Ï Ukrainanyň ýokary okuw mekdebinde Türkmen medeni—okuw merkezi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ukrainanyň ýokary okuw mekdebinde Türkmen medeni—okuw merkezi açyldy

view-icon 1374
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň öňüsyrasynda Polatawanyň Ykdysadyýet we söwda uniwersitetinde Ukrainada ilkinji Türkmen medeni-okuw merkezibiň dabaraly açylyşy boldy. Bu bolsa Ukrainanyň we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýolundaky ýene-de bir ädimi boldy.

Bu merkeziň işi Poltawanyň ýokary okuw mekdebine okaýan türkmen talyplaryna we ukrain ýaşlaryny türkmen halkynyň baý medeni däp-dessurlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.


Merkeziň dabaraly açylşynda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi we Poltawanyň Ykdysadyýet we söwda uniwersitetiniň rektory gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Soňra türkmen-ukrain taraplarynyň bilelikdäki tagallary netijesinde taýýarlanan baýramçylyk konserti boldy

Ýokary okuw mekdepleriniň türkmen we ukrain talyplaryndan düzülen çeper höwesjeňleriň artistleriniň, çagalar hor toparlarynyň, uniwersitetiň professor-mugallymlaryndan düzülen halk döredijiligi toparynyň çykyşlary Merkeze ýygnan köp sanly myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Türkmen we ukrain milli tagamlaryndan taýýarlanan baýramçylyk naharlary bu çäräniň dabarasyny has hem artdyrdy.