Ï Ýaşlar üçin ruhubelentlik ojagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşlar üçin ruhubelentlik ojagy

view-icon 893
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli ýaşlar teatrynyň döredijilik işgärleri täze ýylda çagalara sowgat boljak “Ýartygulak we Aýazbaba” atly sahnany goýmaklygyň üstünde işleýärler. Indiki ýylyň maý aýyna bolsa beýik türkmen nusgawy şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly” spektaklyny taýýarlaýarlar.

Ine eýýäm on ýyldan gowrak bu teatr türkmeniň beýik serkerdesi Alp Arslanyň adyny göterýär. Teatryň ady we onuň ýaşlar derejesi köplenç oýunlaryň tematiki ugruny kesgitleýär. Bir tarapdan häzirki zaman Türkmenistan, beýleki bir ugurdan bolsa türkmen halkynyň taryhy kökleri. Janlandyrylýan wakalaryň wagt tapawudyna garamazdan, sahnadaky gahrymanlar özleriniň batyrgaý hereketleri bilen tomaşaçylarda gürrüňsiz Watana bolan söýgini berkidýärler.


Dtamaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň teatryň sahnasynda köp ýyllar ýaşan “Nusaý söýgüsi” , Nobatguly Rejepowyň “Gyrat”, Gylyçmyrat Kakabaýewiň “Watan barada üç aýdym”, “Ýurt” atly spektakllary tomaşaçylaryň arasynda uly söýgüden peýdalanýar.

Tomaşaçylara talyplaryň şadyýan durmuşy baradaky sahnalar hem diýseň ýaraýar. Teatryň repertuarynda Nobatguly Rejepowyň “Hakyky aşyk”, “ Ajap zamana geldi”, Gylyçmyrat Kakabaýewiň “Ruhy galkynyş” ýaly häzirki zaman sahnalar tomaşaçylaryň arasynda söýgüden peýdalanýar.

Dramaturglar öz pýesalaryny uly höwes bilen Ýaşlar teatryna berýärler. Sebäbi teatryň artistleri bu pýesaslary sahnada janlandyryp, olara ömür berýärler. Bu teatryň döredijilik ýolbaşçysy Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew. Handurdy Berdiýew Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygynyň şanyna ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmäge goşan saldamly göşandy üçin Türkmenistanyň "Garassyz Tukmenistana bolan beyik soygusi ucin". Ordenine mynasyp boldy. Şu ýyl bu teatryň iki sany artistine, ýagny Gowşutgeldi Daňatarowa “Türkmenistanyň Halk ýazyjysy”, Gözel Çommyýewa bolsa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” hormatly atlary dakyldy.