>“Türkmenistanda buhgalteriýa hasabatyny we auditi özgertmeler maksatnamasynyň” çäklerinde 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, bu ulgamda hereket edýän halkara standartlaryna laýyk gelýän maliýe hasabatynyň milli ulgamyna doly geçmäge taýýarlyk görülýär.
Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti dünýä ykdysady ulgamyna barha berk goşulyşýar. Şunlukda öň hereket eden buhgalteriýa hasabaty öz wagtynda planly ykdysadyýet şertlerinde döredilipdi. Bu bolsa hojalyk dolanşygyna gatnaşyjylar üçin onuň gymmatyny niwelirläpdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 9-njy iýulynda kabul eden “Buhgalteriýa hasabatyny we auditi kämilleşdirmek hakynda” karary bu ulgamda özgertmeleriň başyny başlady. Eýýäm 2010-njy ýylyň 4-nji dekabrynda “Buhgalteriýa hasabaty we maliýe hasabatlary hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Maliýe hasbatynyň halkara standartlaryny nazarlamak bilen, maliýe hasbatynyň Milli standartlary – buhgalteriýa hasabatynyň, maliýe hasbatlarynyň binýat ýörelgelerini we umumy düzgünlerini kesgitleýän kadaşdyryjy resminamalar işlenilip taýýarlanyldy. Eýýäm milli hasabatlaryň 28-si Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan tassyklandy we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alyndy. Olaryň her biri hasbatyň aýratynlykdaky obýektine: äriýaçlyklara, esasy serişdelere we beýlekilere bagyşlanandyr. Olarda dünýä tejribeleriniň iň gowylary öz beýanyny tapdy, maliýe maglumatlaryny ulanyjylaryň ýönekeý kabul edilşi bilen üpjün edilendir.
Paýtagtyň professional buhgalterleriniň birleşiginiň başlygy Ýelena Senýukowanyň belleýşi ýaly, halkara standartlar görnüşinde maliýe maglumatlarynyň taýýarlanmagy aýanlygy we deňeşdirilmegini üpjün eder, maýa goýumlaryny çekmäge şert döreder, ýurduň kompaniýalarynyň dünýä bazarlaryna çykmagyny üpjün eder. Kompaniýalar hasabtlylygy taýýarlamak üçin edýän çykdajylaryny, aýratyn hem onuň mäkämleşdirilýän şertlerinde, haçan-da iş birnäçe ýurtlary öz içine alanda, azaldyp bilerler.
Türkmenistanyň bank ulgamy 2011-nji ýyldan bäri hasabaty halkara standartlaryna laýyklykda alyp barýar. Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, pilot taslamasynyň çäklerinde iri kärhanalar we iri hususy kärhanalaryň 6-sy maliýe hasabatlygyň täze milli standartlaryna laýyklykda işleýärler. Maliýe ministrliginiň hünärmenleri we Utgaşdyryjy toparyň agzalary taslama gatnaşyjylary monitoring we maslahat beriş goldawy bilen üpjün edýärler. Bu işde 2010-njy ýylda döredilen Utgaşdyryjy toparyň we düzüminde ýolbaşçylar, Merkezi bankyň, gyzyklanma bildirýän ministrlikleriň we guramalaryň, jemgyýetçilik gurluşlaryň hünärmenleri, belli hünärmenler bolan buhgalteriýa hasabatyny we auditi ornaşdyrmak boýunça Işçi toparynyň ähmiýeti ulydyr.
Şu ýylyň ahyryna çenli ýene-de birnäçe wajyp resminamalaryň kabul edilmegini taýýarlamak işleri öňde durýar. Onuň hatarynda “Býudjet edaralary üçin hasabat syýasaty”, “Buhgalteriýa hasabatyny ykdysady işiň subýektleri bilen alyp barmagyň düzgüni”, Kärhanalaryň baş buhgalteri hakynda düzgünnamany görkezmek bolar. Eýýäm 2014-nji ýylda eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar täze milli standartlaryna laýyklykda hasabaty düzerler hem-de bererler.