Botanika bagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň hünärmenleri bilen ýakynda Awazada “Türkmenistanda biotehnologiýalaryň ösüş ýollary” ady bilen geçirilen Halkara maslahatyna Russiýa Federasiýasynyň, Ispaniýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Ylmy-barlag institutlaryndan we ýokary okuw mekdeplerinden gelen wekiller bilen duşuşyk geçirildi.
“Tegelek stoluň” başyna ýygnanlar dürli ýurtlaryň ylmy merekzleriniň işlerini beýan etdiler, tejribe alyşdylar, bilelikdäki işiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ösümlikleri toparlara bölmek, tohumçylyk bankyny alyp barmak, oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we agritehnikasy, hususanda, gowaçanyň, mineral dökünlerini az mukdarda ulanmak ýa-da düýbünden olarsyz ösdürilip ýetişdirlýän ekinleriň hasyllylygyna toprak mikroorganizmleriň-antagonistleriň täsiri ýaly meselelere garlyp geçildi.
Daşary ýurtly myhmanlar Botanika bagyna, onuň ýyladyşhanalaryna we gülhanalaryna syýahat etdiler, gülçülik barlaghanasyna, tropiki we subtropiki ekinlere, ýerli flora, dendrologiýa baryp gördüler. Botanika institutynyň bu ýerdäki genetika, molekulýar biolgiýa we biotehnologiýa barlaghanalarynyň çäklerinde biotehnologiýanyň geljegi, ekinleriň öýjüklerini öwrenmek, ösümlikleri mikriklonirlemek, olaryň seýrek duş gelýänleriniň klon seçgisigini geçirmek ulgamynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmeegiň ýollary barada düýpli gürrüň geçirildi.
Barlaghananyň uly ylmy işgäri Dariko Kelehsäýewiň belleýşi ýaly, ösümlikleri mikroklonirlemek – olary wegetatiw taýdan köpeltmegiň öňödebaryjy tehnologiýasydyr, ol çüýşe gapjagazdan akýan we ýokary hilli hem-de genetiki taýdan birmeňzeş, wirussyz ekilýän materialy almaga şertleri döredýär. Şeýle usul seçgi işlerini geçirmegiň möhletlerini azaltmaga, ýylyň dowamynda işleri alyp barmaga, şunlukda ol ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdanlaryny tygşytlamaga şertleri döredýär.