Aşgabadyň Hukuk we biznes mekdebi Türkmenistanyň Bilim ministrliginden ygtyýarnama alyp, şu ýylyň tomsunda açyldy. Ýylyň ahyrna çenli “maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary” sapagy bu mekdebiň okuw sapaklarynyň üstüni ýetirer. Bu täzelik bu ulgamda halkara standartlaryna laýyk gelýän 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, buhgalter hasabatynyň we auditiň milli ulgamyna doly geçilmegi bilen baglanyşykly “Türkmenistanda buhgalter hasabatyny we auditi özgertmegiň maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde göz öňünde tutulandyr.
Mekdepde okuwyň dowamynda ýurtda gazanylan iň gowy tejribelere we halkara standartlaryna esaslanýan okatmagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Salyh Işangulyýewiň belleýşi ýaly, okaýanlaryň aglabasy – hünär kämilliklerini artdyrmaga, häzirki zaman bilimlerini we hünärler derejelerini gaýtadan kämilleşdirmäge gönükdiren hünärmenlerdir. Diňleýjiler üçin iş dolandyrmak boýunça işgärleri taýýarlamak, rielt we baha beriş işi, marketing, menejment, ätiýaçlandyryş işi, ykdysadyýet we telekeçilik işi, telekeçilik işiniň hukuk bilimi we ýuridiki aspektler, hukuk esaslary, salgyt we salgyr salmak (buhgalterler üçin), esasy daşary ýurt dilleri ýaly ugurlar boýunça sapak berilýär.
Mekdepde okuwlar türkmen we rus dillerinde alnyp barlyp, ol diňleýjiler üçin amatly bolar ýaly şertlerde guralandyr, ýagny olaryň islegleri boýunça amatly wagtlarda, özi hem diňe bir toparlarda däl, eýsem şahsy düzgünde hem gurnalandyr. Okuwlar ir sagat dokuzdan agşam sagat ona çenli alnyp barylýar. Sapaklary tejribeli mugallymlar, şeýle hem biznes gurluşlarynda iş tejribesi baý bolan hünärmenler alyp barýarlar.
Özi hem, okuw kursy tamamlandan soňra halypalar iň gowy diňleýjiler üçin öz şahsy biznesini döretmek, işe ýerleşdirmek üçin maslahat beriş goldawyny hem berýärler. Bu mekdebiň uçurymlarynyň dürli döwlet we hususy gurluşlara işe ýerleşmekleriniň ýokary görkezijisi bu ýerde ýokary hilli bilim berilýändigine şaýatlyk edýär.
Mekdep ýaşly çagalar üçin bu ýerde daşary ýurt dilleri boýunça taýýarlaýyş merkezi işleýär. Mekdebiň goldaw bermeginde “As-suli” Küşt mekdebi işleýär. Dokuz ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda dünýä çempiony bolmagy başaran Bägül Ezizowa bu mekdebiň guwanjydyr. Bu gyzjagaz bu meşhur derejäni şu ýyl Gresiýada geçirilen çenpionatda aldy. Bägül sportuň bu görnüşinde kämilleşmegini dowam etdirýär. Klubyň gapylary hepdäniň dowamynda giňden açykdyr. Alty günüň dowamynda bu ýerde türgenleşikler geçirilýär, ýekşenbe güni bolsa, mekdepde okaýan okuwçylaryň, şeýle hem ýurduň küşt jemgyýetleriniň wekilleriniň arasynda bäsleşikler geçirilýär.
Mekdep golaý geljekde leksion okuw we ýakyn hem-de uzak daşary ýurtlardan belli hünärmenleriň sapak bermeklerinde ussatlyk derejäni guramagy göz öňünde tutýar. Öz nobatynda, mekdebiň mugallymlary üçin “jogap” okuw tapgyrlaryny guramak hem göz öňünde tutulýar. Olara daşary ýurtlarda hünär kämilligini ýokarlandyrmaga, dürli ýurtlardaky kärdeşleri bilen hyzmatdaşlykda innowasion tejribäni almaga mümkinçilikler dörediler.
Hukuk we biznes mekdebi ýakynda paýtagtyň “Segi köşgünde” Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Ykdysady gazananlaryň sergisinde telekeçiler gurluşlarynyň ählisiniň arasynda geçirilen “Okuw işine we önümçilige innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmak” ady bilen geçirilen bäsleşikde birinji orna eýe boldy. Bu hususy mekdep bu at bilen geçirilen umumy bäsleşikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan we “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyndan soňra üçünji orny almagy başardy.