Ï Ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň iň oňat wekillerine sylaglar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň iň oňat wekillerine sylaglar

view-icon 1032
Şu gün milli senenamamyzyň şanly senesiniň türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgünde dowam etdi.

Mälim bolşy ýaly, düýn milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny öwrenmekde, häzirki zaman eýýamynda milli medeniýetimizi ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk ylmy-barlaglar, terjimeler we Türkmenistanyň çäklerinde arheologiki açyşlar, gadymy türkmen medeniýetini dünýäde wagyz etmäge goşan goşandy üçin sylaglary we baýraklary gowşuryp, ýurdumyzyň döredijilik işgärlerini hormatlamaga badalga berdi.

Baýramçylyk lybasynda bezelen ajaýyp zalda ählumumy ruhubelentlik ýagdaýy dowam edýär. Bu ýere hökümet agzalary, Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşylary, döredijilik intelligensiýsynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, habar beriş serişdeleriniň işgärleri ýygnandylar.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, döredijilik işgärlerini hormatlamagyň häzirki dabarasynyň hem türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak ugrunda milli Liderimiz tarapyndan ýöredilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Döredijilik hünäriniň wekilleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ideologiýasyny kemala getirmekde öňde goýlan wezipeleriň möhümdigine düşünip, ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar, olaryň hatarynda şahyrlar we prozaçylar, kompozitorlar hem-de sazandalar, suratkeşler we heýkeltaraşlar, artistler hem-de režisýorlar, muzeýleriň we kitaphanalaryň işgärleri, žurnalistler, başarjaň ýaşlaryň halypalary bar. Olar öz ruhubelent eserlerinde türkmen halkyny döredijilik we ösüş ýolunda täze üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyryp, mähriban Watanymyzy wasp edýärler.

Häzirki wagtda medeniýet ulgamynyň işgärleriniň öňünde türkmen halkynyň baý mirasyny giňden wagyz etmegiň diňe bir mirasdarlar däl, eýsem, halkymyzyň özboluşly döredijilik däplerini dowam etdirijiler bolmagyň we türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny saklap, täze, döwrüň ruhuna laýyk gelýän eserleri döretmegiň jogapkärli wezipeleri durýar.

Şonuň üçin hem öz öňünde beýik maksatlary goýmaga we oňa ýetmäge ukyply döredijilikli, başarnykly nesili kemala getirmek häzirki eýýamda türkmen medeniýetini ösdürmegiň ilkinji nobatdaky işi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli durmuş we bilim özgertmeleri, milletimiziň intellektual mümkinçiligini açyp görkezmek hem-de baýlaşdyrmak üçin şertleriň döredilmegi, olaryň hünär taýdan ösüşini höweslendirmek çäreleriniň giň ulgamy, başarjaňlary ýüze çykarmak we goldamak, zehinli ýaşlaryň ukyplaryny ösdürmek hut şu ugra gönükdirildi.

Diňe soňky birnäçe ýylda ýurdumyzda iň öňdebaryjy tehnika bilen üpjün edilen muzeýleriň we kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň hem-de sungat mekdepleriniň täze binalarynyň onlarçasy açyldy. Döwlet derejesinde hem, halkara möçberinde dürli festiwallar we bäsleşikler, yzygiderli geçirilýär, olara diňe bir sungat ussatlary we ýurdumyzyň ýaş zehinleri däl, eýsem, daşary ýurt döwletleriniň sungat ussatlary, ýaş zehinleri hem gatnaşýarlar. Öz nobatynda, ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri halklaryň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna we goşulyşmagyna halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edip, daşary ýurtlarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýärler.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň we gazanylan üstünlikleriň düýp mazmunyny hem-de ähmiýetini bütin dünýäde wagyz etmek, türkmen halkynyň gadam uran Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň maksatlaryny we wezipelerini düşündirmek medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gönüden-göni borjudyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýdýar. Şeýle hem durmuş we ykdysady özgertmeleriň barşynda medeniýetiň ornuny ýokarlandyrmak ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň strategiýasynyň möhüm şertleriniň biridir.

Dabaranyň barşynda hormatly atlary dakmak hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany we däp bolan “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňişilerini sylaglamak hakynda döwlet Baştutanymyzyň Karary okaldy. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň iň gowy wekillerine degişli şahadatnamalar, şeýle hem her ýylky gözden geçirilişiň ýeňijilerine diplomlar we baýraklar gowşuryldy.

Sylaglananlar Ruhyýet köşgüniň sahnasyndan öz zähmetlerine berlen ýokary baha, doly bahaly döredijilik işi üçin ähli şertleriň döredilmegi, döwlet Baştutanymyz tarapyndan türkmen halkynyň ruhy mirasyny pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge berýän üns-aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň, ýurdumyzyň ussat we höwesjeň döredijilik toparlarynyň uly baýramçylyk konserti boldy. Çykyş edenleriň hatarynda hormatly atlaryň eýeleri we Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýyl geçirilýän “Türkmeniň Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijileri bar.

Ählumumy ruhy ýokary göteriliş ýagdaýynda geçen bu dabara öz döredijiliginde Türkmenistanyň ýaşaýyş-durmuşyny, milletimiziň ruhy baýlygyny baýlaşdyrmagyň nähili ajaýyp miweleri eçilýändigi beýan etmäge bir bitewi ymtylyşa birleşen müňlerçe adamlary öz gurşawyna çekdi.

Baýramçylyk maksatnamasyny teatrlaryň aýdymçy artistleri we halk döredijiligi, tans toparlary tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilen “Serpaýyňyz üçin sag bol, Arkadag!” atly edebi-sazly çykyş açdy. Bu ajaýyp çykyş türkmen halkynyň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň, milli taryhymyzda täze eýýamyň - Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dabaralanmagynyň özboluşly alamatyna öwrüldi.

Halk we estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijileriň, şeýle hem häzirki wagtda milli sungatymyzyň özboluşly däplerini mynasyp dowam etdirýän halk döredijiligi toparlarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly tanslar we şadyýan aýdymlar köpsanly tomaşaçylara lezzet berdi.

Ýurdumyzyň tans we halk döredijiligi toparlary tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilen we uly aýdym-saz baýramçylygyna ajaýyp öwüşgin çaýan “Küştdepdi” diýen gadymy türkmen tansy halkymyzyň öz köpasyrlyk däplerine we ruhy-medeni köklerine ygrarlydygynyň, döwrüň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşyklydygynyň özboluşly nyşany boldy.

Aýdymçylar we konserte gatnaşyjlar tarapyndan ýerine ýetirilen, tomaşaçylaryň ýüreklerine öz Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda her ýyl bu ýolda ägirt uly üstünlikleri we ýeňişleri gazanyp, parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýolunda ynamly gadam urýan, gülläp ösýän mähriban Watanymyz üçin tüýs ýürekden buýsanç duýgusyny dolduran “Janym Türkmenistan!” aýdymy döredijilik dabarasynyň jemleýji çykyşy bolup ýaňlandy.

Türkmenbaşy şäherinde Ruhyýet köşgüniň ajaýyp bezelen sahnasynyň konsertiň dowamynda haýran galdyryjy yşykly bezegler arkaly özüne çekiji bolandygyny aýdyp geçmeli, şonda iň häzirki zaman tehnologiýalar we ýörite lazer serişdeleri ulanyldy. Bularyň hemmesi ajaýyp baýramçylyk ruhuny döretdi, şeýle ajaýyp pursatlar Watanymyzyň täze taryhyny, bagtly ykbalyny kemala getirmäge dahyllydyklaryny ýürekleri bilen duýan dabara gatnaşyjylaryň aýdyň duýgulary we täsirleri bilen hemişe ýatlarynda galar.

Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileriniň hormatyna geçirilen baýramçylyk dabarasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň ägirt uly ruhy we döredijilik kuwwatynyň beýany boldy.