Ï “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry

view-icon 786
Her ýyl bu döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ähli welaýat we Aşgabat şäher häkimlikleri “Ýaňlan, Diýarym!” döredijilik bäsleşiginiň guramaçylary bolup durýarlar.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden aýdyň we köptaraply başarjaň ýerine ýetirijileriň ýüzlerçesi her ýyl ýaşlaryň arasynda meşhur bolan aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileri diýen hormatly ada eýe bolmak üçin bu döredijilik ýaryşyna gatnaşýarlar, olar dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylarydyr, ýokary we ýörite orta mekdepleriniň talyplarydyr, ýaş harby gullukçylardyr, medeniýet edaralarynyň we beýleki ugurlaryň işgärleridir.

Deslapdan köptapgyrly seçip alyş tapgyrlarynyň barşynda ýeňşe iň mynasyp dalaşgärler ýüze çykarylýar. Şol tapgyrlar Aşgabatda we ähli welaýatlarda geçirilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýaş ýerine ýetirijileriň iň oňatlarynyň topary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji konsertine gatnaşyjylar bolýarlar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bäsleşige gatnaşyjylara gutlagy aýratyn ruhubelentlik we şowhunly el sarpyşmalar bilen garşylandy. Türkmen döwletiniň Baştutany olara ýüzlenmek bilen täze zehinleri ýüze çykarmakda hem-de türkmen medeniýetini mundan beýläk-de ösmegini üpjün etmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň gymmatly goşandyny belledi. Biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler we giň möçberli iş çeper görnüşde, özüne çekiji aýdym-sazlarda mynasyp beýan edilýär, olar bütin dünýäde hem giňden wagyz edilýär. Höwesjeň ýaş aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşigi biziň ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olary sungat äleminde wagyz etmäge uly ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Häzirki bäsleşigiň barşynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden başarnykly aýdymçylaryň jemleýji bäsleşige çykmagy ýaş ýerine ýetirijileriň halkymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan täze nesliniň Türkmenistanda kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz öz gutlagynda nygtady.

“Siziň merdana halkymyzyň şan-şöhratly taryhyna, mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna, milli medeniýetine, sungatyna, şabram şelpeli, şirin nagmaly senedine yhlasyňyzyň, höwesiňiziň, söýgüňiziň we guwanjyňyzyň çäksizdigine, şeýle hem milli aýdym-saz sungatymyzy kämilleşdirmek maksady bilen täze aýdymlary we sazlary döretjekdigiňize pugta ynanýaryn”. Döwlet Baştutanymyzyň öz döredijiliklerine şeýle uly üns bermeginden ruhlanan baýramçylyk konsertine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu mähirli sözlerine we nesihatlaryna jogap edip şu gün paýtagtymyzyň sahnasynda halk aýdymlaryny hem-de häzirki zaman türkmen kompozitorlarynyň eserlerini aýratyn joşgunlylyk we özüne çekijilik bilen ýerine ýetirdiler.

Jemleýji tapgyra çykanlaryň ählisi üçin bu jemleýji konsert ýurdumyzyň estrada äleminde arzyly meşhurlyga eýe bolmagy we ýurdumyzyň uly sahnasyna çykmagy üçin ýene-de bir mümkinçilik bolup durýar. Aýdym aýtmak ussatlygy, özboluşly ýerine ýetirijilik ukyby we çykyş etmek başarnygy bäsleşigiň bütin dowamynda çykyş eden ýaş aýdymçylar üçin talap edilýän ölçegler boldy. Bäsleşigiň ýeňijileriniň köpüsi üçin bu döredijilik synagy üstünlikli boldy. Oňat çykyş etmäge ynam arzyly ýeňşe çynlakaý dalaş boldy.

Ony guraýjylar bäsleşigiň jemini jemlemek bilen, milli Liderimiziň üns bermegi we goldamagy netijesinde bu ägirt uly döredijilik bäsleşigi ýylsaýyn öz hatarlaryna ýaş nesliň döredijilik taýdan zehinli wekillerini barha köp çekýär, olar öz aýdym-sazlary bilen berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzy ussatlarça hem-de ruhubelent wasp edýärler diýip bellediler. Bäsleşik ýylsaýyn oňa gatnaşyjylaryň hünär ussatlyklarynyň ýokarlanmagyny görkezýär, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş zehinleriň hemmetaraplaýyn döredijilik ösüşi hakynda aýratyn alada edýändigini ýene bir gezek tassyklaýar.

Ýurdumyzda joşgunly döredijilik işi bilen meşgullanmak, başarjaň aýdymçylary, sazandalary ýüze çykarmak üçin ähli şertler döredildi, olar öz sahna ussatlyklary bilen meşhur bagşylaryň, özboluşly sazandalaryň we milli aýdymlary ýerine ýetirijileriň işini dowam etdirmek bilen, türkmen aýdym-saz sungatynyň şöhratyny artdyrýarlar.

Biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler we uly möçberli iş, milletimiziň ruhy-medeni hazynasyny baýlaşdyrýan aýdym-saz eserleriniň peýda bolmagynyň dowam etmegi häzirki zaman ýaş ýerine ýetirijileriň döredijiliginde, olaryň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özüneçekiji aýdymlarynda we sazlarynda hakykatdan hem öz beýanyny tapýandygy guwançlydyr.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň her biriniň başarjaň çykyşyny haýran galmak bilen goldan köpsanly tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary aýdym-saz eserlerini ýaş ýerine ýetirijileriň ajaýyp döredijilik başarnyklarynyň subutnamasy boldy.

Bäsleşigiň maksatnamasynyň şertleri boýunça oňa gatnaşyjylaryň her biri iki aýdymy tomaşaçylara hödürlediler. Däp boýunça ýaş aýdymçylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Ýaňlan, Diýarym!” atly jemleýji aýdym Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň öňüsyrasynda ajaýyp baýramçylyk çykyşy boldy.

Ahyrsoňy bäsleşigiň jemlerini yglan etmegiň köp garaşylan pursady gelip ýetdi. Şowhunly el çarpyşmalar astynda ýeňijileriň atlary yglan edildi, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite diplomlara we pul baýraklaryna mynasyp boldular.

Ýaş höwesjeň artistler milli Liderimiziň edýän aladasyna jogap edip, öz Ýüzlenmesinde döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini we öz ruhubelent döredijilik zähmeti bilen mundan beýläk-de mähriban Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe onuň ösüşiniň ähli ugurlarynda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri şöhratlandyrjakdyklary baradaky ynandyrmalaryny aýtdylar.