Ï Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň maslahaty: döwür täze çemeleşmeleri kesgitleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň maslahaty: döwür täze çemeleşmeleri kesgitleýär

view-icon 763
Şu gün Erkin döredijilik mekanynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we neşirýat gullugynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine degişli meselelere bagyşlanan maslahat boldy. Oňa ýurdumyzyň esasy gazetleriniň we žurnallarynyň ýolbaşçylary, redaksiýalaryň, Türkmenistanyň Metbugat merkeziniň işgärleri, “Galkynyş” kitap merkeziniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň we ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri maslahatda garalan esasy meseleleriň birine öwrüldi, şol resmi sapar hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ajaýyp nusgasy bolup durýan türkmen-özbek döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejededigini ýene-de bir gezek äşgär etdi. Bu saparyň dekabryň birinji ýekşenbesinde bellenilýän Goňşokara baýramçylygynyň öňüsyrasynda bolandygyny aýratyn bellemek gerek, bu baýramçylyk türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny alamatlandyrýar. Häzirki döwürde şol däp-dessurlaryň many-mazmuny halkara derejesinde-de giň gerime eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly we takyk ugry ýöretmegi netijesinde Türkmenistanyň daşary syýasatdaky işjeňligi yzygiderli artýar, şol syýasatyň maksady ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekden we onuň dünýädäki at-abraýyny artdyrmakdan, ähli ýurtlar bilen oňyn we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr, bu ýagdaý neşirýat işinde we žurnalistikada hem äşgär bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, duşuşugyň gün tertibine köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi we Türkmenistanyň halkara maglumatlar giňişligine çalt goşulyşmagynyň şertlerinde muny işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler hem goşuldy. Daşkentde beýleki ikitaraplaýyn resminamalar bilen birlikde, Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH) bilen Özbegistanyň Milli habarlar gullugynyň arasynda hyzmatdaşlyk we maglumat alyşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi muňa aýdyň mysal bolup biler. Şeýle hem şu ýylyň dowamynda TDH-niň işgärleri tarapyndan taýýarlanan täze resmi saýtlaryň birnäçesiniň açylmagyny görkezmek bolar.

Maslahatda bellenilişi ýaly,häzirki wagtda ýurdumyzda žurnalistikanyň ösüşiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň täze ideologiýasynyň kemala getirilmegine, milli durmuş –ykdysady strategiýany we daşary syýasy ugrunyň durmuşa geçirilmegine degişli wezipeler bilen baglanyşdyrylýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işinde täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň zerurdygy, döredijilikli gözlegiň we özboluşly çözgütleriň, daşary ýurtly okyjylaryň arasynda Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan içeri we daşary syýasat, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri we oňyn özgertmeler baradaky takyk maglumatlar ýaýradylanda döwrebap tehnologiýalardan, şol sanda Internetden has giňden peýdalanmagyň, dürli dillerde publisistik ýygyndylary neşir etmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň halkara derejesinde täze keşbini kemala getirmek, ata Watanymyzyň dünýäniň köpsanly ýurtlary we guramalary bilen halkara gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny sazlaşykly ösdürmek, takyk maglumatlar esasynda medeni gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek, türkmen halkynyň belent ruhy- ahlak ýörelgelerini we däp-dessurlaryny wagyz etmek bilen bagly işde milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän ornunyň artýandygyny bellediler. Şu jähetden türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara maglumatlar giňişligine goşulyşmagynyň dünýäniň esasy habar beriş agentlikleri bilen netijeli maglumatlaryň alşylmagyny ýola goýmak, halkara žurnalistikasy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek we şu ulgam üçin işgärleriň taýýarlanylyşyny kämilleşdirmek bilen utgaşdyrylmalydygy nygtady.

Ýurdumyzyň durmuşyndaky her bir täze gün, ýetilen her bir sepgit hormatly Prezidentimiziň özgertmeleriniň netijeliliginiň nobatdaky subutnamalary bolmak bilen çäklenmän, ýazyjylaryň – publisistleriň, žurnalistleriň öňünde täze döredijilik wezipelerini goýýar. Şunda häzirki wagtda ýurdumyzda erkin we netijeli döredijilik işi üçin ähli şertleriň döredilýändigi, ýaş zehinleriň höweslendirilmegine we goldaw berilmegine içgin üns berilýändigi, hünär taýdan kämilleşmek, öz ukybyny äşgär etmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn bellenildi. Ýöne öz maksatlarymyzyň belentligini ugur edinilýän sepgitler bilen deňeşdirmek hem-de rowaçlyga we ösüşe tarap ynamly gadamymyzyň badyny peseltmezlik üçin türkmen jemgyýetinde bolup geçýän oňyn özgertmeleri dolulygyna beýan etmek, ýurdumyzyň gazananlaryny we üstünliklerini wagyz etmek boýunça möhüm ähmiýetli wezipäniň öňde durýandygyna düşünmek gerek.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähli işgärleriniň adyndan ýurdumyzyň žurnalistikasynyň diýseň möhüm ähmiýetli wezipeleriniň berjaý edilmegine içgin üns berýändigi we alada edýändigi hem-de hut özüniň işjeň gatnaşýandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Ýygnananlar milli Liderimiziň çagyryşyna ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýynyň has-da beýgeldilmegine, köpsanly döwletler we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan barada halkara derejesinde oňyn oý-pikirleriň döredilmegine, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylanlaryň wagyz edilmegine gönükdirilen göwnejaý iş bilen jogap berjekdiklerine ynandyrdylar.