Ï Türkmenistan – Russiýa: sungat dilindäki dostluk gatnaşyklary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – Russiýa: sungat dilindäki dostluk gatnaşyklary

view-icon 1329
Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde XX asyryň görnükli rus suratkeşleri Nikolaý we Swýatoslaw Rerihleriň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Türkmen-rus medeni gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge uly goşant goşjak sergi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi hem-de Russiýanyň Döwlet Gündogar muzeýi tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýardam etmeginde guraldy.

Moskwada ýerleşýän Döwlet Gündogar muzeýiniň iri ýygyndylarynyň birinde saklanýan ataly - ogul Rerihleriň işleriniň 55-sini öz içine alan serginiň mazmuny onuň simwoliki ady – “Halklaryň bitewüligi” diýen ady bilen kesgitlenýär hem-de dünýä medeniýetiniň belli suratkeşleri Nikolaý we Swýatoslaw Rerihleriň filosofiki we ylmy pikirleriniň, döredijilik we jemgyýetçilik işleriniň esasy ugruny şöhlelendirýär.


Häzir türkmen-rus hyzmatdaşlygy – bilelikdäki işleriň dürli ugurlarynda, şol sanda gumanitar ulgamdaky özara gatnaşyklar bolup, ol iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge, olaryň medeni gymmatlyklaryny alyşmaga ýardam edýär. Ykrar edilen ussatlaryň özboluşly döredijiligi bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döreden hem-de türkmen paýtagtynyň medeni durmuşynda aýdyň waka öwrülen şu günki sergi hem hut şol maksatlara eýerýär.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň, biziň ýurdumyzda işleýän beýleki diplomatik wekilhanalaryň, Russiýanyň Döwlet Gündogar muzeýiniň, biziň ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem şekillendiriş sungatynyň köp sanly muşdaklary gatnaşdylar. Olaryň arasynda şu gün Aşgabatda çykyş edip başlaýan Astrahanyň drama teatrynyň artistleri bar.


Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi A.W.Blohin bu ýere ýygnananlary mübärekläp, iki ýurduň medeni gatnaşyklaryny ösdürmek işinde, iki dostlukly halkyň ruhy mirasyny, baý milli däplerini wagyz etmekde şu günki wakanyň aýratyn ähmiýetini belledi. Suratkeş – gumanistler Rerihleriň Aşgabatda ilkinji gezek guralan sergisi olaryň pikirleriniň häzirkizaman dünýäsinde zerur bolup durýandygyna şaýatlyk edýär, öz ömrüni we döredijiligini medeniýete we gözellige bagyş eden adamlara, hoşniýetli erk-islegiň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň iň gowy wekillerine biziň çuňňur hormatymyzy görkezýär.

Soňra çykyş eden Russiýanyň Döwlet Gündogar muzeýiniň direktory A.W.Sedow dabara gatnaşyjylary Aşgabada getirilen sergi bilen tanyşdyryp, Rerihleriň döredijiliginiň esasy ugry hem-de olaryň baý mirasyny öwrenmek we wagyz etmek boýunça muzeýde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Öz türkmen kärdeşlerine hem-de bu ýere ýygnananlara serginiň ýokary derejede guralandygy we oňa uly gyzyklanma bildirilendigi üçin hoşallyk bildirmek bilen, A.W.Sedow iki ýurduň muzeý işgärleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmekde onuň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylda Moskwanyň Döwlet Gündogar muzeýinde Türkmenistanyň iri muzeýleriniň ýygyndylaryndan belli türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisiniň guraljakdygy bellenildi.

Dabaraly çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýöredýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Bu syýasat milli medeni mirasy aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we giňden tanyşdyrmaga, Türkmenistanyň we Russiýanyň medeniet we sungat işgärleriniň döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Serginiň dabaraly bölegi tamamlanandan soň bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynyň birinde ýaýbaňlanan sergi bilen uly gyzyklanma bilen tanyşdylar. Bu muzeýde ençeme onýyllyklaryň dowamynda Nikolaý Rerihiň “Asmanyň oklary – ýeriň naýzalary” (1915 ý.) eseriniň hem-de suratkeşiň beýleki meşhur suratlarynyň biri – “Berýozalar” atly işiniň saklanýandygy we sergilerde görkezilýändigi bellärliklidir. Bu işler şu günki sergini açýar.


Suratkeş, pedagog, ýazyjy, filosof, jemgyýetçilik işgäri Nikolaý Rerihiň işleriniň we pikirleriniň gerimi hakykatdan-da halkara häsiýetine eýe boldy. Bu bolsa ony dünýäniň hakyky ynsanyna öwürdi. Sungatyň jebisleşdiriji güýje eýedigini bellemek bilen, Nikolaý Rerih: “Suratkeşiň wezipesi – halklaryň düşünjesini birleşdirjek sungaty döretmekden ybaratdyr” diýip ýazypdyr. Nikolaý we Swýatoslaw Rerihler bu wezipäni öz ykballary we döredijiligi bilen çözmegi başardylar. Aşgabatda guralan sergi üçin suratkeş-gumanistleriň baý döredijilik mirasyndan seçilip alnan ajaýyp işler bu pikiri doly derejede tassyklaýar.

Sungatyň serişdeleri bilen dünýäni üýtgedýän suratkeşler öz çeper eserlerinde şekilleriň, reňkleriň we giňişligiň adaty çäklerini batyrgaýlyk bilen üýtgedip, sergä gelenlere öz dünýä garaýyşlaryny hödürleýärler. Mälim bolşy ýaly, Rerihlere şeýle hem Hindistanyň, Tibetiň, Mongoliýanyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medenietlerini giňişleýin öwrenmekde we döredijilik taýdan özleşdirmekde uly orun degişlidir.

Nikolaý Rerihiň hem peýzažlary, simwoliki kompozisiýalary we portretleri dürli öwüşgünligi, filosofiýalylygy we şahyranalygy bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, ynsanyň gözelligi, ruhy taýdan güýji, onuň daşky gurşaw bilen sazlaşygy şu gün türkmenistanlylara görkezilen “Ýaroslaw Mudryý”, “Swýatogor“, “Çingizhanyň enesi” atly suratlarda öz beýanyny tapýar. Nikolaý Rerihiň Gimalaýlara bagyşlanan peýzaž suratlarynda reňkleriň sazlaşygy ýitiligi bilen tapawutlanýar.


Swýatoslaf Rerihiň şahsy täsirlere baý bolan peýzaž we portret suratlary tomaşaçylary Hindistanyň dünýäsine alyp gidýär hem-de suratkeşiň bu topraga we onuň adamlaryna bolan söýgüsiniň özboluşly ykrarnamasy bolup durýar. Olary ynsanyň ýagdaýyna çuňňur aralaşma, pikir dartgynlylygyny geçirme, keşpleriň duýgy aýdyňlygy tapawutlandyrýar.

Şu günki sergide bakylyk, durmuşyň döwürleýinligi, ýer ýüzünde bar bolan ähli görnüşleriň bitewüligi, ynsanyň tebigat bilen özara baglylygy mowzuklaryna bagyşlanan suratlar (“Özge dünýä”, “Baky ýaşaýyş”, “Meniň öýüm”, “Bahar”, ”Mukaddes fleýta”, “Saraj taýpasyndan bolan zenan” we beýlekiler) görkezildi. Suratkeşiň döredijiliginde atasynyň keşbi ähmiýetli mowzuklaryň biri bolup durýar. Bu mowzuk “Professor Nikolaý Rerih” atly suratda açylyp görkezilýär. Ol Aşgabat sergisinde merkezi orny eýeleýär we tomaşaçylara filosof – ýyl ýazgysyny düzüjiniň mifleşdirilen keşbini açyp görkezýär.

“Nikolaý we Swýatoslaw Rerihler: halklary birleşdirip” atly serginiň gerimi we mazmuny onuň tomaşaçylara görnükli suratkeşleriň döredijilik hyýalynyň çäksiz dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berýär.

Türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary sergi bilen dekabryň ortasyna çenli tanşyp bilerler.