Şu gün Mary etrabynyň “Parahat” geňeşliginde 700 okuwçy orunlyk täze mekdep dabaraly ýagdaýda açyldy.
Mekdebiň açylyşy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň umumymilli baýramçylyga bagyşlanan däp boýunça dabarasyna beslendi.
Etrap we welalaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim we medeniýet ulgamlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, oba zähmetkeşleri, şeýle hem taslama düzüjileriň pikir-oýlaryny ýokary hilli durmuşa geçiren gurluşykçylar welaýat düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça gurlan täze mekdebiň açylyşynyň baýramçylyk dabarasyna gatnaşdylar.
Mekdebiň öňündäki baýramçylyk lybasynda bezelen meýdançada bolan dabaranyň barşynda çykyş edenler bu ýere ýygnananlaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ösüp gelýän ýaş nesil hakynda edýän aladasy üçin hoşallyk bildirip, üstünlikli durmuşa geçirilýän "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamanyň" çäklerinde milli Liderimiz tarapyndan geçirilýän uly möçberli özgertmeleriň, obada durmuş ulgamynyň işjeň ösüşiniň netijeliligini nygtadylar. Stadionlar, sport mekdepleri, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim edaralary ýaly täze desgalar ýylyň-ýylyna durmuş ulgamyna goşulýar. Şolaryň hataryna häzirki açylan desganyň goşulmagy halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça döwlet syýasatymyzyň netijeliliginiň nobatdaky aýdyň tassyklanmasy boldy.
Welaýatyň Medeniýet müdirliginiň iň oňat döredijilik toparlary bu ýere ýygnananlaryň öňünde uly konsert bilen çykyş etdiler.
Bu ýere ýygnananlar toý bagyny kesip täze mekdebiň binasyna girdiler. Bu bilim edarasynda okuw-- terbiýeçilik işlerini okuwçylaryň döredijilik hem-de beden taýdan ösüşi bilen utgaşdyryp guramak üçin ähli şertler döredildi. Mekdebiň abadanlaşdyrylmagy, üpjünçiligi okuw binalaryny ýerleşdirmek babatda-da, synp we iş otaglaryny häzirki zaman mebelleri, görkezme esbaplary, interaktiw tagtalary we multimediýa ulgamlaryny peýdalanmak bilen enjamlar arkaly üpjün etmek babatda-da iň ýokary ölçeglere hem-de talaplara laýyk gelýär. Mekdebiň binagärlik taýdan özüneçekiji binalarynda fizika, himiýa we beýleki dersler boýunça amaly sapaklary geçmek üçin barlaghanalar ýerleşýär, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen otaglar, kompýuter hem-de lingafon otaglary bar. Zähmet sapaklary üçin jaýlar göwnejaý enjamlaşdyrylandyr. Her dürli köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin giň bu ýere ýagty mejlisler zaly, türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmek üçin sport esbaplary we türgenleşik abzallary bilen üpjün edilen iki sany sport zaly bar. Mekdebiň abadanlaşdyrylan, bagy-bossanlyga öwrülen çäklerinde ylgaw ýodajyklary we woleýbol, basketbol, oýnamak üçin meýdançalary bilen futbol meýdançasy ýerleşýär.
Dabaranyň barşynda desga gurlan mahaly aýratyn tapawutlanan gurluşykçylar ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.