Ï Türkmen jigitleriniň sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalyndaky üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen jigitleriniň sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalyndaky üstünligi

view-icon 708
Moskwada geçirilýän sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalynda ýurdumyzyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary “Türkmen milli at üstündäki oýunlar” atly çykyşy bilen uly üstünlik gazandy.

Abraýly topar birnäçe aýyň dowamynda bütin dünýä boýunça ýaş zehinli sirk artistleriniň ýerine ýetirmeginde iň oňat çykyşlary saýlap aldylar. Netijede sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalynda tomaşaçylar 16 ýurtdan: ABŞ-dan, Kanadadan, Wengriýadan, Ispaniýadan, Wetnamdan, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan gelen artistleriň çykyşyna tomaşa etdiler.

Türkmen artistleri sirk sungaty boýunça dünýäde meşhurlyk gazanan artistleriň toparlarynyň arasynda mynasyp orna eýe boldular. Türkmenistanyň sirk ussatlary bäsleşigiň ikinji gününde bütindünýä sirk täjine eýe bolmak ugrunda güýç synanyşdylar. Moskwanyň talapkär tomaşaçylarynyň we meşhur sirk sungaty bilermenlerinden ybarat bolan abraýly halkara eminleriniň öňünde iki gezek çykyş etdiler.

Türkmen jigitleriniň Wernadskiý köçesinde ýerleşýän Uly Moskwa sirkinde görkezen joşgunly çykyşlary tomaşaçylary diýseň tolgundyrdy. Festiwalyň myhmanlary ajaýyp ahalteke bedewlerinde çykyş eden, at üstündäki oýunlaryň ähli inçe täplerini kämillik bilen ele alan jigitleriň çykyşlaryna ör turup el çarpdylar.

Türkmen sirk artistleriniň Moskwada görkezen üstünlikli çykyşlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen biziň ýurdumyzda milli türkmen sirk sungatyny dünýä derejesine çykarmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijelidiginiň aýdyň subutnaimasy bolmak bilen, ahalteke bedewleriniň ajaýyplygyny we türkmen sirk sungatyny daşary ýurtlarda wagyz etmek boýunça ýene bir örän möhüm ädime öwrüldi.