Ï “Serhet” filmi Watana bolan söýgini, esger mertebesini we edermenligini wasp edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Serhet” filmi Watana bolan söýgini, esger mertebesini we edermenligini wasp edýär

view-icon 1566
Şu günler paýtagtymyzyň kinoteatrlarynda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde surata düşürilen doly metražly “Serhet” çeper filminiň ilkinji görkezilişi dowam edýär.

Bu kinofilm Watana bolan çäksiz söýgi we watançylyk duýgulary bilen ruhlanan türkmen ýaşlary, serhetçileriň – Watanymyzyň edermen ogullarynyň batyrlygy we gaýduwsyzlygy barada gürrüň berýär. Biziň edermen ata-babalarymyzyň şöhratly däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirijiler bolan bu ýigitler özleriniň esgerlik hem watançylyk borçlaryny mynasyp ýerine ýetirmek bilen, Garaşsyzlygyň beýik gazananlarynyň, Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň goragynda berk durýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 23-nji sentýabrda göni aragatnaşyk arkaly geçiren wideoşekilli iş maslahatynda belleýşi ýaly, çuň many-mazmunly filmler we kitaplar Watanymyzyň edermen goragçylaryny ýokary watançylyk we Watanymyza bolan çäksiz söýgi ruhunda terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýe bolup, olara ýeňil bolmadyk, emma örän asylly hem-de jogapkärli harby gullugynda kömek edýär.

“Biziň edermen ata-babalarymyzyň öz mukaddes borçlaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek babatda görkezen göreldelerine eýermek bilen, ussatlyk derejelerini artdyryp, özleriniň kasamyna wepalydygyny iş ýüzünde subut etmek bilen, serhetçiler Watanymyzyň beýik geljegini döredýän türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşyny gorap saklamaga borçludyrlar” diýip, milli Liderimiz Döwlet serhet gullugynyň şahsy düzüminiň arasynda watançylyk terbiýesini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Serhetçileriň öňünde Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragyny we eldegrilmesizligini ygtybarly üpjün etmek boýunça aýratyn möhüm wezipe durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, harby bölümlerde şahsy düzümiň arasynda jemgyýetçilik-syýasy taýýarlyk boýunça çäreler yzygiderli geçirilýär. Şunda watançylyk, Watana wepalylyk, gaýduwsyzlyk, zähmetsöýerlik we ak ýüreklilik ýaly meselelere aýratyn uly üns berilýär.

Kinoteatrlarda we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli bölümlerinde görkezilýän bu kinofilm uly ekrana çykmak bilen, çuňňur many-mazmuna eýedir. Ol tomaşaçylar köpçüliginiň arasynda, ilkinji nobatda bolsa Watan goragçylarynyň hakyky keşbini kemala getirmäge, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygy bilen bedew bady biden ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda ynamly gadam urýan Watanymyzyň goragçylary wepaly ogullary bolmaga çalyşýan ýaşlaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar.