Syýahatçylygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň dünýä ykdysady, medeni, maglumatlar giňişligine goşulyşmagynyň möhüm ugry bolup durýar. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy tejribelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek bilen, häzirkizaman ulag kommunikasiýalary dürli ugurlar boýunça uzaýar.
Türkmenistanda syýahatçylyk toplumyny ösdürmekde BMG-nyň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegi möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan bu abraýly halkara guramasy tarapyndan geçirilýän iri çärelere işjeň gatnaşýar. Öz nobatynda, Halkara syýahatçylyk guramasy biziň ýurdumyza bu pudagy ösdürmek nukdaýnazaryndan hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini beýan edýär.
Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda syýahatçylygy ösdürmek maksatnamasy ýokary baha we Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan ýokary goldawa eýe boldy. BMG-nyň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Taleb Rafai biziň ýurdumyzda bolan wagtynda we onuň mümkinçilikleri bilen tanyş bolan mahalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara syýahatçylygyny ösdürmekde bahasyna ýetip bolmajak goşandynyň bardygyny ykrar etmek bilen, Türkmenistanyň golaý wagtda Aziýanyň syýahatçylyk merkezine öwrüljekdigini belledi.
Türkmenistanyň syýahatçylyk taslamalaryny BMG-nyň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň synag, marketing we syýahatçylyk hyzmatlaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, işgärler we syýahatçylygy ylmy taýdan üpjün etmek, şol sanda maslahatlary we amaly maslahatlary guramak babatda goldamagy hyzmatdaşlygyň wajyp ugry bolup durýar.
Türkmen tarapy Halkara syýahatçylyk guramasy bilen hyzmatdaşlygyň kesgitlenen ýoluny saýlap almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin anyk maglumatlar “bukjasyny” döretdi. Bu ýerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy esasy ugur bolup çykyş edýär. Bu taslamany halkara derejesinde maglumatlar taýdan goldamakdan, ony syýahatçylyk önümleri bilen daşary ýurt bazarlaryna çykarmakdan, myhmanhana hojalygyny, işjeň dynç almaklygy guramak ulgamynda tejribeleri alyşmaklygkdan, ýaş şypahanany ösdürmekde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meselelerinden ybaratdyr.
Täze geljegi uly bolan halkara syýahatçylyk ugry hökmünde dünýä ýüzünde Türkmenistana bolan gyzyklanmamyň artýandygyna BMG-nyň Halkara syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Taleb Rifainiň 2013-nji ýylyň dowamynda biziň ýurdumyza iki sapar gelmegi, onuň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmagy şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Syýahatçylyk pudagynyň maýa goýujylar jemgyýetiniň müdirligi bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli geçirilip durulýar. Bu abraýly gurama eýýäm “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda myhmahanalar toplumynyň işgärleri üçin uzakmöhletleýin okuw maslahatlaryny birnäçe sapar gurady. Halkara bilermenleriniň işjeň gatnaşmagynda geçirilýän bu maslahatlaryň esasy maksady bolsa çalt depginler bilen ösýän pudaga hazirkizaman standartlaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň dowamynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagyna maýa goýujylar jemgyýetiniň müdirliginiň geňeşiniň başlygy jenap Turgut Gýuri iki sapar kabul etdi. Mundan hem başga, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinde Türkiýäniň döwlet we hususy kompaniýalarynyň wekilleri bilen iş duşuşyklary geçirildi. Bu bolsa özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmaga, tejribeleri alyşmagy işjeňleşdirmäge we syýahatçylyk senagatynda maýa goýumlaryny gazanmaga itergi berdi.
Halkara hyzmatdaşlygy we ösüşi boýunça Türkiýe hökümetiniň guramasynyň (TIKA) taslamasy ikitaraplaýyn özara hereket etmegiň üstünlikli mysallarynyň biri boldy. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary we Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk boýunça orta hünär okuw mekdebiniň okuwçylary Türkiýäniň belli dynç alyş merkezlerine tejribe almaga ugradylýar.
Türkmenistanyň dürli ýöriteleşdirilen halkara syýahatçylyk guramalary bilen syýahatçylygy ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy maýa goýumlaryny çekmäge goldaw bermek, syýahatçylyk önümlerini herekete getirmek, işgärleri taýýarlamak ýaly umumy meseleleriň çözülmegini üpjün etmelidir.