Türkmenistanyň Ýaşulylarynyň Daşoguzda bolup geçen maslahatynda ýurduň gazananlarynyň jemi jemlendi, Türkmen döwletiniň içerki we daşarky syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglanyşykly strategiki wezipeler öňde goýuldy.
Şeýleleikde, milli ykdysadyýetde iri göwrümli özgertmeleriň alnyp barylmagy, ýurduň sebitleriniň toplumlaýyn ösdürilmegi, bar bolan senagat önümçiliginiň täze görnüşleriniň döredilmegi we döwrebplaşdyrylmagy netijesinde, jemi içerki önümde senagat önümçiliginiň paýy 51,5 göterime çenli artdy. Bu bolsa, öň oba senagatyna gönükdirilen ykdysadyýetli Türkmenistan indi senagat taýdan ösýän täze tapgyra aýgytly gadam basdy hem-de iň täze tehnikalar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen ösen senagat pudakly döwlete öwrülýändigini aňladýar. Munda esasy orun nebitgaz toplumyna degişlidir. Bu ýerde dürli reňkleýjileri, ýelimleri, gurluşyk we kompozit materiallary we gurluşlaryň önümçiligini ýokary derjede guramak arkaly himiýa önümleriniň ýokary tehnologiýaly önümçiligini ýola goýmak bilen, polietilen, polipropilen, poliwinihlorid ýaly sintetiki polimerleriň önümçiligi bilen bagly birnäçe wezipeler öňe sürüldi.
Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiýasy ähli pudaklaryň çalt depginler bilen ösdürilmegine, ykdysadyýeti mundan beýläk hem diwersifikasiýalaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmäge we husuy sektory ösdürmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda 1888 desganyň gurluşygynyň alnyp barylmagy, ABŞ-nyň 42 milliardyndan hem gowrak dollary möçberde maýa goýumlaryň özleşdirilmegi bu möhüm tapgyryň başlanandygyna şaýatlyk edýär. Şunlikda, milli ykdysadyýeti ösdürmek üçin goýlan ABŞ-nyň 13 milliard 300 million dollary möçberindäki maýa goýumlary häzirki wagtda ýurduň gurluşyk kärhanalary tarapyndan özleşdirilýär.
Milli ykdysadyýetiň esasy nukdaýnazary - bu ilatyň ýokary durmuş standartlaryny gazanmagy, adamyny ösdürmegi, onuň maddy we ruhy zerurluklarynyň üpjün edilmegini esasy wezipe edip goýýan döwlet hökmünde Türkmenistanyň ösüşidir. Bu milletiň baştutanynyň Ýaşulylaryň maslahatynda eden çykyşynyň esasyny düzýär. Onda sebitleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamany amala aşyrmak, daşky gurşawy goramak, bilim we ylym ulgamlaryny özgertmek, medeniýeti, saglygy goraýşy, syýahatçylygy we sporty ösdürmek meseleleri aýdyň beýan edildi.
Geçen ýylyň ahyrynda ýaş alymlar tarapyndan geçirilýän ylmy-gözleg işlerini we taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, ýaş alymlary goldamak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Gaznasy döredildi, şu ýylyň awgust aýynda bolsa, “Döwlet ýaşlar syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şu mynasibetli Ministrler Kabinetine ýaşlary döwlet tarapyndan goldamagyň esasy ugurlaryny kesgitlemek we bu ugurda öňde duran çäreleri işläp taýýarlamak tabşyryldy. Ýaş maşgalalary ýaşaýyş jaýlary bilen elýeterli bahalar boýunça üpjün etmek ýurduň hökümeti, häkimlikleri, Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi we beýleki guramalar tarapyndan goldaw bermek boýunça anyk çäreler bellenildi. Hususanda bu ýerde ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek baradaky gürrüň oba ýerlerine işlemäge iberilen ýaş mugallymlar, inženerler, lukmanlar, harby gullukçylaryň maşgalalary we beýleki ýaş maşgalalar barada gidýär.
Bilim ulgamynda başlanan özgertmeleri dowam etdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, ýaşlar umumy bilim berýän mekdepleri tamamlanlaryndan soňra, birinjiden, üç dili – türkmen, iňlis we rus dillerini bilmekleri hökmandyr. Ikinjiden, mekdebiň uçurymlary durmuşda gerek boljak hünäri ele almalydyrlar. Tölegli esasda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl bölegi üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak milli bilim ulgamynyň düýbünden täze ugry bolup durýar. Tölegli okuw edaralaryny bäsleşikler esasynda we şahsy başlangyja laýyklykda döretmek göz öňünde tutulýar.