Ï “Miras” žurnalynyň nobatdaky sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Miras” žurnalynyň nobatdaky sany

view-icon 728
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän çärýeklik ylmy-köpçülikleýin “Miras” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Okyjylaryň giň toparyna niýetlenen žurnal adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine gymmatly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy hem-de taryhy-medeni mirasynyň barlaglarynyň täze açyşlary we netijeleri hakynda makalalaryň tapgyryny dowam etdirýär.

Işleri ýazanlar -- ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur alymlary filosofiýa, filologiýa, sungaty öwreniş, medeniýeti öwreniş we gumanitar bilimleriň beýleki pudaklary bilen ýakyn arabaglanyşykda Türkmenistanyň häzirki zaman taryh ylmyny ösdürmegiň umumy kanunalaýyklyklaryny hem-de meýillerini beýan edýärler.

Neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli senenamamyzyň şanly senelerine we olara bagyşlanylan uly möçberli maslahatlara gatnaşyjylara gutlag hatlary bilen açylýar.

Žurnalyň däp bolan bölümlerinde türkmen halkynyň taryhynyň öň nämälim bolan ýagdaýlaryny we maglumatlaryny äşgär edýän golýazma baýlygynyň täze ylmy agtaryşlary, beýleki arhiw hem-de arheologiýa maglumatlary hakynda, şol sanda daşary ýurtly alymlaryň makalalary ýerleşdirilipdir.


Mysal üçin, makalalaryň toplumy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge bagyşlanýar. Häzirki wagtda türkmen halkynyň görnükli oglunyň şahyrana döredijiligine we şahsyýetine dünýäniň köp alymlarynyň ünsü gönügendir, şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy geljek ýylda dabaraly ýagdaýda bellenip geçiler. Şol alymlaryň hatarynda Türkiýäniň Gazi uniwersitetiniň professory A.Gözel bar, ol “Magtymguly we Ýunus Emre: edebi mirasyň umumylyklary” atly öz işinde iki beýik söz ussadynyň ruhy garaýyşlarynyň we çeperçilik taýdan beýan etmegiň stilistikasynyň umumylygyny açyp görkezýär.

Azerbaýjanly barlagçy F.Agaýewa “Magtymgulynyň döredijiliginde şahyrana ýaýraw” atly işinde beýik akyldara mahsus ensiklopediki bilimleri, olaryň şygryýetde başarnykly beýan edilişini nygtap geçýär. Bu bölümde G.Şengeliniň, A.Tarkowskiniň we S.Iwanowyň Magtymgulynyň goşgularynyň rus diline terjimeleriniň türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyryny bütin dünýände wagyz etmek işinde tutýan orny we ähmiýeti hakynda, bu terjimeçileriň döredijilik ugrunyň aýratynlyklary barada gürrüň berýän makala ýerleşdirilipdir.

“Täze açyşlar we işläp düzmeler” atly bölümde okyjylar özbek barlagçysy R.Bahodyrowyň Gündogaryň görnükli alymlary A.Farabynyň we Ibn Sinanyň eserlerinde ylmy toparlara bölmek meselesine bagyşlanan maglumatlar bilen tanşyp bilerler.

Özbek alymy S.Sariýew “Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölümde hödürlenen makalasynda “Görogly” eposynyň şahamçalarynyň golýazma we daşbasma nusgalaryny öwrenmegiň meselelerini gozgaýar. Şu ýerde täjigistanly A.Ražabowyň “Sarahs we Merw -- Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iri sazçylyk merkezleridir” atly makalasy hem ýerleşdirilipdir. Onda awtor ýazgy çeşmelerine esaslanyp, orta asyrlarda gülläp ösen hut şu gadymy şäherlerde uly meşhurlyga eýe bolan we ykrar edilen Gündogar halklarynyň ussat saz sungatynyň nusgawy ulgamynyň kemala gelendigi barada netijä gelýär.

Žurnal owadan bezelen ajaýyp surutlar we fotosuratlar, Türkmenistanyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalarynyň däp bolan syny bilen jemlenýär.