Ï Aşgabatda “Mosfilmiň” günleri açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda “Mosfilmiň” günleri açyldy

view-icon 869
Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinokonsert merkezinde medeni çäräniň - “Mosfilmiň” Türkmenistandaky günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan çäräniň esasy maksady medeni gatnaşyklary giňeltmekden, iki doganlyk ýurduň halklarynyň dostlugyny berkitmekden, türkmen we russiýa kinematografiýaçylarynyň hünär gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Bu çäräniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, paýtagtymyzyň döredijilik intelligensiýasy, kino sungatynyň köp sanly muşdaklary gatnaşdylar.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin “Mosfilmiň” Türkmenistandaky günleriniň açylyş dabarasynda çykyş edip, kino sungatynyň ruhy medeniýeti wagyz etmegiň esasy we täsirli serişdeleriniň biridigini, özara düşünişmegiň we ylalaşygyň açary bolup durýandygyny nygtady. Şu kinogörkeziliş biziň halklarymyzyň däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, medeniýet we kinematografiýa ulgamlarynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hyzmat eder diýip, diplomat belledi.

Çäräni guraýjylar we oňa gatnaşyjylar türkmen-rus gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.

Soňra Russiýanyň meşhur kinorežissýory, ssenariýaçysy, predýusseri, “Mosfilm” kinokonserniniň baş direktory, Russiýa Federasiýasynyň halk artisti Karen Şahnazarowa söz berildi. Ol medeni çäräni geçirmek üçin ýörite Aşgabada geldi. “Mosfilmiň” ýolbaşçysy ýygnananlary kinoforumyň açylmagy bilen gutlap we türkmen topragynda geçirilýän duşuşygyň dostluk häsiýetine eýedigini belläp, Russiýanyň filmleriniň şu görkezilişiniň däp bolan çäre öwrüljekdigine hem-de iki ýurduň kinematografiýaçylarynyň netijeli döredijilik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine, bilelikdäki gyzykly kinotaslamalaryň dörediljekdigine ynam bildirdi.

“Mosfilmiň” Türkmenistandaky günleriniň resmi taýdan açylyş dabarasynyň ahyrynda Karen Şahnazarow özüniň şu ýyl uly ekrana çykan we Türkmenistandaky kinogörkezilişi açýan “Ak gaplaň” atly filmini tomaşaçylara hödürledi. Bu uruş baradaky film 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylara, olaryň edermenligine bagyşlanýar. Bu edermenlik parahatçylyga we dünýäniň bagtly geljegine uly sarpa goýýan adamlaryň ählisiniň hakydasynda we ýüreklerinde müdimilik ýaşamalydyr diýip, režissýor aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň häzirki zaman kinematografisynyň ussatlarynyň biri Karen Şahnazarowyň filmleri bütin dünýäde mälimdir. Şol filmler Kann festiwalyna gatnaşdy, Amerikanyň “Oskar” kinoakademiýasynyň baýragyna iki gezek hödürlenildi, halkara we milli baýraklaryň hem-de sylaglaryň 50-den gowragyna mynasyp boldy. “Ak gaplaň” filmi Russiýanyň milli kino baýragy—iň gowy oýnalýan filmi üçin diýen ugurda “Altyn bürgüt” baýragy bilen sylaglandy.

“Mosfilmiň” Türkmenistandaky günleriniň çäklerinde Russiýanyň kinematografiýaçylarynyň dürli žanrlarda döreden filmleriniň ýene-de altysy görkezilýär. Tomaşaçylara “Mosfilm” kinostudiýasynyň nusgawy filmleri hödürlenilýär. Olaryň hatarynda Leonid Gaýdaýyň “Iwan Wasilýewiç kärini çalyşýar” (1973-nji ýyl), Andreý Tarkowskiniň “Aýna” (1974-nji ýyl), Eldar Rýazanowyň “Gulluk romany” (1977-nji ýyl) we Wladimir Menşowyň “Söýgi we kepderiler” atly filmler bar. Körpe kino muşdaklaryna bolsa 1966-njy ýylda A.S.Puşkiniň adybir ertekisi esasynda düşürilen “Soltan patyşa hakynda erteki” diýen film hödürlenilýär. Bu filmiň režissýory Aleksandr Ptuşkodyr. Çäräniň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanda ilkinji gezek “SSSR-däki söýgi” atly film görkezilýär. Karen Şahnazarowyň täze filmi retro-melodrama žanrynda surata düşürildi we “Ýitip giden imperiýa” (2008-nji ýyl) atly çeper filmiň täze görnüşidir.

Ýurdumyzyň baş baýramyna - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp geçirilýän medeni çäre kino sungatynyň kön sanly muşdaklary üçin ajaýyp sowgat boldy.

* * *

Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda metbugat maslahaty geçirildi. Onuň barşynda “Mosfilmiň” ýolbaşçysy Karen Şahnazarow habar beriş serişdeleriniň wekillerini, özüniň türkmen kärdeşlerini, şeýle hem duşuşyga gatnaşýan A.S.Puşkin adyndaky Türkmen-rus orta umumybilim berýän mekdebiň mugallymlaryny we okuwçylaryny “Mosfilmiň” gazananlary hem-de onuň işiniň geljekki ugurlary bilen tanyşdyrdy, özüniň döredijiligine we umuman, häzirki zaman kinematografiýasynyň ösüşine degişli köp sanly sowallara jogap berdi.

Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary gündizki we agşamky kino görkezilişlere “Aşgabat” kinoteatrynda 20-nji oktýabra çenli tomaşa edip bilerler. Giriş tölegsizdir.