Warşawa sirkiniň oýunlaryny täze ýyl baýramçylygynyň baýram edilýän günlerinde geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa bu baýramçylygyň dabarasynyň dürli öwüşginlerini has hem artdyrar. Polşaly ussatlaryň çykyşlarynyň mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerinde geçirilmegi ýaşajyk türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgat bolar.
Ýurduň çagalarynyň, ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň gyzykly medeni dynç almaklary üçin täze ýyl baýramçylygyna mazmuna baý maksatnama taýýarlanylýar. Onuň çäklerinde ýurduň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary, sahna oýunlary we beýleki medeni çäreler geçiriler.
Daşary ýurtly artistleriň, şol sanda meşhur estarda aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň hem, çykyşlary türkmenistanlylara beýleki ýurtlaryň saz sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri açýar. Şeýlelik bilen, geçirilýän bu medeni çäreler halkara medeni gatnaşyklaryny berkitmäge hem hyzmat eder.