Ï Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

view-icon 749
Şu gün türkmen paýtagtynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Iki dostlukly ýurduň Liderleriniň başlangyjy esasynda geçirilen medeni çäre uly baýramçylyk dabarasyna öwrüldi we dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýän türkmen we hytaý halkarynyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda ýene bir sahypany ýazdy. Birek-biregiň däplerine, sungatyna we baý ruhy mirasyna halklarymyzyň uly hormat goýýandygyny alamatlandyran bu çäre medeni-ruhy gymmatlyklary işjeň alyşmaga kuwwatly itergi berdi.

Özboluşly ajaýyp medeniýeti bilen tanyşdyrmak üçin düzüminde belli ýerine ýetirijiler, aýdym-saz ussatlary we balet sungatynyň wekilleri, Hytaýyň gadymy el işleriniň ussatlary bolan topar Aşgabada geldi.

Mukamlar köşgüniň we “Türkmenistan” kinokonsert merkezleriniň sahnalarynda hytaýly artistleriň aýdym-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.

Däp bolan halk aýdymlarynyň we tanslarynyň ýörelgeleriniň çeper ýerine ýetirilmegi bilen gadymy hytaý rowaýatlary utgaşyklykda ýerine ýetirilen çeper-horeografik çykyşlar medeni maksatnamanyň esasyny düzdi. Gadymy dessurlar esasynda we owadan sahna lybaslarynda ertekileriň gahrymanlarynyň janly keşpleri tomaşaçylary haýran galdyrdy. Sahnada çykyş edenleriň balet sungatynyň ajaýyp nusgasynyň we çylşyrymly horeografik hem-de tans hereketleriniň sazlaşygy has-da täsirli boldy. Hytaýly ýerine ýetirijä we gadymy hytaý gurallaryny çalmagyň ussady özüniň ajaýyp çykyşyny hem-de bokurdak heň sungatynyň aýratynlygyny görkezdi.

El hünäriniň gadymy däplerini dowam edýän ussatlar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan milli hytaý lybaslarynyň we ýüpek önümleriniň sergisinde öz işlerini görkezdiler. Ýüpekler arkaly döredilen suratlar özleriniň çeperçiligi, reňkleriň sazlaşygy, olarda janlandyrylýan şekiller, ertekileriň gahrymanlary, şeýle hem gadymy hytaý suratkeşligi esasynda döredilen el işleri sergä gatnaşyjylara oňat täsir etdi.

Ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hytaý sungatyna gadyr goýýanlaryň gatnaşmagynda geçirilen Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy.

Oňa gatnaşyjylar milli medeniýetleriň ösüşiniň we bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyny şertlendirýän köpugurly gumanitar hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, döredijilik forumy iki halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baýramçylygyna öwrüldi we medeniýetleriň özara baýlaşmagy üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Iki ýurduň estrada artistleriniň, meşhur ýerine ýetirijileriniň, folklor we tans toparlarynyň bilelikdäki konserti dabaraly çäräniň jemlemesine öwrüldi.

Medeniýet günleriniň maksatnamasy türkmenistanlylara dostlukly ýurduň halkynyň özboluşly medeniýeti, köp asyrlyk däpleri we häzirki ýeten derejesi barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berdi. Biziň ýurdumyzyň myhmanlary şeýle hem türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň özboluşly gymmatlyklary bilen tanyşdylar.