň mundan beýläk-de höweslendirilmegi, Türkmenistanyň we Hytaýyň döredijilik we ylmy işgärleriniň arasynda giň gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin amatly şertleriň döredilmegi, birek-birekde medeniýet günleriniň, sungat festiwallarynyň we beýleki çäreleriň iş ýüzünde özara geçirilmegi hyzmat etmelidir.

Şu nukdaýnazarda şu gün Türkmenistanda açylýan Hytaýyň Medeniýet günleri döwletara türkmen-hytaý özara gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda medeni alyş-çalşy etmegiň möhüm ädimleriniň biri bolup durýar. Foruma gatnaşmak üçin Guansi welaýatynyň Opera teatrynyň direktory Peng Demingiň ýolbaşçylygynda uly wekiliýet Aşgabada geldi. Wekilliýetiň düzümine aýdym-saz sungatynyň meşhur ýerine ýetirijileri, tans toparlary, şekillendiriş we amaly –haşam sungatynyň ussatlary girdiler. Däp boýunça, Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy. Çäräni Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we HHR-iň biziň ýurdumyzdaky Ilçihanasy gurady.

Köşgüň baýramçylyk görnüşde bezelen eýwanynda dostlukly ýurduň taryhy we şu güni, onuň ajaýyp tebigaty hem-de dostlukly halkyň milli däpleri barada gürrüň berýän hytaý amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Bu waka mynasybetli Mukamlar köşgüniň uly zalyna medeniýet işgärleri, giň jemgyýetçiligiň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar we paýgtagtynyň myhmanlary ýygnandylar. Açylyş dabarasynda çykyş eden Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan we Doly gytyýarly ilçisi jenap Sýao Sinhua häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň täze ösüşe eýe bolandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa forumyň medeni guramaçylygy hem-de dostlukly ýurtdan bolan myhmanlaryň mähirli garşylanandygy üçin hoşallygyny beýan edip, diplomat bu wakanyň türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky netijeli medeni aragatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigini nygtady.

Dabaranyň resmi bölüminden soň HHR-iň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Halk sazyna gadyr goýýanlar aýdym aýtmagyň we hytaý saz gurallary bolan pipede we huçirede saz çalmagyň sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Däpleri beýan edýän ýörite tanslary arkaly özboluşly hytaý halk adatlaryny açyp görkezen artistleriň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Medeniýet günleriniň makstanamasy türkmenistanlylaryň dostlukly ýurduň halkynyň özboluşly medeniýeti, gadymdan gelýän köpasyrlyk däpleri hem-de häzirki zaman üstünlikleri baradaky garaýyşlaryny giňelder.

Ertir Türkmenistanyň Şekillendirş sungaty muzeýinde hytaýyň amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň sergisi açyldyr, “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde Hytaý ýerine ýetirijileriniň konserti bolar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleriniň jemini Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň geçiriljek bilelikdäki konserti jemlär.