Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy. Bu medeni çärä gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekilçilikli wekiliýeti ABŞ-a ugradyldy. Ol bir hepdäniň dowamynda Waşingtonda, Nýu-Ýorkda we Albukerkde – Aşgabadyň doganlaşan şäherinde geçiriler. Şol wekiliýete medeniýet we sungat işgärleri, alymlar, döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, žurnalistler girdi.
Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleri medeni-gumanitar ulgamda işjeň ösýän türkmen-amerikan gatnaşyklaryna önjjeýli goşant goşar, türkmen we amerikan halklarynyň ýakynlaşmagyna, olaryň medeniýetiniň özara baýlaşmagyna, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.
Köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşmak, innowasion ösüşiň ileri tutulmagy, şeýle hem iki dostlukly ýurtlaryň halklarynyň birek-birek hakynda has köp bilmek islegi meseleleriň giň topary boýunça döwletleriň mundan beýläk-de netijeli özara gatnaşyklaryna ýardam edýän möhüm şertler bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda türkmen we amerikan alymlary ylmyň dürli ugurlarynda, şol sanda taryh we arheologiýa, medeniýeti öwreniş hem-de etnografiýa babatda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Muzeý we kitaphana işi babatda hünärmenleriň gatnaşyklary giňelýär, bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amerikan hünärmenleri Türkmenistanyň çäklerinde arheologiki barlaglara gatnaşdylar, ABŞ-nyň döwlet departamentiniň “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ABŞ-nyň ilçisiniň gaznasy” atly her ýylky maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen taslamalara goldaw berilýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi tarapyndan hödürlenen taslama şu ýylyň maksatnamasynyň ýeňijisi boldy. Ol Änewdäki XV asyryň özboluşly sungat ýadygärligi bolan Seýitjemaleddin metjidiniň bezeg böleklerini dikeltmegi maksat edinýär.
Türkmen paýtagtynda amerikan maglumatlar-serişdeler merkezi, Mary, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde bolsa şol merkeziň amerikan bölümleri işleýär, olaryň işi ABŞ-nyň bilim we medeni serişdeleri, bu ulgamlarda iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky maglumatlary bermegi maksat edinýär. Amerikanyň wekilleri Türkmenistanda geçirilýän halkara festiwallaryna, sergilerine we ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar.
Soňky ýyllarda medeniýet babatda geçirilýän çäreler, meşhur döredijilik toparlaryny, şol sanda Medeniýet günleriniň çäklerinde alyşmak däbe öwrüldi. 2011-nji ýylyň sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatytynyň San-Diýego we El-Kažon şäherlerinde türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanylan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini ýatlap geçmek ýeterlikdir. Şol Medeniýet günleri jemgyýetçiligiň arasynda giň seslenme tapdy. Bu çäräniň çäklerinde milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, türkmen halylarynyň, şeýle hem häzirki zaman Türkmenistana bagyşlanylan fotosuratlaryň serigisi guraldy. Şonda Kaliforniýa ştatynyň San-Diego we El-Kažon şäherleriniň administrasiýalarynyň baştutanlary tarapyndan bu şäherlerde 31-nji awgusty Türkmenistanyň güni diýip yglan etmek hakynda Jarnama kabul edildi. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň aýdyň nyşany bolup durýar.
2011-nji ýylyň noýabrynda iki ýurduň döwletara hyzmatdaşlygynyň arasynda şanly sene bolan Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanylan Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek üçin medeniýet we ylmy işgärleriň, döredijilik toparlarynyň wekilçilikli wekiliýeti Waşingtona iberildi. 2012-nji ýylyň noýabrynda jogap çäresiniň – ABŞ-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde ýurdumyz Amerikanyň alymlaryny, sazandalaryny, suratkeşlerini, zergärlerini we aşhana sungatynyň ussatlaryny kabul etdi. Meşhur amerikan ýerine ýetirijileriniň we aýdym-saz toparlaryň saparlary, amerikan kinosynyň günleri we beýleki bilelikdäki çäreler uly üstünlik bilen geçirilýär. Mysal üçin, şu ýylyň martynda türkmen paýtagtynda Golliwudyň ýüz ýyllygyna bagyşlanylan amerikan kinosynyň günleri geçirildi. Onuň maksatnamasyna dürli ýyllarda kinoakademiýanyň “Oskar” baýraklary bilen sylaglanan kinolar girdi.
Türkmen wekiliýetiniň Waşingtonda mähirli we ýürekdeş kabul edilmegi medeniýet ulgamynda gatnaşyklaryň artýan depgininiň, Amerikada türkmenleriň özboluşly däp-dessurlaryna we urp-adatlaryna, köptaraply milli medeniýetine ägirt uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Forumyň dabaraly açylyşy ABŞ-nyň kyrkynjy Prezidenti Ronald Reýganyň adyny göterýän Waşingtonda iri bina we ululygy boýunça ýurtda Pentagondan soň ikinji federal bina bolup durýan Halkara söwda merkeziniň binasynda boldy. Bu ýerde maslahatlary , döredijilik çäreleri geçirmek üçin uly merkez ýerleşýär. Häzirki wagtda Ronald Reýgan adyndaky Halkara söwda merkeziniň binasy syýahatçylar üçin “hökmany” ajaýyp ýer bolup durýar, ol ABŞ-nyň işewür merkeziniň “Binagärlik täjiniň düri” diýlip atlandyrylýar.
“Pawilýon” zalynda bolan forumyň dabaraly açylyşyna ABŞ-nyň döwlet departamentiniň, Smitson institutynyň, ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynyň, Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň we beýleki birnäçe diplomatiki wekilhanalaryň, döredijilik intelligensiýasynyň, şäheriň giň jemgyýetçiliginiň, habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem ýangyç-energetika toplumy babatda köp ýyllap Türkmenistanda işläp gelýän Amerikanyň meşhur “Şewron” korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabarany Smitson institutynyň Aziýa medeniýetiniň taryhy maksatnamasynyň direktory doktor Pol Teýlor açdy. Ol myhmanlary mähirli mübärekläp, iki ýurduň medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, halklaryň dostluk gatnaşyklaryny we özara düşünişmegini pugtalandyrmak, tejribe alyşmak we türkmen halkynyň taryhy mirasyny, baý milli däplerini wagyz etmek üçin häzirki çäräniň aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.
Bellenip geçilişi ýaly, ABŞ hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda “açyk gapylar” we dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek syýasatyny işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýär, türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär we olary goldaýar. Dünýäde ynsanerwerlik gymmatlyklarynyň ykrar edilmeginde, jemgyýetiň ruhy taýdan kämilleşmeginde medeni mirasyň orny nygtalyp geçildi.
Bu mesele günüň ikinji ýarymynda Ronald Reýgan adyndaky Halkara söwda merkezinde bolan hem-de beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna bagyşlanylan çäräniň barşynda hem giňden öz beýanyny tapdy. Mälim bolşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça 2014-nji ýylda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden bellenip geçiriler we häzirki wagtda Türkmenistanda bu waka işjeň taýýarlyk görülýär. Biziň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda türkmen topragynyň şöhratly oglunyň hormatyna dürli çäreler geçirilýär, onuň döredijilik mirasy milli we dünýä ruhy genji hazynasynyň aýrymaz bölegi bolup durýar. Waşingtonda “Magtymguly we onuň Türkmenistanyň sungatyna hem-de medeniýetine täsiri” ady bilen geçirilen ylmy maslahat şol çäreleriň biri boldy. Beýik şahyryň şahyrana döredijiliginiň ajaýyp setirlerine halk tarapyndan döredilen milli mukamlary we aýdymlary joşgun bilen ýerine ýetiren türkmen bagşysynyň çykyşy şol maslahatyň özboluşly girişi boldy.
Soňra iki ýurduň alymlary türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyryna bagyşlanylan ylmy maslahatyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň eserlerini mundan beýläk-de öwrenmegiň, olary wagyz etmegiň we dünýäniň beýleki dillerine terjime etmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyrynyň goşgularynyň iňlis dilindäki ýygyndysynyň üstünde iş alnyp barylýar. Täze neşir Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar institutynyň we ABŞ-nyň iri ylmy barlag we bilim merkezi bolan Smitson institutynyň alymlarynyň bilelikdäki işiniň miwesi bolar, muzeý toplumy şol institutyň düzümine girýär. Şahyrana ýygyndy şygyrlaryň 300-den gowragyny, şol sanda uzak wagtlap giň okyjylar köpçüligine belli bolmadyk hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar institutyndan barlagçylaryň yhlasly zähmeti netjiesinde beýleki ýurtlarda hem okyjylar köpçüligine elýeterli bolan eserleri özünde jemlär.
Magtymguly Pyragynyň şahsyýeti türkmen medeniýetniň taryhyny barlaýjylar we edebiýaty öwrenijiler üçin, şol sanda daşary ýurtlular üçin has özüne çekijidir. Türkmen şahyrynyň pelsepewi, ynsanperwer garaýyşlaryna we şahyrana eserlerine barlagçylar aýratyn üns berýärler. Maslahatda edilen çykyşlarda Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň umumymedeni ähmiýeti nygtalyp geçildi. Türkmen alymlary öz amerikan kärdeşlerini Magtymguly Pyragynyň terjimehalyndaky näbelli sahypalar, şahyryň golýazma mirasy hakyndaky habarlar bilen tanyşdyrdylar.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän giň halkara ylmy hyzmatdaşlygy syýasatynyň, Türkmenistanda bolup geçýän, ýurdumyzyň ylmy mekdebini ösdürmäge hem-de ata-babalarymyzyň ruhy mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge, ylmy barlaglary işjeňleşdirmäge ýardam edýän iri möçberli özgertmeleriň uly goruny hem-de oňyn ähmiýetini belläp geçdiler. Alymlar Magtymgulynyň we türkmen medeniýetiniň beýleki görnükli wekilleriniň golýazma mirasyny agtarmakda hem-de öwrenmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Dürli döwletleriň arhiwlerinde we kitaphanalarynda saklanylýan golýazmalar diňe bir aýry-aýry döwletiň ýa-da halkyň baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat medeniýetine degişlidigi bellenip geçildi, şonuň üçin hem olar peýdalanmagyň we ol ý-da beýleki halkyň taryhyny hem-de medeniýetini öwrenýän alymlaryň barlaglarynyň serişdesi bolmalydyr.
Umumadamzat ruhy gymmatlyklar mynasybetli türkmen nusgawy edebi mirasyny barlamagyň möhüm meseleleri, medeniýetleriň özara täsir etmeginiň meseleleri alymlaryň gatnaşyklarynyň merkezinde boldy. Çykyş eden amerikan hünärmenleri Magtymgulynyň döredijiligi türkmen edebiýatyna dünýä derejesinde şöhrat getirdi, asyrlaryň geçmegi bilen Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bütin dünýäde millionlarça adamlaryň ýüregini tolgundyrýar, sebäbi olarda umumadamzat ruhy - ahlak gymmatlyklary öz beýanyny tapdy diýip bellediler. Bu babatda ynsanperwer şahyryň eserlerini dünýäniň dürli dillerine terjime etmek boýunça gyzyklanylyp pikir alşyldy.
Şu gün ylmy maslahatyň işiniň barşynda türkmen we iňlis dillerinde ýaňlanan şahyryň şygyr setirleri Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ajaýyp şahyranadygynyň we haýran galmaly sazlaşyklydygynyň beýany boldy. Bu ýere ýygnananlaryň biragyzdan gelen pikirine görä, Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleriniň çäklerinde alymlaryň häzirki duşuşygy halkara ylmy we medeni gatnaşyklary ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga öz mynasyp goşandyny goşmak bilen, Magtymguly Pyragynyň durmuş we döredijilik ýoly hakyndaky bilimleri we düşünjeleri ep-esli giňeltdi.
Ylmy maslahata gatnaşyjylar onuň jemini jemläp, ylym we medeniýet babatda mundan beýläk-de ýakyndan hem-de netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy baradaky pikiri aýtdylar.
Iki ýurduň alymlarynyň duşuşygy tamamlanandan soň amerikan tomaşaçylaryna akyldar şahyryň ömri, milli we bütindünýä medeni mirasynyň ruhy hazynasyna goşan görnükli goşandy hakynda gürrüň berýän kinolenta hödürlendi.
Medeni çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Türkmenistanyň meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, sazandalarynyň, şöhrat gazanan tans toparlarynyň çykyşlary onuň maksatnamasyny düzdi. “Dokmaçylar” halk döredijili toparynyň we tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde “Türkmen güneşiniň nurundan salam” atly edebi sazly çykyş konserti açdy.
Däp bolan halk saz gurallary dutarda we tüýdükde ýerine ýetirilen mukam türkmen topragynyň mährine we nuruna çaýyldy.
Biziň ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary bolan “Meňli”, “Näzli” we “Aşgabat” döredijilik toparlary tarapyndan hödürlenen özboluşly tans çykyşlarynda gelşiklilik we gözellik, başarjaňlyk hem-de ruhubelentlik görkezildi. Sazandalaryň çykyşlarynda dünýäniň saz medeniýetiniň taryhyna ajaýyp sahypalary ýazan türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy.
Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen görnükli amerikan kompozitory, pianinoçysy we dirižýory Leonard Bernstaýynyň özüne çekiji saz eseri tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. Ýaş türkmen aýdymçylarynyň özboluşly ýerine ýetirmeginde türkmen we amerikan aýdym-saz sungatynyň nusgawy eserlerinden parçalar ýaňlandy.
Tomaşaçylar türkmen baýramçylyklaryna mahsus bolan ajaýyp özboluşly urp-adatlary görmäge mümkinçilik aldylar. Gadymy “Küştdepdi” türkmen tansy aýratyn ruhubelentlik bilen garşylandy.
Türkmen we amerikan halklarynyň dostlugyny wasp edýän aýdym-sazly we tansly çykyş baýramçylygy tamamlady. Onuň joşgnuly owazy astynda konserte gatnaşyjylaryň hemmesi sahna çykdylar.
Türkmen aýdym-sazlarynyň adaty bolmadyk owazlylygy, milli tanslaryň özüne çekijiligi, ýerine ýetirijileriň kämil we joşgunly çykyşyna haýran galan tomaşaçylar özlerine türkmen sungaty bilen täsin we unudylmaz duşuşygy eçilen artistlere şowhunly el çarpdylar.