Şu gün Kaka etrabynyň Şükür bagşy obasynda 500 orunlyk täze Medeniýet öýüniň açylyş dabarasy Garaşsyzlyk gününiň 22 ýyllygyna bagyşlanylan uly baýramçylyga öwrüldi. Baýramçylyk görnüşinde bezelen täze binanyň öňündäki meýdança etrap we welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpsanly oba ýaşaýjylary ýygnandylar.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň türkmen halkynyň ruhy baýlygyny, medeni mirasyny gorap saklamaga berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.
Döredijilik toparlary teatrlaşdyrylan sahnalar bilen, estrada aýdymçylary we bagşylar çykyş etdiler. Aýdyň öwüşginli joşgunly çykyşlar baýramçylyk dabarasyny has-da artdyrdy. Iki gatly ak mermerli hem-de özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan Medeniýet öýüniň gurluşygyna gatnaşan has oňat gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Köpugurly täze medeniýet ojagynda höwesjeň artistleriň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek we ýerine ýetiirjilik ussatlygyny kämilleşdirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. 500 orunlyk konsert zaly bolan Medeniýet öýünde şeýle hem okalga zally kitaphana, ses ýazgy studiýasy, teatr sungatynyň inçe tilsimlerini öwretmek, horeografiýa, surat çekmek bilen meşgullanmak üçin ýörite otaglar bar. Bu ýerde ýaşlar saz çalmagy, aýdym aýtmagy we milli gurallarda dürli mukamlary ýerine ýetirmegi öwrenip bilerler. Dürli okaýyşlary geçirmek üçin ýörite zal, körpeler üçin oýun otagy göz öňünde tutulypdyr. Binada obanyň taryhy hakynda gürrüň berýän muzeý hem bar.
Täze oba medeniýet merkezi, dürli medeni-köpçülik çäreleriniň, höwesjeň döredijilik toparlarynyň konsertleriniň, halk teatrlarynyň çykyşlarynyň geçirilýän, kinofilmleriň görkezilýän ýerine öwrüler.
Şu gün Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän şäherde nobatdaky täze ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň gurluşykçylary tarapyndan welaýat merkeziniň Gurbansoltan eje köçesiniň ugrunda bina edilen köpöýli ýaşaýyş jaýy binagärlik toplumynyň üstüni ýetirdi.
Dabaranyň barşynda täze jaýa göçüp gelenleri welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşaýyş jaýyny bina etmäge gatnaşan gurluşykçylar gutladylar. Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Jaýyň özboluşly daşky bezegi uly we kiçi maşgalalara niýetlenilen öýleriň içki amatly ýerleşdirilişi bilen sazlaşýar. Ýagty we giň otaglar, aşhana, göwnejaý ýerine ýetirilen içki timarlaýyş işleri täze ýaşaýjylaryň şatlygyny has-da artdyrdy. Täze jaýda merkezleşdirilen ýylylyk, gaz we suw üpjünçilik ulgamy hem bar. Binanyň çäkleri abadanlaşdyrylyp, agaç nahallary oturdylypdyr, çagalar oýnar ýaly meýdança gurnalypdyr.
Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatyň ähli obalarynda, şäherlerinde we şäherçelerinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli ulanmaga berilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän aladasynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, dabara gatnaşyjylar bellediler. Ýygnananlar döwletiň adam baradaky edýän aladasynyň aýdyň alamatlary bolan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirýändigi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin döwlet Baştutanymyza çyn ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

* * *