Şu gün Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 22 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde geçirilýän täze desgalaryň açylyş dabaralary Mary welaýatynda dowam etdirildi. Sakarçäge etrabynyň Garaýap obasynda 900 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.
Baýramçylyk görnüşinde bezelen täze binanyň öňündäki meýdançada döredijilik toparlarynyň ruhybelent çykyşlaryna beslenen bu dabaraly çärä etrap we welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň weklleri, hormatly ýuşulular, ýaşlar, oba ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Täze mekdepde okuw işini netijeli guramak, okuwçylara döwrebap terbiýe bermek, olaryň döredijilik hem-de beden taýdan kämilleşmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Giň we ýagty synp otaglaryndan başga-da bu ýerde aýry-aýry dersler boýunça ýöriteleşdirilen otaglar, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin multimediýa tehnologiýalary ornaşdyrylan kompýuter we lingafon otaglary göz öňünde tutulypdyr. Mekdep howlusynyň çäkleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, agaç nahallary oturdylypdyr.
Dabara gatnaşyjylar ösüp gelýän ýaş nesil baradaky hemmetaraplaýyn aladasy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyklaryny beýan edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bilim edaralarynyň bina edilmeginiň şäherleriň we obalaryň ýaşlary üçin multimediýa we kompýuter tehnikasynyň, okatmagyň iň öňdebaryjy interaktiw usullarynyň elýeterli bolmagyny üpjün edýändigini aýratyn bellediler. Bularyň ählisi dünýä standartlary derejesinde bilim almak üçin döwletimiziň ähli şertleri döretmek üçin yzygiderli tagalla edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bularyň ählisi okatmak hem-de terbiýe bermek işleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Bilim ulgamynyň täze desgasyny ýerli gurluşyk kärhanasynyň işgärleri bina etdiler. Olaryň iň tapawutlananlaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.