Ï Mugallym bolmak – jogapkärli we hormatly!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mugallym bolmak – jogapkärli we hormatly!

view-icon 3178
Aýratyn zehinli çagalaryň mekdep-internatynyň rus dili boýunça mugallymy Walentina Kiselýowa we matematika mugallymy Jumabaý Töräýew “Türkmenistanyň At gazanan bilim işgäri” diýen ýokary hünär derejesine eýe boldular.


Şu ýyl Aýratyn zehinli döwlet mekdep-internaty özüniň 20 ýyllyk toýuny bellär. Öňde duran şanly sene – mähriban mekdebiň doglan güni mynasibetli bu günki gün dürli ulgamlarda işleýän mekdebiň köp sanly uçurymlary öz halypalaryna gutlaglaryny iberýärler. Öz halypa mugallymlaryna ýokary baýragyň berilendigini eşdip, olar öz mähriban halypalaryna kyn bolan işlerinde -mugamçylyk zähmetlerinde uly üstünlikler gazanmaklaryn, bu abraýly iş üçin tüýs ýürekden gutlag we minnetdarlyk sözlerini ýollaýarlar.