Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam etdi.
Düýn Ronald Reýgan adyndaky Halkara merkezinde forumyň açylyş dabarasy boldy hem-de amerikan märekesinde uly gyzyklanma döreden çäreleriň toplumy geçirildi. Joşgunlylyk iki ýurduň halklarynyň medeniýet esasynda mundan beýläk-de ýakynlaşdyrylmagyna ýardam bermek üçin guralan çäräniň üstünlikli geçirilendigini aňladýan möhüm ýagdaýdyr. Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günlerini guraýjylar, oňa gatnaşyjylar we tomaşaçylar öz gürrüňlerinde bilelikdäki medeni çäräniň çäklerinde bolup geçýän wakalaryň uly täsir galdyrýandygyny biragyzdan belleýärler, şol wakalar özboluşly türkmen medeniýetiniň taryhy kökleriniň çuňňurlygyny hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe onuň ösüşiniň aýratynlyklaryny we batly depgin bilen ösüşini äşgär edýär, şol ösüş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen şertlendirilendir.
Şu günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet ABŞ-nyň Döwlet departamentinde kabul edildi. Bu ýerde geçirilen duşuşyklaryň barşynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň oňyn “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirmegi bilen baglylykda, gumanitar ugur boýunça türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň jähetleri, döredijilik we ylym boýunça alyş-çalyşlary amala aşyrmagyň, bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, iki ýurduň taryhy-medeni mirasyna degişli binalary we desgalary aýawly saklamak, şol sanda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “ABŞ-nyň ilçisiniň medeni mirasy aýawly saklamak boýunça gaznasy” atly her ýyldaky maksatnamasynyň çäklerinde täze taslamalary amala aşyrmak boýunça iki ýurduň özara arkalyşykly hereket etmegine degişli meselelere garaldy. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekilleri 2014-nji ýylda Türkmenistanda medeniýet ulgamynda geçiriljek uly halkara çärelerine gatnaşmaga çagyryldy.
Şu gün türkmen medeniýetiniň ABŞ-daky günleriniň maksatnamasynyň çäklerinde Amerikanyň paýtagtynyň belli medeni we işewür merkezi hasaplanýan “Meridian” halkara merkezinde açylan “Magtymgulynyň watanynyň sungaty” atly sergä gelen köpsanly adamlarda türkmen sungatynyň özboluşlylygy uly täsir galdyrdy. Türkmen ekspozisiýasynyň açylyş dabarasyna ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň, “Meridian” halkara merkeziniň, Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň, Amerikadaky beýleki diplomatik wekilhanalarynyň birnäçesiniň, “Şewron” kompaniýasynyň wekilleri, alymlar, döredijilik intelligensiýasy, türkmen sungatynyň amerikaly köpsanly muşdaklary gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar Amerikada üstünlikli geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary syýasatynyň üstünlige ýetirýändigini, iki ýurduň we halklaryň däbe öwrülen medeni gatnaşyklarynyň giňeldilmegini hem-de netijelilige we uzakmöhletleýinlilige mahsus ýörelgelere laýyklykda guralyp, soňky ýyllarda täzeden badalga berlen türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny maksat edinýändigini görkezýän ýene-de bir subutnama bolup durýandygyny bellediler. Giň manysy, ählumumy-taryhy we pelsepewi ähmiýeti boýunça medeniýetiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletini mundan beýläk-de ösdürmekde ileri tutulýan esasy ugurlaryň hatarynda durýandygy nygtaldy.
“Meridian” halkara merkeziniň zallarynyň birinde guralan sergide Türkmenistanyň Baş milli muzeýine degişli gymmatlyklar: ajaýyp haly we zergärçilik önümleri, milli geýimiň nusgalary, el işleri, gobelenler we başga-da birgiden zatlar, şeýle hem ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýi tarapyndan hödürlenen häzirki zaman türkmen suratkeşleriniň we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleri, Türkmenistanyň neşir önümleri görkezildi.
Serginiň aýratyn bölümi beýik türkmen şahyry, akyldar Magtymguly Pyraga bagyşlanypdyr. Forumyň birinji gününde ylmy maslahatyň çäklerinde onuň döredijiligi barada pikir alşyldy. Türkmen halkynyň öz ajaýyp nusgawy şahyryna çäksiz hormat goýýandygy, minnetdardygy we buýsanýandygy nygtaldy.
Türkmen sazandalarynyň çykyşlary Türkmenistanyň milli sungatynyň sergisine özboluşly öwüşgin çaýdy.
Şu ýerde Smitson institutynyň täze neşiri – “Türkmenistan: Magtymgulynyň watanynyň sungaty” atly kitap – katalog bilen tanyşdyryş çäresi boldy. Göwnejaý bezelen neşirde türkmen sungatynyň dürli görnüşleri, şol sanda milli saz, zergärçilik, halyçylyk, häzirki döwürdäki şekillendiriş sungaty we beýlekiler baradaky maglumatlar ýerleşdirildi. Kitabyň aýratyn bölümi Magtymguly Pyragynyň ilkinji gezek iňlis diline terjime edilen goşgularynyň onusyndan ybaratdyr.
Ýeri gelende aýtsak, Waşingtonda, ABŞ-nyň kongresiniň 1800-nji ýylda esaslandyrylan we häzirki döwürde dünýäde 120 milliondan gowrak kitaplary, gazetleri we žurnallary, fotosuratlaryň 12 millionyny, kartlaryň 5 milliona golaýyny hem-de golýazma sahypalaryň we notalaryň 57 millionyny özünde jemläp, dünýäde iri maglumatlar merkezi hasaplanýan kitaphanada türkmen neşirleri hem az däl. Olaryň arasynda ylmy, edebi we beýleki çeşmeler hem-de Türkmenistan baradaky döwrebap neşirler bar. Bulara ýurdumyzyň wekiliýeti tarapyndan amerikaly kärdeşlere we dostlara sowgat berlen täze kitaplar, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri, “Türkmenistan: Magtymgulynyň watanynyň sungaty” atly kitap-katalog hem-de türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar taryhy we medeniýeti barada gürrüň berýän neşirler girýär.
Ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň we sungat ussatlarynyň konsertdäki çykyşlary milli sungatyň gözbaşlaryny we häzirki ýagdaýyny äşgär edýär. Türkmen bagşylarynyň çykyşlary aýratyn gyzyklanma döredýär, türkmen milli sazynyň inçeligi, özboluşlylygy, dutaryň ýakymly owazy, aýdymlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirilişi amerikaly diňleýjilerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Ertir Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleri dowam eder. Döredijilik toparlary Nýu-Ýorka we Aşgabadyň doganlaşan şäheri – Albukerke barar. Bu şäherlerde sergileri we konsertleri, türkmen alymlarynyň, ýazyjylaryň, suratkeşleriň, sazandalaryň, muzeýleriň we kitaphanalaryň işgärleriniň amerikaly kärdeşleri bilen duşuşyklaryny guramak göz öňünde tutulýar.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň şäherleriniň gözel künjekleri bilen tanşar.