Aşgabatda Hindistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gadymy medeni gatnaşyklaryna bagyşlanan “Gadymy garyndaşlyk. Hindistan we Türkmenistan” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler jaýynda tanymal hindi ýazyjysy, syýahatçy we alym zenan Radha Raýna we döredijilik institutynyň talyplary bilen duşuşyk geçirildi.
Kitaby ýazmak pikiri Radha Raýna Türkmenistana döredijilik sapary bilen gelip, biziň ýurdumyzyň gadymy taryhy bilen tanyşanda döräpdir.
Arheologlaryň maglumatlaryna daýanyp, Radha Raýna, baryp has gydymy döwürlerde hem Türkmenistanyň we Hindistanyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň bolup, Hindistanyň Migar medeniýeti (biziň eýýamymyzdan öňki VI müňýyllyk) Türkmenistanyň günortasyndaky jeýtun medeniýetine degişli ýerler bilen tipologik meňzeşligiň bardygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde ýazyjy medeniýetine degişli zatlarynyň meňzeşligi esasynda täsin galdyrýan medeniýetleriň: “harapp siwilizasiýasynyň “margiana” siwilizasiýasynyň arasynda meňzeşlikleri belledi.
Hindistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gadymy medeni gatnaşyklaryna bagyşlanan “Gadymy garyndaşlyk. Hindistan we Türkmenistan” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşan Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň, Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Radha Raýna onuň uly işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Hindistandan gelen alym zenanyň we onuň kitabynyň şanyna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarydan düzülen çeper höwesjeňler topary çykyş etdi.