Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti boldy.
Garaşsyzlyk güni türkmen döwletiniň dörändigini alamatlandyrýan, häzirki döwürde bolsa dünýäde parahatçylyk dörediji döwlet, dünýä jemgyýetçiligi bilen açyklyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar hem-de halkara hukuk ýörelgeleri üçin açyk ýurt hökmünde tanalýan Türkmenistanyň baş baýramydyr.
Azatlyk, bagtyýar durmuş, özygtyýarly döwlet döretmek, türkmen halkynyň agzybirligi, mähriban Watanymyzyň durnuklylygy we gülläp ösüşi baradaky türkmen halkynyň köpasyrlyk arzuwynyň dürmüşa geçendigini alamatlandyrýan bu sene biziň her birimiz üçin örän gymmatlydyr.
Her bir halkyň ykbal çözüji pursatlary bolýar. Şonda döwletiň taryhynda täze tapgyr başlanýar we ol ähli raýatlaryň ruhy taýdan galkynmagyny we bütewiligini alamatlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen döwletiniň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejesini özünde jemlemek bilen, Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durnukly ösüş ýoluna düşendigini we parahatçylygyň, ösüşiň hem-de rowaçlygyň täze belentligine çykýandygyny äşgär etdi.
Türkmenistanlylaryň ruhy ýokary göterilişi, täze taryhy eýýamyň ýeten derejesi we onuň ruhy-medeni mümkinçilikleri şu günlerde has-da aýdyň duýulýar. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäniň iň gadymy ýokary ruhy we medeni merkezleriniň biridigini kesgitleýän, häzirki döwürde bolsa biziň ýurdumyzyň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň sütüni bolup durýandygyny alamatlandyrýan, dünýä jemgyýetçiliginiň ýurtlary bilen gumanitar gymmatlyklaryň esasynda gatnaşyklaryny ösdürýän ýörelgelerini aýdyň edýär.
Kaşaň Maslahat köşgünde şu gün baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary ýygnandylar. Şeýle hem bu günki baýramçylyk çäresine Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, ylmy we döredijilik toparlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda baýrmaçylygyň öňüsyrasynda Daşoguz şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň delegatlary, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVI maslahatyna gatnaşyjylar, şeýle hem baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar bar.
Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy baýramçylyk konsertiniň başlanandygyny äşgär etdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, onuň ýokary döredijilik ruhuny wasp edýän “Döwranlar dolanyp, döwürler döndi” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk çäreleriniň başlanýandygyny äşgär etdi. Artistleriň çykyşlary biziň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli beýik başlangyçlarynyň başynda durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara gatnaşyklarynyň ösdürmek bilen baglanyşykly oňyn ýörelgeleri barada gürrüň berýän wideofilmler bilen utgaşykly dowam etdi.
Ýaş estradaçylaryň we “Serpaý” tans toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaýbaňlandyrylan “Sport aýdymy” baýramçylyk konsertini dowam etdi. Häzirki döwürde Türkmenistan spott äleminde uly ýeňişleri gazanmagy nazarlaýyn ýurt bolmak bilen, onda milletiň saglygy, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ýokary gazananlarynyň ösdürilmegi, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nazara alanyňda bu çykyşlar örän ähmiýetli boldy.
Soňra sahnada belli aýdymçylar, türkmen estradasynyň ýyldyzlary, meşhur tans we folklor toparlary biri-biriniň yzyndan öz ussatlyklayny görkezip, tomaşaçylara göwüngöteriji çykyşlaryny hödürlediler. Şeýle hem bu ýerde Garaşsyz Watanymyzy, mähriban topragymyzyň gözelligini we tutuş adamzat gymmatlyklaryny wasp edýän meşhur estrada we halk aýdymlary ýaňlandy.
“Leýli Mežnun” dessanyndan täzeden işlenen aýdym-sazly çykyş tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Ýurdumyzyň bäş welaýatyndan gelen folklor toparlarynyň bilelikdäki baýramçylyk çykyşlary bu günki konserte özboluşly öwüşgin çaýdy. Onda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, baýramçylyk ýörelgeleri aýdyň beýan edildi.
Häzirki zaman ses we wideo tehnologiýalarynyň ulanylmagy bu günki çäräniň has-da täsirli bolmagyny şertlendirdi. Dürli öwüşginli yşyklar belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen utgaşyp, konsert çykyşlarynyň täsirliligini ýokarlandyrdy.
Konserte gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetirilmeginde mähriban Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşykly belent ýeňişlere bagyşlanan çykyş şu günki konsertiň jemini jemledi. Belent ruhly bu aýdymyň sözlerine tomaşaçylar hem goşulyp, ol parahatçylygyň, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz Bitarap Watanymyza guwanç duýgusy bolup ýaňlandy.