Ï Türkmenistanda ýöriteleşdirilen Halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ýöriteleşdirilen Halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady

view-icon 1508
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde “Bilim, sport we syýahatçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Bu çäreler Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Sport baradaky döwlet komiteti we Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan geçirilýär. Her ýyl geçirilýän halkara forumynyň giň möçbere eýe bolmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamlara uly ähmiýet berýändiginiň, olary ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz olaryň örän wajypdygyny nygtap, foruma gatnaşyjylara iberen gutlagynda: “Döwletimiz geljekde hem eziz Watanymyzyň okgunly ösüşleriniň girewi bolan bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny yzygiderli ösdürmek üçin uly tagalla eder hem-de serişde gaýgyrmaz” diýip belledi.

Dünýä ülňülerine laýyklykda, ýurdumyzyň bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmäge halkara hyzmatdaşlygy hem saldamly goşant goşýar. Bu hyzmatdaşlyk ýylsaýyn okgunly ösdürilip, daşary ýurtlardan oňa gatnaşýanlaryň sany barha artýar.


Şu foruma gatnaşýanlaryň arasynda dünýäniň onlarça ýurdundan, şol sanda ABŞ-dan, Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Ispaniýadan, Italiýadan, Germaniýadan, Portugaliýadan, Hindistandan, Hytaýdan, Koreýadan, Eýrandan, Türkiýeden, Polşadan, Latwiýadan, Ukrainadan, Belarusdan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gruziýadan we beýlekilerden wekiliýetler bar. Serginiň çäklerinde wekiliýetleriň agzalary däp bolan tanyşdyryş çärelerini geçirmek bilen çäklenmän, döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen beýleki çäreleri hem geçirerler.

Şeýlelikde, bu mowzuklaýyn gözden geçirilişiň işiniň birinji gününde Ukrainanyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim ýarmarkasy ýaýbaňlandyryldy. Bilim we ylym ministri D.W.Tabaçnigiň ýolbaşçylyk edýän ukrain wekiliýetiniň düzüminde Ukrainanyň dürli şäherlerinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň 20-ä golaýynyň ýolbaşçylary bar. Häzirki wagtda şol ýokary okuw mekdepleriniň köpüsinde biziň ýurdumyzyň ýaşlary hem bilim alyp, türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda örän zerur bolan hünärleri özleşdirýärler.

Sergi köşgünde geçirilýän wekilçilikli foruma gatnaşýan Ukrainanyň ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda Milli ulag uniwersiteti, Sumynyň döwlet uniwersiteti, Ukrainanyň Milli metallurgiýa akademiýasy, Doneskiniň milli uniwersiteti, Odessanyň döwlet gurluşyk we binagärlik akademiýasy, Ukrainanyň inžener-pedagogika akademiýasy, Harkowyň milli ykdysadyýet uniwersiteti , Harkowyň M.Ý.Žukowskiý adyndaky aerokosmiki uniwersiteti, Iwano – Frankowskiniň milli nebit we gaz uniwersiteti we beýleki ýokary okuw mekdepleri bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu ýurduň bilim ugry boýunça wekiliýetiniň Ukrainanyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň Rektorlar geňeşiniň birinji mejlisine gatnaşjakdygy bellärlikldir. Bu mejlis ertir Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçiriler. Şol duşuşykda taraplar birek-biregi milli bilim we ylym ulgamlarynyň ösüşi hem-de döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdyrarlar we geljekki hyzmatdaşlyk babatda ileri tutulýan wezipeleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşarlar.


Ukrainanyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň Rektorlar geňeşiniň birinji mejlisiniň gün tertibine şeýle hem Ukrainada biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak ulgamyny ösdürmek, okuwlara innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, professor – mugallymlar düzümlerini, aspirantlary we doktorantlary alyşmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Bu duşuşygyň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde guralmagy tötänden däldir. Häzirki wagtda ol biziň ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň esasy merkezleriniň biri bolup durýar. Döwrebap okuw toplumy öňdebaryjy bilim gollanmalary, iň täze barlaghana enjamlary we okatmagyň innowasion multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Daşary ýurtlaryň esasy ylym-bilim merkezleriniň we pudaklaýyn kompaniýalarynyň wekilleri bu ýokary okuw mekdebiniň işläp başlan ilkinji günlerinden onuň hormatly myhmanlary boldular. Olar türkmen mugallymlary we talyplary üçin mowzuklaýyn tanyşdyryş çäreleriniň, ýörite okuwlaryň ençemesini geçirdiler. Bu çäreler tamamlanandan soň, diňleýjilere sertifikatlar gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň bu ýaş ýokary okuw mekdebi eýýäm abraýly halkara sylaglarynyň birnäçesine mynasyp boldy, Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň düzümine girizildi we ol halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda özara düşünişmek hakynda eýýäm gol çekilen ähtnamalar babatda gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. “Bilim, sport we syýahatçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisine gatnaşýanlaryň köpüsi hem giň möçberli ekspozisiýalary taýýarladylar. Olaryň hatarynda ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýänler, şeýle hem giň möçberli gözden geçirişe ilkinji gezek gatnaşýanlar bar.


Elliden gowrak pawilýonda dürli ýurtlaryň bilim ulgamyndaky kuwwaty, şol sanda kompýuter tehnologiýalaryny, innowasion barlaghana enjamlaryny öndürýän esasy kompaniýalaryň önümleri, şeýle hem okuw kitaplarynyň we görkezme okuw esbaplarynyň köp görnüşleri görkezilýär. Sergä gatnaşýanlaryň arasynda bütin dünýäde meşhur “Miсrosoft” we “HP” (ABŞ), “Lenovo” we “Huawey” (Hytaý), “Edustori” (Türkiýe), “Wistron” we “Сaspian Projekt Sapply Ltd” (Beýik Britaniýa) we beýleki halkara kompaniýalarynyň wekilleri bar.

Russiýanyň “Softline” we “Nowyý Disk”, Ukrainanyň “Ýewromedia” we “Kartografiýa”, Germaniýanyň “Lukas Nulle” kompaniýalary, dünýäniň dürli sebitlerine wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleri hem bilim ulgamyndaky pawilýonlarda öz ekspozisiýalaryny görkezýärler. Biziň ýurdumyzyň bilim edaralary hem sergide giňden wekilçilik edýärler. Olaryň görkezýän zatlary türkmenistanlylaryň ýaş neslini intellektual-ylmy we hünär taýdan hemmetaraplaýyn taýýarlamagyň ähli tapgyrlary bilen tanyşdyrýar.

Sergide syýahatçylyk ulgamy uly meýdany eýeleýär. Bu ýerde türkmen obasynyň durmuşy şekillendirilen köp öwüşginli sahna aýratyn orun berlipdir. Türkmenistanyň iň meşhur taryhy – medeni ýadygärlikleriniň maketlary bu sahnanyň esasy bölegine öwrüldi. Olar milli binagärligiň ajaýyp nusgalarynyň özboluşly alleýasyny döretdi. Bu ýadygärlikler zyýaratçylaryň ýygy-ýygydan gelýän ýerine öwrüldi. Maketleriň töwereginde halk senetçiliginiň eserleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň önümleriniň täsin ekspozisiýalary ýerleşdirildi. Olary özboluşly däp-dessurlary aýawly saklaýan we dowam etdirýän ussalaryň özleri görkezýärler.

Serginiň bu bölegi köp öwüşginli gündogar bazaryny ýatladýar. Bu bazar bolsa täsin halylaryň, owadan zergärçilik önümleriniň, sünnälenip döredilen el işleriniň, dürli görnüşdäki küýze önümleriniň, saz gurallarynyň, çeperçilik önümleriniň hem-de täsin sowgatlyklaryň köplügi bilen görenleri haýran galdyrýar.

Däp bolan türkmen öýüniň içki bezegleri şekillendirilen ak öý bu görnüşe özboluşly öwüşgin çaýýar. Şu owadan şähejigiň uzaboýuna syýahatçylyk ulgamynyň pawilýonlary hem-de diwarlyklary ýerleşdirilipdir.

Bar bolan mümkinçilikleriň, bu ulgamda gazanylan üstünlikleriň we täze teklipleriň aýdyň beýanyna öwrülen gözden geçirilişe Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň düzümine girýän welaýat hem-de paýtagt edaralary, ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen hususy kärhanalarynyň dokuzysy, hususy firmalar, dürli ugurlarda işleýän telekeçiler, şeýle hem ýurdumyzyň myhmanhanalary wekilçilik edýärler.

Jahanyň ähli künjeginden syýahatçylaryň ünsüni çekýän pudagyň täze öňdebaryjysyna öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy aýratyn mowzuk boldy. Serginiň täzeligi—“Ýelken” ýaht-kluby biziň ýurdumyzda ýahtaly, ýelkenli hem-de suw sport dynç alyş ýaly syýahatçylygyň barha ösýän ugurlaryny beýan edýär.


Daşary ýurtly eksponentleriň arasynda myhmanhana işewürligi, syýahatçylyk hyzmaty ulgamynda bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasyndan, Ukrainadan, Gazagystandan, Eýrandan, Estoniýadan we beýleki ýurtlardan syýahatçylygyň ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişine gatnaşýan ýa-da gatnaşmaga ymtylýan, işewürlik gatnaşyklary ýola goýmaga isleg bildirýän guramalar we kompaniýalar bar. Olardan döwrebap syýahatçylyk senagatyny döretmekde Türkmenistanyň öňdebaryjy hyzmatdaşlarynyň biri – Türkiýe bolup, bu ýurda sergide syýahatçylyk ulgamynyň döwlet edaralary, şeýle hem işewürler düzümleri wekilçilik edýär.

Türkmen topragynyň täsin tebigylygy hem-de gözelligi, milletiň baý taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup, biziň günlerimize çenli saklanyp galan gadymy binagärlik ýadygärlikleri, şeýle hem ýurtda depginli ösýän myhmanhana we şypahana - dynç alyş düzümleri bularyň hemmesi syýahatçylyk ulgamynda ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleriniň uly gyzyklanmasyna öwrüldi. Biziň syýahatçylyk operatorlarymyzyň işläp taýýarlan ugurlary her bir islegi kanagatlandyrmaga ukyply—taryhy söýüjileri hem, gadymyýetiň seýrek gymmatlyklaryna sarpa goýujylary hem, türkmen topragynyň täsin tebigatyna öwrenişmek isleýänler üçin hem, medeni däp-dessurlar, halk adatlary, milli naharlar bilen tanyşmak isleýänler üçin hem, şöhratly ahalteke bedewinde gezim etmek isleýänlere-de ýa-da dag üstüne çykmagyň ýatdan çykmajak täsirleri bilen tanyşmaga hem ähli mümkinçilikler bar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň pikiriçe, Türkmenistan sebitiň hem-de Zeminiň iri syýahatçylyk merkezine öwrülmegi üçin hemme mümkinçiliklere eýedir, Hazaryň kenarynda kemala gelýän iň döwrebap aňrybaş amatly deňiz dynç alyşy bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bolsa iri syýahatçylyk kompaniýalarynyň ünsüni barha özüne köp çekýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda syýahatçylyk senagatyny höweslendirmek we ösdürmek boýunça ägirt uly işler bitirildi, onuň milli ykdysadyýetiň ýokary netijeli pudagyna öwrülmegi üçin binýat döredildi.

Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esasy wezipeler hökmünde bu ulgamyň düzüminiň ykdysadyýetini hem-de durmuş esasyny döwrebaplaşdyrmaklyk, onuň özenini emele getirýän binýat hökmünde tebigy we taryhy-medeni serişdelerini netijeli we aýawly peýdalanmaklyk, dünýä derejesinde ýurdumyzyň özüne çekiji syýahatçylyk abraýyny kemala getirilmeklik kesgitlendi. Hut şu babatda, ýagny abraýy artdyrmak ugrunda soňky ýyllarda tanyşdyryş we habar beriş mahabat işleri işjeňleşdirilýär. Şu işlerde biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralýan forumlar, sergiler hem-de mowzuklaýyn beýleki çäreler öz wezipesini ýerine ýetirýär.

Sergi oňa gatnaşyjylara öz hyzmatlaryny görkezmäge, Türkmenistanyň we onuň sebitleriniň täsin syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, beýleki ýurtlaryň syýahatçylyk senagatynda hem-de myhman kabul etmekde iň täze aýratynlyklary barada möhüm maglumatlary almaga, pudak üçin işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, Watanymyzyň hem-de dünýäniň iş tejribesinde innowasion çemeleşmeleri we işläp taýýarlamalary öňe ilerletmäge mümkinçilik döredýär.

Serginiň pawilonlarynyň 20-sinde Watanymyzyň we daşary ýurt sport guramalarynyň, şeýle hem sport enjamlaryny we lybaslaryny öndürijileriniň önümleri görkezilýär. Olaryň arasynda Ispaniýadan “Žoma”, Italiýadan “Tehnolojim”, Eýrandan “Mizan-azma”, Belarusdan “Ruptur” we beýleki firmalar bar.


Pawilonlaryň köpüsi dürli sport federasiýalarynyň we mekdepleriniň ygtyýaryna berlendir. Olaryň türgenleri bu ajaýyp gözden geçirilişiň dabaraly açylyşynda özleriniň oňat çykyşlaryny görkezdiler. Sport meýdançalarynda Gimnastika mekdebiniň, ýekelikde göreşmek hem-de “Agama” alpinist klubynyň mekdebiniň we beýlekileriň türgenleriniň görkezme çykyşlary boldy.

Türkmen türgenleri tarapyndan sportuň dürli görnüşleri boýunça dürli abraýly ýaryşlarda gazanylan ýokary baýraklaryň täsir galdyryjy görkezilişi aýratyn ünsi çekýär.

Sergi köşgüniň meýdançasy bilim, sport we syýahatçylyk ulgamynda möhüm duşuşyklary, gepleşikleri geçirmek üçin, tanyşlyk we innowasiýa babatda tejribe alyşmak üçin ýere öwrüldi.

Günüň ikinji ýarymynda şu ýerde, maslahatlar zalynda başlanan ylmy maslahat bu gepleşikleriň dowamyna öwrüldi. Onuň umumy mejlisine Ukrainanyň bilim we ylym ministri D.Tabaçnik, “Merkezi Aziýada bilim ulgamynyň özgertmesi” halkara hyzmatdaşlygy boýunça /GIZ/ German jemgyýetiniň taslamasynyň bilermeni Peter Hýubner, Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň rektory, Ermenistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy A.Simonýan, Italiýa Respublikasynyň Pizan uniwersitetiniň häzirki zaman taryhy boýunça professory Anna Kateria Isaaks, Hindistan Respublikasynyň Deli uniwersitetiniň kafedra müdiri Subha Singh, Latwiýa Respublikasynyň Riseba uniwersitetiniň prorektory Ilmars Kreituss, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Ýelken” ýaht-klubynyň baş menejeri Arkyn Pekda /Türkiýe/ gatnaşdylar.

Ertir ylmy maslahat öz işini dowam eder. Onuň bölümler boýunça mejlisleri paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriler. “Berkarar döwletiiň bagtyýarlyk döwründe bilim syýasaty we dünýä tejribesi” diýen at bilen bölümiň işi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde guralar. Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Bilim ulgamynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary” mowzugy boýunça mejlisiň işi geçiriler. “Bilimiň hilini üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde okatmagyň usullarynyň kämilleşdirilmegi” babatdaky meseleler Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçiriljek bölüm mejlisine gatnaşyjylar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylar. “Sport we syýahatçylyk -- sagdyn ýaş nesli kemala getirmegiň möhüm şerti” diýen at bilen bölüm mejlisi Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçiriler.

Bilim, sport we syýahatçylyk pudagynda ýörite synlaýyş üçin diňe bir gözden geçiriliş meýdançasy bolup däl, eýsem-de, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň netijeli guraly bolup hyzmat edýän halkara sergi hem öz işini dowam eder.

Şu maksatlara “Bilim, sport we syýahatçylyk Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergisine we ylmy maslahatyna daşary ýurtly gatnaşyjylaryň paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlar we talyplar bilen däp bolan duşuşyklary hem hyzmat eder. Olaryň çäklerinde türkmen talyplary üçin daşary ýurtlaryň ýokary mekdepleriniň öňdebaryjy mugallymlarynyň, ylymlaryň doktorlarynyň we rektorlaryň ýörite okuwlary geçmekleri hem göz öňünde tutulandyr.

Bilim, sport we syýahatçylyk meseleleri boýunça wekilçilikli forum öz işini 14-nji noýabra çenli dowam eder.