Şu gün Oguzhan etrabynyň merkezinde Medeniýet öýüniň binasyny ulanmaga bermek dabarasy boldy.
Täze binanyň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, okuwçy ýaşlar we köpsanly ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Aýdyň öwüşginli dabara welaýat medeniýet müdirliginiň döredijilik toparlary gatnaşyp, aýdym-sazlary, tanslary, sahnalaşdyrylan çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Dabara gatnaşyjylar bu wakanyň şäherçäniň ýaşaýjylary üçin örän möhüm ähmiýete eýedigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli medeniýetiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, bu ulgamy ösdürmäge berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Bu häzirki zaman iki gatly döredijilik merkezinde oba ýaşaýjylarynyň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, olaryň ruhy taýdan baýlaşmagy hem-de zehinlerini ösdürmekleri üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde milli saz gurallarynda saz çalmagy öwrenmek, tans we hor sungatynyň inçe tilsimlerini özleşdirmek, surat çekmek, sazna ussatlygyny ele almak üçin ýörite enjamlaşdyrylan jaýlar bar. Ses ýazgysy geçirilýän we fotosurat işleri bilen meşgullanmak üçin studiýa hem açylypdyr.
200 orunlyk mejlisler zaly dürli çäreler üçin niýetlenendir. Göwnejaý enjamlaşdyrylar kompýuter merkezi Internet ulgamyna birikdirilipdir. Kitap söýüjiler medeniýet öýüniň kitaphanasynyň oňaýly ýerleşdirlen okalga zalynda kyssanyň we şygryýetiň täsin dünýäsine aralaşyp bilerler. Mundan başga-da, bu ýerde interaktiw tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylar aň-bilim, wagyz-nesihat ilerini geçirmek üçin ýörite otag bar. Bu ýerde açyljak muzeýiň eksponatlaryny şäherçäniň taryhy, onuň ajaýyp künjekleri hakynda gürrüň berýän taryhy-medeni gymmatlyklar düzer.
Bu Medeniýet öýüniň açylmagy mynasybetli geçirilen dabara Oguzhan şäherçesiniň ähli ýaşaýjylary üçin uly baýramçylyga öwrüldi, onda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.