Asylly däbe görä, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Aşgabatdaky Maslahat köşgünde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileriniň gala-konserti boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde ýaş türkmenistanlylaryň arasynda guralýan döredijilik gözden geçirilişi ýurdumyzyň ähli künjeklerinden aýdym-saz babatda iň zehinli çagalaryň ýüzlerçesini özünde jemleýär. Bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleri, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilelikde guraýar. Bäsleşigiň deslapky tapgyrlary däp boýunça ýerlerde geçirilýär.
Öz sebitlerinde ýeňiji bolup, iň gowylar diýlip ykrar edilen çagalar mähriban Watanymyz hakyndaky aýdymy göni ýaýlymda tutuş ýurdumyz üçin ýerine ýetirmek ýaly asylly arzuwy durmuşa geçirmek maksady bilen, Aşgabatda duşuşdylar. Olar häzirki ajaýyp eýýamy wasp etdiler we milli Liderimiziň tagallasy netijesinde bagtyýar döwrüň gelendigini aýtdylar.
Jemleýji bäsleşige gatnaşyjylar birek-birek bilen tanyşdylar we dostlaşdylar. Olar birnäçe gün mundan ozal Gökderedäki “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş merkezinde duşuşdylar. Ol ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen körpeler üçin ähli zerur şertler döredildi. Olaryň ýaşaýan otaglary ähli amatlyklary özünde jemlemek bilen, merkezde göwnejaý dynç almak we sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir.
Çagalar her gün ir bilen Aşgabatdaky Maslahat köşgüne gelip, ol ýerde paýtagtymyzyň wekilleri bilen bilelikde birnäçe sagatlap taýýarlyk işlerini alyp bardylar we özlerini sahna ussatlygyny kämilleşdirdiler.
Bäsleşigiň öňüsyrasyndaky günleriň tertipnamasyna laýyklykda, onuň guramaçylary ýaşajyk artistler üçin dürli medeni çäreleri taýýarladylar. Her gün türgenleşikden soň bäsleşige gatnaşýan çagalar paýtagtymyzyň ajaýyp ýerlerine gezelenç etdiler, şäheriň dyns alyş merkezlerine, muzeýlerine baryp gördüler. Günüň ahyrynda bolsa döredijilik agşamlary guralyp, onda mähriban Watanymyza bolan söýgüni wasp edýän joşunly aýdym-sazlar ýaňlandy, goşgular okaldy.
Ine, indi bolsa aýgytlaýjy pursat gelip ýetdi. Bäsleşigiň jemleýji gününde ýurdumyzyň ýaşajyk estradaçylary paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde geçiriljek gala-konserte gatnaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.
Deslapky bäsleşigiň ýeňijileriniň bilelikde ýurdumyzyň Döwlet senasyny ýerine ýetirmegi şu günki çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Soňra bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlag çärä gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.
Milli Liderimiziň öz Gutlagynda belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillerimiziň döredijilik we zehin taýdan ösmegi, döretmäge, gurnamaga bolan artdyrmak üçin örän oňaýly mümkinçilikleri döredýäris. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde ýaş nesillerimiziň häzirki taryhy zamanamyzyň döredijilik ylhamyny özünde jemleýän hem ýaş zehinleriň arasynda hakyky ýyldyzlary saýlap-seçýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň örän uly ähmiýeti bar. Bu döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady zehinli, giň gözýetimli, maksada okgunly, watansöýüji nesili kemala getirmekden, bagtyýar çagalarymyzyň döredijilik we zehin başarnyklaryny ösdürmekden, ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdrmekden, milli medeniýetimiziň köp öwüşginli we gymmatly däplerini dowam etdirmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Dabara gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Biz—bagtyýar çagalar” atly şahyrana-sazly kompozisiýa bilen baýramçylyk konserti başlandy. Bu çykyş döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ýurdumyzda ähli amatly şertleri döretmek hakyndaky atalyk aladasyna bagyşlandy. Çagalar sahnada ajaýyp çykyşlarynyň üsti bilen ähli nurana arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşamagyň bagtdygy baradaky sungat eserini beýan etdiler.
Soňra belent ruha beslenen, deslapky bäsleşiklerde ýeňiji bolan çagalar biri-biriniň yzyndan sahna çykyp, tomaşaçylara özleriniň joşgünly çykyşlaryny ýetirdiler. Birnäçe wagtyň dowamynda bu ýerde belent owazly aýdymlar ýaňlandy, joşgünly tanslar ýerine ýetirildi, türkmen halkynyň şöhratly ruhy däp-dessurlaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda berkarar bolan bagtyýar çagalygy wasp edýän edebi-sazly we folklor çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Dabara gatnaşyjylaryň yzy üzülmeýän el çarpyşmalary astynda konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren aýdymy şu günki dabaranyň jemleýjisi boldy. Bäsleşigi guraýjylar onuň ýeňijilerini yglan edýän we iň zehinli ýerine ýetirijileri bäsleşigiň ýeňijisiniň derejesi bilen sylaglamak baradaky çözgüdi okaýan mahaly hem dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalarynyň yzy üzülmedi.
Ýeňijilere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly baýraklar we bäsleşigiň diplomlary gowşuryldy. Şeýle hem bu günki çärä gatnaşyjylaryň hemmesine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi çagalaryň mundan beýläk-de joşgunly çykyşlara we belent derejelere mynasyp bolmaga höweslendiren ýagdaý boldy.