Ï Ylmy guramalary ösdürmegiň hukuk binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylmy guramalary ösdürmegiň hukuk binýady

view-icon 8914
Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýakynda kabul edilen “Ylmy edaralar hakynda” Kanun ylmy edaralaryň innowasion we önümçilik işlerine gatnaşmaga, ylmy işleriň netijeleriniň kommersializasialaşdyrmagyna şertleri döredýär.

Täze Kanun ylmy edaralaryň hukuk ýagdaýyny, maksatlaryny,wezipelerini, ygtyýarlyklaryny, olaryň görnüşlerini, ylmy edaralaryň işleriniň döwlet tarapyndan sazlaşdyrylmagyny kesgitleýär. Özleriniň ustaw wezipelerini çözmek üçin ylmy edarlar giň ygtyýarlyklara alýarlar. Olaryň arasynda innowasion tehnologiýalary ösdürmek üçin döredilýän şertler aýratyn ähmiýete eýedir. Olara tejribe-synag barlaghanalaryny, ylmy-önümçilik merkezlerini döretmek degişlidir. Olaryň kömegi bilen ylmy edaralar ylmy işler esasynda döredilen önümlerine bolan hukuklaryny amala aşyryp bilerler.

Intellektual işleriniň netijelerine hukuk berýän resminamalary hasaba almaga we almaga ylmy işgärlere goldaw bermek, şeýle hem olaryň awtorlyk hukuklaryny goramak uly ähmiýete eýedir. Ylmy edaralar ylmy oýlap tapmalaryň we açyşlaryň netijelerini kommersializasilaşdyrmagynda işi alyp barmagy döretmäge ýa-da ylmy jemgyýetleriň, asssosiýasiýalaryň, birleşmeleriň, kärhanalaryň, paýdarlar jemgyýetleriň we beýleki innowasion jemgyýetleriň we bilelleşikleri agzalary bolmaga hukulydyr.

“Ylmy edaralar hakynda” Kanun diňe bir döwlet ylmy edaralaryny ösdürmek üçin hukuk binýadyny döretmän, eýsem ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşiklerini, jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy edaralarynyň nukuk binýadyny hem döredýär. Ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşigi ylmyň we tehnikanyň geljegi uly bolan ugurlaryny maksatlaýyn ösdürmegiň, anyk ylmy barlaglaryň geçirilmegine ylmy güýçleri jemlemegiň, ylmy barlaglary guramagyň we geçirmegiň, ylmy bilimlerini we tejribesini alyşmagyň, ylmy işgärleriň hünär bähbitlerini goramagyň wezipelerini çözmek maksadynda, ylmy bähbitleriň umumylygy esasynda birleşen ylmy işgärleriň başlangyjy boýunça döredilen, meýletin, öz-özüňi dolandyrýan, täjirçilik däl birikmesidir.

Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşiklerini ylym we tehnika babatda kararlaryň taslamalaryny taýýarlamaga, ylmy seljermeleri geçirmäge, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän ylmy-tehniki maksatnamalaryň we taslamalaryň ýerine ýetirilmegine bäsleşik esasynda çekip bilerler. Jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy edaralary döretmäge bolan hukugy olaryň esaslandyryjy resminamalarynda berkidilen bolmalydyr. Jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy edaralarynyň işi olaryň esasy maksatlarynyň we wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly bolmalydyr.

Bu kanunyň möhüm maksady hem Ylmy edaralar eýeçilik baradaky kanuna laýyklyda görnüşlere salmakdan, olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerinden, olaryň ylmy işlerini durmuş-ykdysady ösüşiň toplumlaýyn meseleleriniň ählisi bilen olaryň ylmy işleriniň jemlerini kommersiýalaşdyrmak maksadyndan ybarat bolup durýar. Meselem, ylmy adara döwlet ylmy edarasynyň hojalyk jemgyýetini döredip biler, paýdarlar ylmy jemgyýetine gatnaşyjy bolup biler, bilelikdäki ylmy edarany, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hem döredip biler

Kanunyň ýörite maddalary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna bagyşlanandyr.Ylymlar akademiýasynyň ygtyýarlyklary we ony maliýeleşdirmek, döwlet häkimiýet we dolandyryş edarlary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş, ýuridiki we fiziki şahslar bilen özara hereketi ilkinji sapar kanuny taýdan berkidilendir. Şeýlelik bilen, Kanun Ylymlar akademiýasynyň özara gatnaşyklarynyň we olary amala aşyrmagyň kadalarynyň ähli ugurlaryny beýan edýär. Şeýlelik bilen, ýurduň baş ylmy merkeziniň ylmy guramalar ulgamyndaky orny kesgitlenýär.

“Ylmy edaralar hakyndaky” Kanun – ylmy edarlara özleriniň ylmy wezipelerini amala aşyrmaga goldaw berýän, olaryň häkimiýet we jemgyýetçilik guramalary bilen özara gatnaşygyny sazlaşdyrýan, innowasion taýdan ösmek üçin täze mümkinçilikleri açýan, häzirki zamanyň önümçiligine ilmy işleriň netijelerini ornaşdyrýan möhüm hukuk enjamy bolup durýar.