Ï ÝHHG-niň Aşgabat forumy – energiýa howpsuzlygy boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝHHG-niň Aşgabat forumy – energiýa howpsuzlygy boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine

view-icon 8247
Şu günler Aşgabat öňdebaryjy dünýä habarlar agentlikleriniň täzeliklerinde, meşhur daşary ýurt gazetleriň we žurnallaryň sahypalarynda, şeýle hem köpsanly Internet-saýtlarynda iň köp agzalýan atlaryň birine öwrüldi. 17-18-nji oktýabrda “Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş-ÝHHG-niň geljegi” at bilen geçirilen halkara maslahaty geçirilen türkmen paýtagtyna köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem giň halkara syýasy we işewür toparlarynyň ünsi jemlendi. Olar forumyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de onuň hyzmatdaşlary—ÝHHG-a agza ýurtlar bilen bolup geçen açyk, netijeli gepleşiklerini uly gyzyklanma bilen synladylar.

Daşary ýurt metbugatynyň teswirleýşi ýaly, ählumumy durnukly ösüşi kesgitleýän ýagdaý hökmünde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmegiň bilelikdäki ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak we işläp taýýarlamak maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça çagyrylan ýokary derejedäki Aşgabat duşuşygy bu ugurda öz ähmiýeti boýunça şu ýylyň iň möhüm wakalarynyň biri hökmünde taryha girer.

ÝHHG-niň şygary astynda geçen bu taryhy duşuşygyň gün tertibine girizilen möhüm meseleler forumyň delegatlarynyň wekilçilikli düzümini kesgitledi. Hytaýyň “Sinhua” habarlar agentligi türkmen habar beriş serişdelerine salgylanyp, çagyrylan myhmanlaryň hatarynda dünýäniň 60 töweregi ýurdundan halkara guramalarynyň, ÝHHG-a agza ýurtlaryň syýasy we diplomatik toparlarynyň, dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we ýokary wezipeli wekilleriniň, bilermenleriniň we alymlaryň bardygyny habar berdi.

Ukrainanyň Hökümet portaly eýýäm forumyň başlanmagynyň öňýanynda Türkmenistanyň hökümetiniň hem-de Ukrainanyň ÝHHG-däki wekilhanasynyň bilelikdäki tagallalary bilen guralan maslahatyň işiniň barşynda energetika ulgamyny ygtybarly ösdürmek, energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek, energetika, energiýa tygşytlaýan we energiýanyň netijeliligi ulgamda çözgütleri kabul etmäge ýardam etmek meselelerine garamagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň maslahatyň umumy mejlisiniň açylyşynda esasy meseleler boýunça türkmen tarapynyň ýörelgesini beýan edendiginiň wekilçilikli foruma uly ähmiýet berendigini metbugat belläp geçdi.

Habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde forumda dünýä möçberinde gozgalýan energiýa howpsuzlygynyň meseleleriniň bolşy ýaly, olary çözmegiň has oňaýly, döwrüň talaplaryna gabat gelýän ýollaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilip beýan täze başlangyçlar hem boldy. Şunda Türkmenistanyň ýörelgesine aýratyn üns berilmegi doly kanunalaýykdyr.

“ÝHHG-niň çäklerinde energiýa meselesi boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmegi, energiýa howpsuzlygynyň syýasy, maliýe-ykdysady, tehnologik, ekologik meseleleri boýunça köptaraplaýyn geňeşmeleriň gurallaryny döretmegi, ÝHHG-niň giňişliginde energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ibermegiň köpuguly düzümini döretmegi höweslendirmegi zerur hasaplaýarys”—bu täzelik dessine bütin Ýer ýüzüni gurşap alyp, giň jemgyýetçilik seslenmesini döretdi. Türkmen döwlet habarlar gullugy tarapyndan dessine ýaýradylan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyndan parçalary dünýäniň iri habarlar agentlikleriniň hemmesi neşir etdiler. Soňra şol neşirlere sebitleýin Internet-neşirler, ýakyn we alys daşary ýurtlaryň meşhur habarlar portallary, şol sanda “NEWS Central Asia”, “Westnik Kawkaza”, “TJinform.com” , Trend, şeýle hem nebitgaz mowzukly köpsanly saýtlar—Neftegaz. RU, OilCapital.ru, “TERMINAL neftýanoýe obozreniýe” we köpsanly beýlekiler salgylandylar.

“Türkmenistan uglewodorod çig malynyň halkara bazarlaryna eltilmeginiň ygtybarlylygyna we goraglylygyna durnukly ösüşiň möhüm ugry hökmünde garaýar” diýip, “INTERFAKS” rus agentligi energiýa howpsuzlygy ulgamyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmak, energiýa serişdelerini eltmegiň meselelerini syýasylaşdyrmakdan el çekmek, halal, deňhukukly we açyk hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çagyran türkmen Lideriniň sözlerini mysal getirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň pikirine görä, ÝHHG-niň belent abraýy, uly syýasy we intellektual kuwwaty bilen dünýäniň energetika giňişliginde özara gatnaşyklaryň netijeli, adalatly we deňagramly nusgasyny döretmegiň bähbidine döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekde esasy orunlaryň birini eýeläp biler.

“Türkmenistan dünýäniň energetika bazarynda täze düzgün--tertib çagyrýar”—ünsüňi çekiji şeýle sözbaşy astynda “Golos Rossii” elektron neşir ýörite makalany çap etdi. Onda energiýa howpsuzlygy hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly çykarmak meseleleriniň ÝHHG-niň agzalarynyň köpüsiniň bähbidini gozgaýandygy we geosyýasy ýagdaýyň durnuklylygyna hem-de makroykdysady işlere gönüden-göni täsir edýändigi bellenilýär.

ITAR-TASS-yň žurnalistleri öz gezeginde Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen energetika meseleleri boýunça ýola goýlan açyk we netijeli gatnaşyklaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýokary baha berlendigini bellediler. “Biz häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň degişli düzümleri bilen bilelikde, Türkmenistandan Ýewropa tebigy gazy ibermek taslamasyny iş ýüzünde amala aşyrmak üçin zerur bolan guramaçylyk – hukuk esaslaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleri geçirýäris” diýip, forumda türkmen Lideri nygtady. Şunuň bilen baglylykda, agentlik häzirki wagtda Hytaýa, Russiýa we goňşy Eýrana eksport edilýän tebigy gazyň ätiýaçlyk gorunyň möçberi boýunça Türkmenistanyň dünýäde dördünji orny eýeleýändigini ýene-de bir gezek ýatlatdy.

Habar beriş serişdeleriniň köpüsi gürrüňi ösdürip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Sebitleýin hem-de yklym derejelerde energiýa serişdelerini ibermegiň täze halkara ugurlarynyň döredilmegi aýratyn möhümdir Şeýle düzümiň döredilmegini döwletleriň we halklaryň ösüşiniň we abadançylygynyň, halkara ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň hyzmatynda goýmak häzirki günüň möhüm talaby, ählumumy möçberde durnukly ösüşiň maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň wajyp şerti bolup durýandygy” barada aýdanlaryny mysal getirdiler.

Türkmen Lideriniň pikirine görä, önüm öndürýän ýurtlaryň, şeýle hem üstaşyr geçirýän ýurtlaryň we sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, BMG-niň ählumumy derejede energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi üçin şertleri üpjün etmäge gönükdirilen täze köpugurly halkara – hukuk guralynyň döredilmegi bu işiň esasy ugrudyr.

Daşary ýurt metbugaty dünýäde abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, başga-da döwrüň birnäçe möhüm, şol sanda energiýa howpsuzlygy meseleleriniň çözülmegine öz mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýan Türkmenistanyň çemeleşmelerine ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň “RIA-Nowosti” habarlar agentligi Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli resminamalary taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparyny döretmegi teklip edendigine we 2014-nji ýylyň başynda şu mesele boýunça bilermenleriň halkara maslahatyny çagyrmaga meýillidigine ünsi çekdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan däp boýunça iri halkara guramalary, şol sanda ÝHHG we BMG bilen strategiki hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady toparynyň durnukly energetika baradaky Komitetiniň wise-başlyklygyna saýlanmagy biziň ýurdumyzyň energiýa howpsuzlygy boýunça halkara gatnaşyklarynda möhüm orun tutýandygynyň ykrar edilmeginiň ählumumy şaýatnamasyna öwrüldi, şeýle hem BMG-niň Bas Assambleýasy tarapyndan "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakynda Rezolýusiýalaryň ikisiniň kabul edilmegi Türkmenistanyň başyny başlan energiýa serişdelerini ibermek meseleleri boýunça giň möçberdäki gepleşikleriň dünýä bileleşigi tarapyndan yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyny, olaryň esasyna goýlan ýörelgeleriň bütin dünýäde düşünmek hem-de makullamak bilen kabul edilýändigine nobatdaky gezek şaýatlyk edýär.

Halkara, sebit we milli derejelerde bu ugurda tagallalaryň birleşdirilmeginiň wajypdygyny belläp, Türkmenistanyň Baştutany sebiti uglewodorod serişdelerini çykarmak we ugratmak babatda dünýäniň iri merkezleriniň birine öwrülýän Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamaga aýratyn üns bermäge çagyrdy.

Türkmenistanyň, hususan-da, eksport ugurly turba geçirijileriň gurluşygynda özüniň energiýa akymlarynyň köpugurly ýörelgelerine ygrarlydygyny belläp,daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri soňky ýyllarda biziň ýurdumyzyň iri möçberli taslamalaryň birnäçesini, hususan-da,Türkmenistan – Hytaý ugry boýunça transaziýa gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Eýran gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirendigine nygtadylar. Sebit ähmiýetli Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky ýene bir taslamany durmuşa geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistandan dürli ugurlar boýunça täze turbageçiriji ugurlaryň hereket etmegi sebitiň beýleki döwletlerine uly goldaw berýär, olar üçin halkara energetika düzümine goşulmak babatda oňaýly şertleri döredýär hem-de gaz bilen üpjün etmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

Ýöne, elbetde, forumyň esasy mowzugy ÝHHG boýunça hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara öwrüldi. Türkmenistan üçin ÝHHG-niň agzasy bolmak, onuň işine işjeň gatnaşmak parahatçylyk söýüji we ýokary derejedäki netijeli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

Meşhur “1NEWS.AZ” azerbaýjan saýty Türkmenistanyň ÝHHG-a 1992-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda goşulandygyny ýatlatdy. Soňka ýyllarda Aşgabatda iri halkara forumlarynyň birnäçesi, şol sanda ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolan energiýa howpsuzlygynyň meseleleri boýunça forumlaryň birnäçesi geçirildi.

“Biz ÝHHG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini aýdyň görýäris, soňky ýyllarda has äşgär görünýän ösüşe ýokary baha berýäris, hyzmatdaşlar bilen özara hormat goýmak ýörelgesine esaslanýan gatnaşyklarymyzyň möhümdigine oňat düşünýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýan etmek bilen, ÝHHG-niň giňişliginde umumydünýä ösüşine düýpli täsir etjek köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny nygtady.

Forumda çykyş eden, ÝHHG-nyň Baş sekretary Lamberto Zanniýeriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydygyny Aşgabatda häzirki forumyň geçirilmegi aýdyň beýan etdi. Bu forum ÝHHG agza döwletleriň energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmeginiň täze ugurlaryny, şeýle hem hemme döwletleriň energiýa serişdelerine elýeterliliginiň deňligini üpjün etmegiň ýollaryny hem-de gurallaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.

Maslahatda bellenilişi ýaly, energetika babatda artýan özara baglylyk meselesini öndüriji sarp ediji we üstaşyr geçiriji ýurtlaryň arasynda gepleşikleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk hem-da açyklyk ruhunda çözmek zerurdyr. Şu gatnaşyklarda aýratyn orun eýeleýän ÝHHG Türkmenistany ygtybarly we netijeli hyzmatdaş hökmünde görüp, şol meseleleriň çözülmegine hemmetraraplaýyn çemeleşmäni goldamaga meýillidir.

Ýokary derejedäki Aşgabat halkara maslahatynyň netijeleri boýunça ÝHHG-de häzirki Başlyklyk edijiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kabul eden Bilelikdäki Beýannamasynda bu maslahatyň energiýa howpsuzlygynyň meseleleri boýunça ÝHHG-niň gatnaşyklarynda möhüm ädime öwrülendiginiň bellenilmegi tötänden däldir. Bellenip geçilişi ýaly, forumyň çäklerinde geçirilen giň pikir alyşmalar halkara bazarlaryna energiýanyň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmegiň döwrebap we netijeli usullaryny işläp taýýarlamaga gyzyklanmanyň uludygyny görkezdi.

Bu resminama salgylanyp, daşary ýurtly teswirçiler maslahatyň energiýa howpsuzlygy ulgamynda soňky ýyllarda tagallalary birleşdirmek üçin ÝHHG-niň çagyran duşuşyklarynyň tapgyrynyň yzygiderli dowamy bolandygyny bellediler.

“Sebitde energetika boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmek, şol sanda energetikany yzygiderli ösdürmek boýunça syýasaty ýöretmek, energetika pudagyny berk we ygtybarly ösdürmekde uly ähmiýete eýedir hem-de ykdysady taýdan yzygiderli ösüşiň gazanylmagyna ýardam berýär” diýlip, hemme ýaýlymlar boýunça beýan edilen Bilelikdäki Beýannamada ýokary derejedäki “Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş – ÝHHG-niň geljegi” atly halkara maslahatynyň ÝHHG-niň çäklerinde energetika howpsuzlygy boýunça gepleşikleriň çaltlandyrylmagyna hyzmat edendigi hem-de dekabr aýynda ministrler Geňeşiniň Kiýew şäherinde geçiriljek mejlisiniň öňüsyrasynda energetika degişli meselelere garalmagyna badalga berendigi bellenildi.

Iki günlük forumyň gün tertibine girizilen meseleleriň möhümdigi barada aýtmak bilen, garaşsyz bilermenler hem-de synçylar Türkmenistanyň düýpli energetika howpsuzlygynyň täze binýadynyň kemala getirilmeginde, dünýä energetika bazaryna gatnaşyjylaryň hemmesiniň arasynda gatnaşyklary sazlaşdyrmakda uly goşandyny biragyzdan bellediler.

Özüniň baý uglewodorod serişdelerini Ýer ýüzüniň energiýa howpsuzlygynyň hyzmatyna goýmaga taýýar bolan Türkmenistan bilen uzakmöhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ýokary halkara gyzyklanmasyny forumyň ýokary derejeli myhmanlary—ÝHHG-niň Baş sekretary Lamberto Zanniýer, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň (ÝYT) Ýerine ýetiriji sekretary Swen Alkalaý, ÝHHG-niň häzirki Başlygy, Ukrainanyň daşary işler ministri Leonid Kožara, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň ösüş ministri Jewdet Ýylmaz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşyklarynyň barşynda tassykladylar.

Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri, hususan-da, TURKMENISTAN.RU internet gazeti maslahatyň çäklerinde birnäçe duşuşyklaryň, şol sanda Ukrainanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda dörttaraplaýyn duşuşygyň geçirilendigini habar berdi. Onda ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan energiýa howpsuzlygynyň hem-de energiýa serişdeleriniň durnukly eltilmeginiň üpjün edilmegi ýaly möhüm ugurlarda netijeli halkara gatnaşyklarynyň höweslendirilmegine we işjeňleşdirilmegine ýardam etmäge gönükdirilen wekilçilikli Aşgabat forumynyň ähmiýeti bellenildi.

Umuman aýdylanda, häzirki döwürde bar bolan meseleleriň çözülmeginde dünýä öz garaýşyny teklip edýän Türkmenistanyň täze başlangyçlaryna halkara jemgyýetçiliginiň ägirt uly gyzyklanmasy köp babatda parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy bütin Ýer ýüzünde gorap saklamak işine uly goşant goşýan biziň ýurdumyz barada köpmillionly okyjylar üçin elektron we neşir habar beriş serişdelerinde has köp makalalaryň peýda bolmagyny şertlendirýär.