Ï Bilim özgertmeleriniň nobatdaky tapgyryny durmuşa geçirmegiň ilkinji aýynyň jemleri jemlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilim özgertmeleriniň nobatdaky tapgyryny durmuşa geçirmegiň ilkinji aýynyň jemleri jemlenildi

view-icon 8395
Täze okuw ýylynyň başlanaly bäri bir aý geçdi. Şu okuw ýylynyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de birinji synp okuwçylaryň arasynda alty ýaşly çagalaryň bolmagydyr. Hut şol çagalar Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjynda we ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli bilim özgertmeleriniň täze tapgyryny durmuşa geçirmegiň barşyna gönüden-göni gatnaşyjylary bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň mart aýynda “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky” Permana hem-de degişli Karara gol çekdi. Bu resminamalar häzirki döwrüň talaplaryna, iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän netijeli we çeýe milli bilim ulgamyny döretmäge gönükdirilendir. Şol resminamalarda diňe bir döwletiň bilim syýasatyny kadalaşdyrýan çäreleriň toplumy bellenilmän, eýsem olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň ählisiniň ileri tutulýan ugurlarynyň täze many – mazmuny öz beýanyny tapdy.

Häzirki zaman türkmen mekdebi mundan beýläk-de özgertmegiň esasy maksady öňdebaryjy dünýä tejribesine we halk mugallymçylygyň baý mirasyna daýanyp irki tapgyrlarda çagalaryň ukyplaryny ýüze çykarmakdan we ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle hem geljekki ýyllarda olardan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrmagyň dowam etdirmäge ukyply ýokary hünärli işgärleri ýetişdirmek hem esasy wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen aýyň bilim ulgamynda täze, hakyky taryhy ähmiýetli özgertmeleriň tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyrýandygyny ynamly aýtmak bolar.

12 ýyllyk bilime geçilmegi bu işe gatnaşýanlaryň ählisiniň öňünde täze wezipeleri goýdy. Täze okuw ýylynyň başyna çenli umumy bilim berýän mekdepleri 12 ýyllyk möhletli okuwa geçirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda dünýä standartlaryna ýakynlaşdyrylan we milli okuwyň däplerini göz öňünde tutýan esasy okuw meýilnamasynyň hem işlenip taýýarlanandygyny we tassyklanylandygyny bellemelidirs. Mekdepleriň ýolbaşçylary hem-de mugallymlary üçin täze okuw meýilnamalary we maksatnamalary boýunça okuw maslahatlary guraldy.

Alty ýaşly çagalaryň okaýan birinji synplary üçin täze okuw kitaplary, okuw gollanmalary hem-de iş depderleri taýýarlanyldy. Mekdep synplary birinji synp okuwçylarynyň ýaşyna laýyk gelýän enjamlar (oturgyçlar, tagtalar we beýlekiler bilen) üpjün edildi. Olarda sapaklaryň hem-de arakesmeleriň başlanýandygyny habar berýän ýörite jaňlar oturdyldy. Şunda alty ýaşly çagalaryň sapagynyň 35 minut dowam edýändigi göz öňünde tutuldy.

Synp otaglarynda ýerleşdirilen diwarlyklar we beýleki görkezme esbaplary dersleri oýun görnüşinde özleşdirmäge ýardam edýän özboluşly bezeg bilen tapawutlanýar. Alty ýaşly hem-de ýedi ýaşly birinji synp okuwçylarynyň ýaşynyň arasyndaky tapawudy nazara almak bilen, Bilim ministrliginiň işgärleri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri bilen bilelikde şu ýaşdaky çagalaryň kadaly şertlerde okamagyny, arassaçylyk – gigiýena kadalaryny hem-de okuw – terbiýeçilik işini guramaga bildirilýän belýeki möhüm talaplary göz öňünde tutýan maslahatlary işläp taýýarladylar.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda we ilkinji günlerinde ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde okuwçylaryň ene-atalary bilen duşuşyklar geçirildi. Olara alty ýaşly okuwçylary okatmagyň aýratynlyklary barada jikme-jik gürrüň berildi, körpeler üçin işlenip taýýarlanan okuw maksatnamalary, gün tertibi bilen tanyşdyryldy. Ene-atalara çagalary öýde taýýarlamak, olaryň mekdep durmuşynyň şertlerine uýgunlaşdyrylmagy barada maslahatlar berildi, olara kiçi ýaşly okuwçylarda sapaklara, mekdebe söýgi döretmegiň ýollary hakynda gürrüň berildi. Bu maslahatlar mugallymlaryň hem-de metodistleriň gatnaşmagynda ýörite taýýarlanylan tele we radiogepleşiklerde hem öz beýanyny tapdy.

Mekdep durmuşynyň birinji aýynyň okuwçylaryň we mugallymlaryň özleri üçin hem, ene-atalar üçin hem möhümdigi gürrüňsizdir. Bilim we terbiýeçilik işine gatnaşýandygyň ählisinde okuwy guramagyň, boş wagtyňy geçirmegiň hem-de çagalaryň kadaly dynç almagynyň täze şertlerine uýgunlaşmak ýagdaýy bolup geçýär.

Okuw materiallaryny hödürmlemek hem, alty ýaşly çagalaryň okuw gününüň tertibi hem adatdakylardan tapawutlanýar. Ýokarda bellenilişi ýaly, alty ýaşly birinji synp okuwçylarynyň sapaklarynyň geçýän wagty uly ýaşly okuwçylaryňkydan gysgadyr, dersleriň arasyndaky arakesmeler bolsa uzyndyr. Mysal üçin, hünärmenleriň maslahatlaryna laýyklykda, alty ýaşly okuwçylaryň okuw ýüki hepde 21 sagatdan geçmeýär. Mekdepde sapaklar 8 sagat 30 minutda başlanýar, ýöne olaryň öňüsyrasynda irki maşklar geçirilýär. Alty ýaşly okuwçylaryň mekdep güni 12 sagat 05 minutda tamamlanýar. Birinji sapakdan soň arakesme 10 minutda, ikinji sapakdan soň bolsa 20 minutda barabardyr. Uly arakesme mahalynda hereketli oýunlar guralýar, üçünji sapakdan soň okuwçylar 45 minudyň dowamynda naharlanýarlar.

Çagalaryň saglygyna, olary bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmaga çekmäge uly üns berilýär. Sapaklar mahalynda şadyýan beden maşklara hem wagt berilýär. Ýazuw we metimatika sapaklarynda bolsa lukman hünärmenler tarapyndan maslahat berlen göz üçin maşklar geçirilýär. Alty ýaşly okuwçylara öý işleri berilmeýär. Aýry-aýry sapaklar açyk howada geçirilýär, şonda çagalar mekdebiň ýanyndaky sport we oýun meýdançalarynda oýnap bilerler.

Mekdep naharhanalary hem kiçi ýaşly okuwçylary kabul etmäge ykjam taýýarlyk gördüler. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary bilen ylalaşykda şu ýaşdaky okuwçylar üçin maslahat berlen gyzgyn naharlar hem taýýarlanylýar. Gyzgyn naharlar, şeýle hem körpeleriň gowy görýän süýji-köke önümleri bilen birlikde kiçi ýaşly okuwçylara hökmany suratda witaminlere we mikroelemetlere baý bolan önümler hem hödürlenilýär. Şol önümleriň hatarynda dürli gök önümler we miweler, ýumurtga, wtorog, balyk, süýt, şireli suwlar we beýleki peýdaly içgiler bar.

Alty ýaşly okuwçylar mekdep durmuşyna gadam basyp, özleriniň tejribeli terbiýeçi mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda okuwa işjeň goşuldylar. Alty ýaşly okuwçylar üçin ýörite işlenip taýýarlanan maksatnamada okuw mahaly aň ýetirişi – oýun elemetlerine aýratyn üns berilýär. Oýun arkaly olar bilim dünýäsine ilkinji ädimlerini ädýärler. Mysal üçin, türkmen elipbiniň harplary öwrenilende şekilendiriş sungatynyň usullary işjeň ulanylýar. Şeýle sapaklar okuw sapaklaryndan daşary, mysal üçin, çagalaryň asfaltda surat çekýän mahaly hem dowam etdirilýär.

Täze okuw ýylynyň başynda bellenilýän baýramçylyk gününde – Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň ähli ilkinji synp okuwçylary ýaly, alty ýaşdan okamaga başlan çagalar hem döwlet Baştutanymyzyň adyndan ajaýyp sowgatlary – ýörite ornaşdyrylan programma üpjünçilikli netbuklary aldylar. Munuň özi, gürrüňsiz, dünýäniň iň gowy tejribesine laýyklykda okuw işini kämilleşdirmäge, maglumatlar tehnologiýalar eýýamyna kybap gelýän raýatlary terbiýelemäge ýardam edýär.

Alty ýaşly çagalary okadýan mugallamlar üçin ýörite guralan usulyýet maslahatlary olaryň işine ýardam edýär. Alty ýaşly çagalary okatmak işini aýratyn gözegçilikde saklaýan ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň hünärmenleriniň maglumatlaryna görä, çagalaryň mekdepde bolmagynyň birinji aýy alty ýaşly okuwçylar okuwa çalt uýgunlaşýarlar we bilimleri ele almaga uly gyzyklanma bildirýärler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki häzirki zaman mekdebiniň diňe bir kämil bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin oňat enjamlaşdyrylan okuw binýady bolmak bilen çäklenmän, eýsem milletiň intellektual kuwwatyndan has doly peýdalanmagyň esasy bolup durýandygy öz-özünden düşnüklidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bilim özgertmeleriniň nobatdaky tapgyryny durmuşa geçirmegiň barşynda ýurdumyzda, sözüň doly manysynda, doly derejeli hem-de netijeli okuw – terbiýeçilik işi üçin şertleriň täze ýokary standarty döredilýär. Onda kämil bilimli, sazlaşykly ösen ýaş nesli, ýurdumyzyň hakyky watançylaryny terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Şol ýaşlar bolsa ýakyn geljekde mähriban Watanymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gitmegini üpjün ederler.