6-njy noýabrda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Nikolaý we Swýatoslaw Rerihler. Halklary birleşdirmek bilen” atly sergi açylar. Onda Russiýanyň Gündogar Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanýan eserleriniň 55-si görkeziler.
Türkmen tomaşaçylary sergide rus we merkezi aziýa tapgryndan, hindi döwrüniň suratlaryny, portretlerini görerler. Gepiň gerdişine görä aýtsak, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznahanasynda Nikolaý Rerihiň işlerini ikisi saklanýar. Olar hem sergide görkeziler.
Serginiň gözegçisi, Gündogar Döwlet muzeýiniň baş direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, sungaty öwreniş ylmynyň doktory Tigran Mkrtyçewiň belleýşi ýaly, Nikolaý Rerih medeni mirasy saklamak ulgamynda işjeň orny eýeledi.
BMG-nyň medeni mirasy saklamak boýunça rezoýusiýasynyň öň ýanyndaky meşhur “Rerihiň paktyny ” ýatlap geçmegiň özi ýeterlikdir. Nikolaý Rerihiň döredijiliginde gadymy rus tapgyryny skandinaw temasy dowam etdirýär, soňra onuň işleri Hindistanyň we Merkezi Aziýanyň sýužetlerine degip geçýär. Suratkeş öz eserlerinde giň çäkleri we dürli ideologiýalary birleşdiripdir. Onuň ogly Swýatoslaw hem sungatyň bu görnüşi bilen meşgullanyp, öz atasynyň kärini dowam etdirýär.
Bu serginiň köpçüligi gyzyklandyrjakdygy gürrüňsizdir, ol Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge hyzmat eder.