Ï Aşgabat “ýyldyzjyklary” garşy almaga taýýarlyk görýä r
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat “ýyldyzjyklary” garşy almaga taýýarlyk görýä r

view-icon 899
Gökderede ýerleşýän “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş merkezi ýurduň ähli künjeginden gelen çagalaryň duşuşyk ýeri boldy. Bu ýere 1998-nji ýyldan bäri her ýyl Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilýän çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-sazly bäsleşigine gatnaşyjylar ýygnandy.


Türkmenistanyň Bilim, Medeniýet ministrlikleri, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, şeýle hem welaýatlaryň we paýtagtyň häkimlikleri bu bäsleşigiň guramaçylary bolup çykýş edýärler. Döredijilik bäsleşikleriň saýlama tapgyrlarynyň ýeňijileri bäsleşigiň jemleýji – döwlet tapgyryna gatnaşdylar. Bu bäsleşik ýüzlerçe ýaş aýdymçylary, tansçylary, sazandalary, gepleýiş žanyrynyň we sahna sungatynyň artistlerini, şol sanda teatrlaşdyrylan we folklor toparlarynyň düzüminde çykyş edýänleri bir ýere ýygnady.

Çagalar on günüň dowamynda gökderäniň sagaldyş merkezinde wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirýärler. Çagalaryň taýynlykdan boş wagtlary olar üçin medeni-gyzykly maksatnama taýýarlanyldy. Bu maksatnama paýtagta we onuň töweregine syýahatçylyk etmegi, çagalar dynç alyş we güýmenje merkezlerine baryp görmegi öz içine alýar. Her günki maksatnamany bolsa “Dostluk agşamlary” ady bilen geçirilýän çärler tamamlaýar. Onuň dowamynda aýdym-sazlar ýaňlanýar, şadyýan tans kompozisiýalary ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem agşamlaryna meşhur medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklar geçirilýär. Meşhur myhmanlar bäsleşige gatnaşyjylary öz edebi eserleri, çeper işleri bilen tanyşdyrýarlar, öz döredijilik üstünlikleri hakynda gürrüň berýärler, öz hünärleriniň syrlary barada pikir alyşýarlar hem-de çagalaryň sowallaryna jogap berýärler.

Ýöne günüň köp bölegi jemleýji tapgyra taýýarlyk görmek bilen geçýär. Bäsleşige gatnaşyjylaryň taýýarlik işleri paýtagtyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň sahna meýdançalarynda geçýär. Bu ýer ýaş zehinliler üçin duşuşyk ýerine öwrüldi. Bu ýerde bäsleşik sanlary gözden geçirilýär, ýaş artistlere gerek bolan maslahatlar berilýär. Iň gowularyň biri bolup we Gala-konsertde üstünlikli çykyş etmek çagalaryň baş maksady bolup durýar.

Bu dabaraly çäre 30-njy sentýabrda Aşgabatda Kongresler köşgünde geçiriler. Bu ýerde ýurduň paýtagtyna we welaýatlaryna wekilçilik edýän iň zehinlileriniň atlary belli bolar. Bäsleşigiň ýeňijilerine ýurduň Prezidentiniň adyndan ýeňijileriň ýörite diplomlary we gymmat bahaly sowgatlar garaşýar. Döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylaryň beýlekilerine hem ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.