Ï Saglygyňy bejertmäge – syýahatçylyk ýoillanmasy boýunça
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saglygyňy bejertmäge – syýahatçylyk ýoillanmasy boýunça

view-icon 51874
Durmuş tejribesinden ýüki ýetik paýhasly ýaşulular tebigatyň özüniň adamy bejerýändigini, ýöne oňa her bir sökelligi bejermek üçin mümkinçiligi bermeli diýip aýdýarlar, onuň kesel berijilik, melhemlik aýratynlyklaryna eýedigini, onuň şepagatly güýjüni duýmak üçin onuň bilen sazlaşykly we ylalaşykda ýaşamak gerekdir. Hünärment bilimlerine we başarnyklaryna eýe bolan lukman biziň tebigata bolan garaýşymyzda ünsli araçyl we duýgur kömekçi kömekçi bolup biler. Bu sözler Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň biziň ýurdumyzyň tebigy şypahanalryna bagyşlanan “Türkmenistan – melhemler mekany” kitabyndan alyndy. Olaryň iň meşhurlaryny siüe ýetirýäris.


“Arçman” şypahanasy 1951-nji ýylda açylýar hem-de tiz wagtdan uly meşhurlyga eýe bolýar. Soňky ýyllarda ol – dünýä kurortologiýa tendensiýalar ugrunda täze ösüşe eýe boldy. Tebigat tarapyndan döredilen we adam tarapyndan abadanlaşdyrylan bu şypahanada bu günki gün bejeriş almak we dynç almak üçin ähli amatlyklar döredilendir. Bu ýerde kesel anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümleri işleýär. Bu şypahananyň tehniki taýdan üpjün edilşi häzirkizaman klinikalardan pes däldir. Bu ýerde ultrases, endoskopik, elektrokardiologik we bronhoskopik barlaglaryny, şeýle hem rentgen barlaglaryny geçirmek bolýar. Şypahanada stomatolog, okulist, lor lukmany, gastroenterolog ýaly belli bur ugur boýunça işleýän lukmanlar lukmançylygyň soňky çykarylan kliniki-barlaghana tehnikalary bilen üpjün edilen enjamlary bilen hyzmat edýärler.


Şypahananyň bejeriş aýratynlygy esasan mineral suwy bolup durýar. Şypahahanyň suwunyň düzüminde Mendeleýewiň tablisasynyň elementleriniň 24-si ýüze çykarylandyr. Özi hem onuň bejeriş aýratynlygy bolan suwunyň diňe bir agyz suwy hökmünde ulanylman, eýsem balneologiki proseduralarynda peýdalanmaga hem mümkinçilik berýär. Bulardan başga hem, şypahanada döwrebap enjamlaryň kömegi bilen mehanoterapiýanyň we ýagtylyk, elektrouky we magnitoterapiýa arkaly bejermegiň, iňňeleri ulanmak arkaly reflekoterapiýanyň netijeli usullaryny hem-de darsenwal tolkunlarynyň täsirlerini, parafinoterapiýany şöhleli wannalary, bejeriş maşkyny we başga-da birgiden usullary ulanmak bolar. Şypahananyň hut şeýle bejeriş usullarynyň bolmagy diňe biziň ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň arasynda däl, eýsem, ýakyn we uzakdaky daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir.

“Ýyly suw” şypahanasy bu günki gün “iň oňaýly” derejelei myhmanhanalary ýaly dynç alýanlara ähli amatlyklary hödürleýär. Şypahananyň işinde suw bilen bejerilişe we kesel bejerilişe aýratyn orun berilýär. Şeýlelik bilen, bu şypahana guýularyň altysyna eýedir. Olaryň dördüsinden – wanna hökmünde ulanylýan kükürtli wodorodly mineral suwlary akýar. Biri ýod brom suwly, beýlekisi ýod mineral suwludyr. Bu suwlar üç keselde – aşgazan-içege, öt halta, aşgazan astyndaky mäziň sowuklamasy ýaly keseleri bejermek üçin ulanylýar. Suwuň düzüminde ýoduň bolmagy alkym çişmesiniň öňüni almaga mümkinçilik berýär. “Ýyly suwuň” termal suwlary bilen bejerilmek der kesellerini we daýanç-hereketlendiriji, böwrek kesellerini we peşew-jyns ulgamyny, merkezi nerw ulgamyny, daşky nerw ulgamyny, II görnüşdäki süýji keselini, agyrlygyň ýeňil we orta derejesini, kompression döwrüni, semizligiň derejeleriniň ählisini bejermek teklip edilýär


Mundan hem başga, “Ýyly suw” şypahanasynyň üç bölümi – keselleriň öňüni alyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümleri bolup, keselleriň öňüni alyş gözleglerini geçirmäge we öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, gerek bolan şertleriň ählisine eýedir.

“Berzeňňi şypahanasy” Aşgabadyň günortasynda Merkezi Köpetdagyň eteginde ýerleşmek bilen, paýtagtyň Kardiologiýa ylmy-kliniki keselhanasynyň ylmy-balneologiki bölümidir. Bu ýerde dikguýudan sekuntda 7 litr suw ýokary atylyp çykýar. Onuň minerallaşmagynyň derejesi ¾ g/dm kuba barabardyr, düzüminde sulfat, magniý, kaliý bardyr. Bu täsin suw hemişe 37 gradus ýylylyk derejesinde saklanýar.

Häzirki wagtda Berzeňňi bejeriş merkezi şäher tipli profilaktiki şypahana bolup, bu ýerde ötüşmedik keselleriň bejerilişi we profilaktika boýunça ýylyň bütin dowamynda näsag adamlara hyzmat edilýär. Özünde taý tapylmaýan kono-kation düzümi hem-de köpsanly mikroelementleri saklaýan bu ajaýyp suw giň terapewtiki mümkinçiliklere eýedir. Olar agyr ýokanç kesellerden soň adamyň bedeniniň çalt dikelmegine, onuň ýokaç kesellere garşylygyny ýokarlandyrmaga diýseň netijeli ýardam berýär.


Munuň üçin bu ýerde ähli şertler döredilendir. Otaglaryň ählisi iň häzirkizaman lukmançylyk enjamlary – ultrases öňüni alyş enjamy, ýüregiň elektrokardiografiýasy (EKG), ýüregiň holterow monitirlenmegi, şeýle hem arterial gan basyşyň gije-gündüzleýin monitirlenmegi, şöhlen bilen bejeriş, parafin we ozokerit bilen bejeriş, iňňerefleksoterapiýa bejerilişi hem-de bedenterbiýe bilen bejeriş otagy bilen üpjün edilendir. Elbetde, esasy bejeriş usuly mineral suwy bolup durýar. Ol wanna, duş we gidroowkalama arkaly geçirilýär.

Alymlar köp ýyllaryň dowamynda “Berzeňňi” çeşmesiniň suwunyň bejeriş aýratynlyklaryny öwrenip gelýärler. Olar dürli keselleri bejermek boýunça ylmy-gözleg işlerini geçirýärler. Bu günki gün keselleriň sanawy düzüldi. Bu keselleri bejermekde “Berzeňňi” suwwy özüniň has netijelidigini ýüze çykardy. Olaryň arasynda – ýürek-damar ulgamynyň kesellerini, dem alyş ýollarynyň, iýmit siňdiriş synalarynyň, merkezi we periferik nerw ulgamynyň, daýanç-hereketlendiriş apparatynyň synalarynyň, deri keselleriniň we ýangynyň bejerişini görkezmek bolar.


“Mollagara şypahanasy” Türkmenistanyň günbatarynda, Balkanabat şäherinden 24 kilometr gapdalda, gadymy Uzboýuň hanasynyň gündogar kenarynda ýerleşýär. Onuň bejeriş aýratynlyklary bejeriş duzuna baý bolan bejeriş palçygy we mineral suwy bolup durýar. Duzly mineral suwy natriý hloruna, kalsiý hloruna, magniýa we broma baýdyr. Mollagara kölüniň suwunyň minerallaşmagy ýokarydyr, has takygy, ol her bir litrde 200-250 milligrama barabardyr. Şonuň üçin hem adam suwuň düýbüne çökmän, onuň ýüzünde saklanyp bilýär. Ýylyň möwsüminiň çalşyp durmagy bilen kölüň suwunyň himiki düzümi üýtgäp durýar. Bu ýerde daýanç-hereketlendiriş böleginiň keselleri, artritleri, nerw ulgamy, osteohondrozy, bilagyry, beýni süňküniň zeper ýetmesini, önelgesizligi, peşew-jyns ulgamyny, duz ýygnanmasy bejerilýär.

Bu günki gün “Mollagara” şypahanasy täze gurluşuklaryň toplumyndan – 500 orunlyk täze şypahana bejeriş binasyny, SPA merkezinden, durky täzelelnen iki gatly bejeriş-sagaldyş binasyndan, çagalar bölümi binasyndan ybaratdyr. Duzly kölüň kenarynda açyk howada saglygyňy dikeltmek üçin umumy meýdany 1,5 gektar bolan 300 orunlyk solýariý we 2400 litr suwy saklamaga niýetlenen suw howdany bardyr.

“Mollagara” şypahanasynda palçyk bilen bejermek, rapa bilen bejermek, fizoterapiýa, sowuk bilen bejermek, ýokary atmosfera basyşy bilen bejermek, Garagumyň çyzgyn çägesi bilen bejermek, gyzgyn daşlar bilen, duzly we mineral howa bilen ingalýasiýa, ozon bejerişi, fitoterapiýa, SPA ýaly, bejermegiň netijeli usullary ulanylýar.

Baýramalay şypahanasy diňe bir türkmenistanlylarda däl, eýsem dünýäniň dürli künjeginden saglygyny bejertmek üçin gelýänlerde, köp sanly syýahatçylaryň arasynda hem uly meşhurlyga eçedir.


Gara deňziň şypahanalry bilen deňeşdireniňde, Baýraalynyň çyglylygy 20 sapar pesdir. Bu bolsa böwrek we ýürek-damar kesellerini bejermek üçin oňaýly şertleri döredýär. Bu ýerde dýnç almak üçin gerek bolan şertleriň ählisi döredilendir – fizioterapewtiki bejerişiň ähli görnüşleri, owkalama, iňňe sançmak, bejeriş wannalary geçirilýär, sport zaly we beýlekiler bardyr. Ýöne, gün şöhlesi – gelioterapiýa we howa bilen – aeroterapiýa bilen bejermek bu ýeriniuň esasy gbejeriş görnüşleridir.

Şypahanada bir möwsümiň dowamynda 20-25 müň töweregi adam öz saglyklaryny dikeldýärler. Köp ýyllaryň dowamynda geçirilen gözlegleriň netijesinde, Baýramaly şypahanasynyň hakykatdan hem adamlaryň saglygyny dikeltmek üçin jadylaýjy ýerdigini kesgitli aýdyp bolar.